Täzelikler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

28.05.2020
1590686272
Şu gün Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri wideomaslahat görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gu...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

27.05.2020
1590609909
Şu gün Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň «Total» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Stefan Mişel bilen wideoara...

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

27.05.2020
1590610829
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň h...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

26.05.2020
1590518888
Şu gün Daşary işler ministrliginde german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň müdirliginiň başlygy Oliwer Hermes we ...

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi

25.05.2020
1590436864
Şu gün paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurban...
  • Image
  • Image

Bitarap Watanymyz — Türkmenistanyň şanyna baýramçylyk konserti

18.05.2020
1589830288
Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyz...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Döwlet söwda ulgamyny sanlaşdyrmak boýunça taslama durmuşa geçirilýär

16.05.2020
1589808210
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň Tehnologiýalar merkeziniň we «Agzybirlik Tilsimaty...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat

15.05.2020
1589569550
Şu gün BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda onlaýn görnüşde BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň hemişe...



ZÄHMET KANUNÇYLYGY — DURMUŞ GORAGLYLYGY


Image

Mary welaýat medeniýet köşgünde welaýat zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, welaýat kazyýeti, TKA-nyň welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komiteti tarapyndan “Zähmet kanunçylygy – durmuş goraglylygy” ady bilen wagyz nesihat maslahaty guraldy. Oňa Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň jogapkär wekilleri, welaýat kazyýetiniň, TKA-nyň welaýat, etrap, şäher birleşmesiniň, welaýat, etrap zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralarynyň TSTP-niň welaýat komitetiniň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahaty welaýat zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň başlygy Berdimyrat Gurdow alyp bardy. Maslahatyň dowamynda zähmet kanunçylygyny halk köpçüligine giňden düşündirmeklige bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň jogapkär işgäri Berdimyrat Çaryýew, welaýat kazyýetiniň şikaýatlar we arzalar boýunça bölüm başlygy Jora Durdalyýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň işgäri Durdymyrat Ataýew, welaýat zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň başlygynyň orunbasary Merdan Baýramdurdyýew hem-de zähmet bölüminiň başlygy Döwlet Atdaýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bölüm başlygy Sapar Atabaýew çykyş etdiler.

Mary welaýatynda ilatyň iş bilen üpjünçiligi ugrunda alnyp barylýan işleri gowulandyrmak, ilatyň durmuş goraglylygy babatynda dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärleriň zähmet kanunçylygyndan habarlylygyny ýokarlandyrmak, iş üpjünçiligi baradaky kada-kanunlaryň hem-de zähmet kanunçylygyny berjaý etmekde jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, bu kanunçylygyň kadalaryna pugta eýermek we berjaý etmek çykyşlaryň özenini düzdi.




Mary welaýaty
Maru-Şahu Jahan gazeti
28-nji dekabr 2019ý.