Täzelikler

Hazar sebitinde ulag we logistika ulgamynda onlaýn-maslahat geçirildi

20.11.2020
1605894826
«Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň Hazar sebitinde ulag-logistika ulgamynda durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti»...
  • Image
  • Image

Ýurdumyzyň welaýatlarynda baýramçylyk mynasybetli täze binalaryň açylyşlary

19.11.2020
1605811854
Şu gün Gökdepe etrabynda hususy işewürlik ulgamynyň senagat desgasynyň — demir-beton önümlerini öndürýän zawodynyň aç...

Watanymyzyň sebitlerinde baýramçylyk mynasybetli binagärlik açylyşlary

17.11.2020
1605648059
Ýetip gelýän uly baýramçylygyň — Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyn...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

17.11.2020
1605646314
Şu gün göni wideoaragatnaşyk arkaly «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» atly nobatdaky ministrler duşuşygy geçirildi...

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

10.11.2020
16050465041
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürme...
  • Image
  • Image

Türkmen manady — milli ykdysadyýetimizi berkitmegiň wajyp guraly

31.10.2020
1604164187
Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygyna bag...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi

30.10.2020
1604094954
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda Seulda geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk b...

“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty

24.10.2020
1603631435
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV...



“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty


Image

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty (OGT-2020) 2020-nji ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilýär.

Bu halkara maslahaty “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýetiniň we Beýik Britaniýanyň GaffneyCline kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk etmekliginde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan gurnalýar.

OGT (“Türkmenistanyň nebiti we gazy”) halkara maslahaty daşary ýurtly kompaniýalaryň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen ýylba-ýyl geçirilýän uly ähmiýetli çäredir.

Halkara maslahatynyň dowamynda bilermenler dünýäniň ýangyç-energetika pudagyndaky ösüşler we özgermeler babatynda, şeýle hem Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, TOPH gaz geçirijisi, Hazar deňziniň Türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek hem-de gaz-himiýa taslamalarynyň geljegi barada çykyş ederler.

Şonuň ýaly-da häzirki döwürde Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda alnyp barylýan wajyp taslamalar hakynda maslahata gatnaşyjylara maglumat bermek hem-de tejribe alyşmak üçin giňişleýin sessiýalar geçiriler.

Bu halkara maslahatyna Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.

OGT-2020 tazeçe usulda gurnalyp, halkara maslahatyna adaty tertipde gatnaşmak bilen bir hatarda “Zoom Professional” platformasy arkaly dünýäniň 70-den gowrak ýurdundan onlaýn görnüşde gatnaşyp bolar. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar hem (adaty we onlaýn) gatnaşyjylar üçin şeýle görnüşde gurnalar.

OGT-2020 halkara maslahaty barada giňişleýin maglumaty www.ogt-turkmenistan.com Internet saýtyndan, şeýle hem info@turkmen-forum.com e-poçta ýa-da +993 12 920399 telefon belgisi boýunça habarlaşmak arkaly alyp bilersiňiz.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm