Täzelikler

Ylma daýanmak — Türkmenistany innowasion taýdan ösdürmegiň ugry

25.02.2020
1582654894
Ýurdumyzyň ylmyny hil taýdan täze, ösüşiň dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň net...

Sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda

24.02.2020
1582573320
Dubaý şäherinde (BAE) 24-nji fewralda açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» halkara roud – şüweleňine dünýäni...
  • Image

Telekeçiligi goldamak - ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm şerti

23.02.2020
1582480306
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji fewralynda geçirilen me...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

21.02.2020
1582225800
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň n...

Adam hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi

19.02.2020
1582128717
Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçn...

Parahatçylyk döredijilik Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň esasydyr

18.02.2020
1582050329
Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe ga...
  • Image
  • Image

Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

17.02.2020
1581963023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Somali Fede...

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

15.02.2020
1581786230
Şu gün Yzgant obasynda 2019-njy ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Gökd...
  • Image
  • Image



ZÄHMET GATNAŞYKLARY KÄMILLEŞDIRILÝÄR


Adam baradaky alada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan durmuş syýasatynyň özenini emele getirýär. Çünki «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanýan döwlet syýasatynyň netijeleri zähmet çekýän raýatlarymyzyň hukuklaryny we bähbitlerini goramakda öz aýdyň beýanyny tapýar. 2017-nji ýylyň 8-nji dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň 501 belgili Karary bilen tassyklanan «Zähmet depderçelerini bermegiň, ýöretmegiň we saklamagyň tertibi», zähmet depderçesiniň täze nusgasy ýurdumyzda zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, olary bazar ykdysadyýetiniň şertlerine laýyk getirmek boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilen bu täze tertip ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda işleýänleriň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini üpjün etmäge, ýurdumyzda zähmet bilen bagly meseleleriň bir ulgamdan dolandyrylmagyna ýardam berer.


Zähmet çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary kämilleşdirmek, olary döwrüň bildirýän talaplaryna laýyk getirmek meselesi döwlet baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. 2017-nji ýylyň 23-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli Liderimiziň zähmet gatnaşyklary babatynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, şol sanda zähmet işi hakyndaky maglumatlary ýöretmegiň tertibini kämilleşdirmek hakyndaky beren tabşyrygy bu ugurda alnyp barylýan özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.


Hormatly Prezidentimiziň şu tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň, şeýle hem işgärleriň zähmet işi hakyndaky maglumatlaryny ýöretmegiň tertibini kämilleşdirmek bilen bagly Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleriň girizilendigi aýratyn bellärliklidir.


Häzirki döwürde ýurdumyzda hojalygy ýöretmegiň dürli görnüşleriniň ýüze çykmagy zähmet gatnaşyklaryna hem öz täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda zähmet gatnaşyklary çygrynda işgäriň geçýän zähmet ýoluny hasaba almak meselesi öz wajyplygy bilen tapawutlanýar. Çünki zähmet şertnamasynyň baglaşylmagy ýa-da onuň hereketiniň bes edilmegi zähmet depderçesinde beýan edilýär. Şeýle-de zähmet depderçesi işgär barada şahsy maglumatlary, zähmet ýoly, bilimi, hünär derejesi, gulluk basgançagy boýunça ösüşi, zähmete gatnaşygy, ýagny sylaglanmalar we höweslendirmeler hakynda maglumatlary özünde jemleýär. Zähmet depderçesiniň işgäriň zähmet işi hakyndaky we onuň zähmet ýoly baradaky esasy resminama bolup durýandygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, eger iş (gulluk) işgär üçin esasy bolsa, iş beriji kärhanada bäş günden köp işlän her bir işgäre zähmet depderçelerini ýöretmäge borçludyr.


2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilmegi bellenilen bu tertipde zähmet depderçeleri bilen iş berijileri haýsy edaranyň üpjün edýändigi we onuň nähili tertipde amala aşyrylýandygy baradaky anyk maglumatlar bellibir derejede okyjylarymyzy gyzyklandyrýan sowallaryň birnäçesine jogap tapmaga mümkinçilik berer.


Kabul edilen tertipde zähmet depderçesini bermegi bir ulgamdan dolandyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, olar boýunça ygtyýarlyklar Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine degişlidir. Has takygy, zähmet depderçäni (onuň içligini) ýasatmak, olar bilen iş berijileri üpjün etmek wezipesiniň Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine berkidilendigi aýratyn bellärliklidir.


Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklarynyň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzda guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň hereket etmegini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda täze tertip boýunça olaryň zähmet depderçesi bilen üpjün edilişine birnäçe täzelikleriň girizilendigini aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Ýagny Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi zähmet depderçeleri (olaryň içlikleri) bilen üpjün etmegi ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýüztutmalary esasynda amala aşyrýar. Döwlete dahylly bolmadyk ýuridiki şahs bolup durýan iş berijileri hem-de zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri zähmet depderçeleri (olaryň içlikleri) bilen Ministrlik welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleriniň sebit boýunça zerur bolan sany baradaky ýüztutmalary esasynda üpjün edýär.


Häzirki döwürde milli ykdysady kuwwatymyzy pugtalandyrmakda hususy telekeçilige aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminde telekeçiligiň paýynyň ýyl-ýyldan artmagy , bir tarapdan, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň ýokarlanmagyna öz oňyn täsirini ýetirýän bolsa, beýleki tarapdan, ol bu ulgamda ösdürilýän zähmet gatnaşyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýär. Hususan-da, hususyýetçilikde işleýän raýatlarymyzyň zähmet hukuklarynyň we bähbitleriniň mundan beýläk-de goralmagyny üpjün etmek meselelerine uly ähmiýet berilýär.


2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslaryň, şeýle hem olarda we aýry-aýry adamlaryň öý hojalygynda zähmet şertnamasy esasynda işleýän adamlaryň zähmet depderçelerini resmileşdirmek, ýöretmek we saklamak bilen baglanyşykly täzelikler girizilýär. Täze tertibe görä bu wezipe Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň etraplardaky, etrap hukukly şäherlerdäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümlerine geçirilýär. Ýagny işgärleriň zähmet depderçeleri ýuridiki şahs bolup durýan iş berijileriň özlerinde, hususy telekeçileriň özleriniň zähmet depderçeleri we hususy telekeçi bolup durmaýan fiziki şahslarda işleýän işgärleriň zähmet depderçeleri Ministrligiň ýerlerdäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümlerinde, hususy telekeçiler bilen zähmet gatnaşyklarynda bolan işgärleriň zähmet depderçeleri bolsa hususy telekeçilerde saklanýar.


Zähmet depderçesiniň täze nusgasynyň girizilmegi okyjylarymyzda onuň köne nusgasy bilen baglanyşykly birnäçe soraglaryň ýüze çykmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda häzirki döwürde işleýänler üçin köne nusgadaky zähmet depderçeleriniň öňki tertipde ýörediljekdigini, ýöne 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, zähmet şertnamasyny ilkinji gezek baglaşýanlaryň zähmet depderçeleriniň täze nusga esasynda resmileşdiriljekdigini bellemek zerurdyr.


Şeýle-de täze tertipde işgäriň zähmet depderçesini ýitiren hem-de (ýa-da) onuň ulanmaga ýaramsyz ýagdaýlarda öwezligini bermek hem göz öňünde tutulýar. Hususan-da, zähmet depderçesi (onuň içligi) ýitirilen halatynda ony ýitiren adamyň bu barada haýal etmän soňky işlän ýeri boýunça iş berijä habar bermegi zerurdyr. Habar edilenden soň, 15 senenama gününden gijä galynman iş beriji işgäre birinji sahypasynyň ýokarky sag burçunda «öwezlik» diýen ýazgyly täze zähmet depderçesini (onuň içligini) resmileşdirýär.


Eger zähmet depderçesi (onuň içligi) ulanmaga ýaramsyz (ýanan, ýyrtylan, çyrşalan we beýlekiler) bolsa, işgäriň iň soňky iş ýeri boýunça iş beriji oňa zähmet depderçesiniň (onuň içliginiň) öwezligini resmileşdirýär. Has takygy, zähmet depderçesiniň ýitirilen ýa-da zaýalanan ýagdaýynda onuň öwezligi ýuridiki şahs bolup durýan iş berijilerde işlänlere şol iş berijiler tarapyndan, telekeçileriň özlerine hem-de telekeçilerde we beýleki şahsy taraplarda işlänlere bolsa ýerlerdäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary tarapyndan berilýär. Şunda, ulanmaga ýaramsyz bolan zähmet depderçesiniň birinji sahypasynda «Ýerine öwezlik berildi» diýen ýazgy ýazylýar we ol eýesine gaýtarylyp berilýär.


Täze tertibe laýyklykda zähmet depderçesiniň öwezligi resmileşdirilende işgäriň soňky iş ýerinde onuň işi hakyndaky maglumatlar ozal çykarylan buýruklaryň we beýleki resminamalaryň esasynda zähmet depderçesiniň öwezliginiň ähli bölümlerine ýazylýar. Mundan başga-da zähmet depderçesiniň öwezligi resmileşdirilende zähmet depderçesiniň eýesiniň ozal haýsy iş berijide, haýsy döwürlerde we haýsy wezipelerde işländigi baradaky maglumatlar hem täze Tertibe laýyklykda ýazylýar.






06.01.2018 - «Watan» gazeti