Täzelikler

Türkmenistanyň demirgazygynda bagçylyk ösdürilýär

14.06.2021
645990f1d5d41ae07f1210121dadacf29a921ced16a28621b052a6dc26734232
Daşoguz welaýatyndan Türkmensitanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzasy Sarybaý Hanbaýew ir ýetişýän alm...

Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-de gepleşikleri geçirdi

11.06.2021
56ad84a65ab51f12a53a7ff39ea0d587ff1f772e4dea9b536e8459eebcf4be44
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ý...

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy: ykdysadyýetiň özgertmesi, diwersifikasiýasy we sanlaşdyrylmasy

10.06.2021
365770d5afe69ba7856eae667f904e16a9f1b6ff7397d11dd6cb4d7202780e59
Garaşsyzlygymyzyň otuz ýylyň içinde Türkmenistan halk hojalyk toplumynyň çäkli ugurly bölegini dünýä ykdysadyýetiniň ...

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

09.06.2021
C277a4a75fc0e7c64218f8874d28296bb76274fb35d30e9dc070f2fc17566f92
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözeg...

Lebapda täze howa menziliň gurluşygy tamamlanýar

09.06.2021
E779dc31a94bd06108d457acf9e4815f7fe4b7c983dcf4c3c754b42e7f05aedf
«Gündogdy» hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde howa menziliniň gurluşygyny tamamlaýar. Şäheriň demirýo...

Kazanda geçiriljek türki halklaryň «Nauruz» XV Halkara teatr festiwalynda türkmenistanlylara garaşýarlar

06.06.2021
4b0067dffc35de8bacadde567e2c819eb3e5075d0f5dca5eed9db1d0f2e4e0d9
6-njy iýundan 11-nji iýun aralygynda Kazanda türki halklaryň «Nauruz» XV Halkara teatr festiwaly geçiriler. Onda Gaza...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

04.06.2021
Fdfa4b7fc38fd07c903a673f62f860eba5854523543cdd06ce59e0f17dd58698
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini...

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

01.06.2021
Fdfa4b7fc38fd07c903a673f62f860eba5854523543cdd06ce59e0f17dd58698
Mähriban halkym! Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri! Sizi adamzadyň belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ...



DURMUŞ ÖZGERTMELERI – ABADAN ÝAŞAÝŞYŇ KEPILI


Image

Ýurtda abadançylygyň ýokary derejesini üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, raýatlarymyzyň maddy üpjünçilik derejesiniň ýokary bolmagy zerur şertleriň biri hasaplanylýar. «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» 2019-njy ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň kabul eden Permany halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksadyndan ugur alýar. Bu Permana laýyklykda, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň ýokary abadançylykly ýurt hökmündäki ornunyň mundan beýläk-de pugtalanýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan iri durmuş özgertmeleri halkara giňişlikde Bitarap döwletimiziň durmuş derejeli ýurt hökmündäki ornuny has-da pugtalandyrmagyň baş şertine öwrüldi.

Tejribeden belli bolşy ýaly, durmuş ulgamy diňe bir ýurduň ykdysady kuwwatynyň möhüm görkezijisi bolman, eýsem, ýurtda adam maýasyny ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi bilen ähmiýetlidir. Onda şahsyýetiň, jemgyýetiň, maşgalanyň, şeýle-de durmuş toparlarynyň we döwletiň bähbitleri özüniň hakyky beýanyny tapýar.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bu ugurda alnyp barylýan syýasatyň esasy aýratynlygy onuň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine niýetlenen islendik maksatnama işlenilip taýýarlananda, ilkinji nobatda, üns berilýän meseleler bolup durýandygyndan ybaratdyr. Bu ýagdaý ýurdumyzda adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aňryýany bilen tassyklaýar.

Ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak ykdysadyýeti barha durnuklaşýan häzirki döwürde hem ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Şunda ykdysadyýetde bolup geçýän özgertmeleri nazara alyp, ilatyň girdejilerini yzygiderli ýokarlandyrmak arkaly raýatlarymyzyň ýokary ýaşaýyş hilini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki ilatyň girdejileri ykdysadyýet bilen durmuş ulgamynyň arasyndaky aragatnaşygy üpjün etmek bilen, bu görkeziji ykdysady ösüşimizde ýeten sepgidimizi, şeýle-de raýatlaryň maddy üpjünçiliginiň derejesini häsiýetlendirmek bilen, ol milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde adam gymmatyna esasy ornuň degişlidigini görkezýär.

Ilatyň durmuş derejesiniň ýurduň makroykdysady görkezijileri bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bardygy ykdysady nazaryýet ylmynda subut edilen hakykatdyr. Şunda bir kanunalaýyklyk ähli döwürler we ýurtlar üçin häsiýetlidir: zähmet öndürijiligi ýokary bolmasa, durmuş syýasaty kanagatlanarly netijeleri berip bilmez. Bu ykdysady kanunalaýyklygyň dogrudygyny ýurdumyzyň häzirki zaman tejribesi aňryýany bilen subut edýär. Diňe ykdysady taýdan gurply döwletiň öz raýatlarynyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ukyplydygyny ýurdumyzyň mysalynda görmek bolýar. Dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň milli ykdysadyýetimize edýän amatsyz täsirine garamazdan, soňky ýyllarda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6 göterimden gowrak derejede saklanylmagy, bir tarapdan, ösüşiň içki mümkinçiliklerini ulanmaga gönükdirilen ykdysady syýasatyň esasynda ykdysadyýetimiziň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýän bolsa, beýleki tarapdan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň durmuş meselelerini has-da içgin çözmäge ýardam berýändigini görkezýär. Şunda sarp edilen işçi güýjüniň hiliniň we mukdarynyň pul aňlatmasy bolup durýan aýlyk haklarynyň wagtly-wagtynda tölenilmegi bolsa, raýatlarymyzyň sarp ediş islegleriniň tölege ukyplylygyny artdyrýar.

