Portaly ulanyjylaryň ylalaşygy
Şu Ylalaşyk Döwletiň iş bilen üpjünçilik gullugynyň portalyny (mundan beýläk – DIÜG portaly) ulanmagyň düzgünlerini, DIÜG portaly Ulanyjylaryň borçlaryny kesgitleýär. Bu Ylalaşygy kabul edip, Ulanyjy Ylalaşygyň şertleri bilen gürrüňsiz razylaşýandygyny mälim edýär we ony berjaý etmäge borçlanýar.
Ylalaşygy berjaý etmegiň maksady – bu DIÜG portalynyň hyzmatlaryny peýdalanýan ulanyjylaryň arasynda işewür we hoşniýetli gurşawy emele getirmekden ybaratdyr.
Awtorizasiýa — Ulanyja autentifikasiýalaşdyrma laýyklykda belli bir hukuklaryň we ygtyýarlyklaryň berilmegi.
Aktiwleşdirmek —Ulanyjynyň programmany dolandyrmagyň elementlerine (düwmeler, çykgytlar we ş.m.) täsir etmesi, olar programma buýruklary bermäge mümkinçilik berýär.
Autentifikasiýa — DIÜG portalynyň maglumat binýadynda ýatda saklanan loginiň we açarsözüň laýyklygyny barlamak, autentifikasiýalaşdyrmak subýektiň hakykylygynyň tassyklanmagyny üpjün edýär, ýagny hödürlenen adyň şol subýekte laýyk gelýändiginiň subutnamasy.
Wakansiýa — boş iş orny we ornuna bellenmedik boş wezipe.
Login — Ulanyjynyň şahsy hasap ýazgysy üçin döredýän dürli görnüşdäki ady.
TZ we IDTG — Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi.'
Iş beriji — kanun esasynda işgär bilen zähmet şertnamalaryny baglaşmak we ýatyrmak hukugy berlen ýuridiki şahs.
DIÜG – etraplaryň zähmet we iş bilen üpjünçilik bölümleri, welaýatlaryň zähmet we iş bilen üpjünçilik müdirlikleri.
Ulanyjy – belli bir wezipäni ýerine ýetirmek üçin, hereket edýän ulgamy ulanýan şahs.
Teswirlemeler – ulanyja berlen hukuga laýyklykda, ulgamyň maglumatlar binýadynda saklanyp galan, soňra ulanyja seretmek we saýlamak üçin elýeterli bolýan maglumatlar.
Rezýume – raýat işe kabul edilende talap edilip garalýan, iş tejribesi, endikleri, bilimi we beýleki işe degişli maglumatlary özünde jemleýän resminama.
Şahsy hasap ýazgysy – ulanyjynyň DIÜG-nyň portalyna özi barada habar berýänligi barada maglumatlary saklaýan ýazgy.
2.1. Döwletiň iş bilen üpjünçilik gullugynyň portalynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak hem-de maglumatlary ýerleşdirmek üçin ulanyjy şulara borçludyr:
- Bellige almaklygyň görnüşindäki soraglar boýunça şahs hakynda dogry we doly maglumaty bermeklik üçin bellige almaklygyň kadasyny geçmeli.
- Şahsy otagda bu maglumaty talaba laýyk ýagdaýda saklamaklyk.
2.2. DIÜG-nyň Portaly nädogry maglumat berilen ýagdaýynda ulanyja öz hyzmatlaryndan peýdalanmaklygy togtatmaklyga ýa-da/we ret etmeklige hukugy bar.
2.3. Bellige almaklygyň tertibi
DIÜG-nyň Portalynda hususy şahslar iş gözleýän hökmünde bellige alynýarlar.
Iş gözleýän hakyndaky maglumat türkmen ýa-da rus dillerinde doldurylýar.
Her bir iş gözleýän DIÜG-niň portalynda diňe bir gezek bellige alynyp biliner.
Bellige alnanda şahsy familiýaňyzy we adyňyzy doly hem dogry görkezmeklik hökmanydyr. Lakam ýa-da toslama at, ýalňyş maglumatlary ýa-da doly bolmadyk maglumatlary görkezmeklik gadagandyr..
2.4. Bellige almaklygy bes etmek
Ulanyjy tarapyndan öz şahsy kabinetini ýok etmeklige bolan hukuk saklanyp galmak bilen, portaldaky bellige alynanlygy baradaky maglumaty aýyryp bilýär.
Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynyň ýa-da ylalaşygyň bozulan halatynda ulanyjynyň bellige alynmaklygynyň hereketi bes edilýär we portalda oňa degişli bolan maglumatlar ýok edilýär.