«Döwlet adam üçindir!» diýen şygary döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesine öwren hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş özgertmeleri «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylda hem ýurdumyzda adam bähbitlerine gönükdirilen işleriň dowam etdiriljekdigine güwä geçýär.

Halkara ülňülere laýyklykda, islendik döwletiň durmuş derejesine baha berlende, birnäçe görkezijilerden ugur alynýar. Şunda ilatyň pul girdejileriniň derejesi esasy görkezijileriň biri bolmak bilen, 3 sany girdeji çeşmeleri tapawutlandyrylýar: zähmet haky, emläkden alynýan girdejiler we durmuş tölegleri. Şunda pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we diňleýji haklarynyň durmuş töleglerine girýändigini aýratyn nygtamak bilen, olaryň ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň hem netijeli gurallarynyň biri bolup durýandygyny aýdasymyz gelýär.

Bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi girdejileriň düzüminiň üýtgemegine getiren şertleriň biri bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän köpugurly goldaw ykdysady işiň bir görnüşi hökmünde telekeçilik işiniň giňden ýaýbaňlanmagyna, netijede, girdejiniň täze çeşmesiniň ýüze çykmagyna, ýagny emläkden we telekeçilikden alynýan girdejiniň artmagyna getirdi. Girdejileriň täze görnüşleriniň kemala gelýändigine garamazdan, zähmet haky ilatyň girdejileriniň esasy çeşmesi bolmagynda galýar.

Zähmet haky ilatyň pul girdejileriniň esasy çeşmesi bolmak bilen, ol işgärleriň zähmete bolan höwesini artdyrmakda esasy orny eýeleýär. Şol bir wagtda zähmet haky ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işleýän işgärleriň önümçiligiň netijeliligini artdyrmaklary üçin maddy taýdan höweslendiriji şert hökmünde hem çykyş edýär. Zähmet hakynyň iş beriji bilen işgäriň arasynda ýüze çykýan zähmet gatnaşyklarynyň esasy meseleleriniň biri bolup durýandygyny nazara alsak, onda zähmet bazarynyň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklary sazlaýan netijeli gurluşy döretmekde oňa möhüm ornuň degişlidigine göz ýetirmek bolýar.

Ilatyň girdejileriniň ösüş meýline eýe bolmagy bolsa ýurtda durnukly we sagdyn ykdysady ösüşiň üpjün edilýändigine, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy, durmuş taýdan goraglylyk derejesiniň kepillendirilmegi üçin amatly şertleriň döredilendigine şaýatlyk edýär. Başgaça aýdylanda, bu görkeziji milli ykdysadyýetiň ösüşe ukyplydygyny, şeýle-de ýurtda adam maýasyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.

Öňki ýyllarda bolşy ýaly, 2020-nji ýylda hem zähmet çekýän ildeşlerimiziň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim möçberde ýokarlandyrmak barada döwlet derejesinde kabul edilen çözgüt şeýle özgertmeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzda maddy binýadyň döredilendigine güwä geçýär. Bazar gatnaşyklarynyň giňden ösdürilmegi bilen, zähmet haklaryny ýokarlandyrmagyny edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün edilmegini gazanmak döwrüň bildirýän talaplarynyň biridir. Şu şertler üpjün edilen ýagdaýynda ýokary durmuş-ykdysady netijeleri gazanmagyň mümkindigini tejribe görkezýär.

Döwletimizde ilatyň ýaşaýyş derejesini ösen döwletleriň derejesine ýetirmek wezipesiniň möhüm strategik wezipeleriň hatarynda kesgitlenmegi, onuň ýakyn döwürde hem adam bähbitlerine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boljakdygyna, bu ugurda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan işleriň rowaçlyklara beslenjekdigine güwä geçýär. Hususan-da, häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna we ilatyň pul girdejileriniň yzygiderli artdyrylmagy üçin maddy binýadyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Şol bir wagtda sanly tehnologiýalaryň ösen asyry hasaplanýan häzirki döwürde zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyny üpjün edýän tehnologiýalary önümçilige, hyzmatlar bazaryna giňden ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler ykdysady ösüşimiziň hil görkezijilerine öz oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki döwürde milli ykdysady ulgamda gazanylýan üstünlikler, öz gezeginde, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda täze menzillere ýetmäge itergi berýär.

Türkmen Bitaraplygynyň 25 ýyllygy belleniljek 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagynda uly many bar. Geçen çärýek asyr ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň häzirki abadan ösüşimizi üpjün edýän şertleriň birine öwrülendigini görkezdi. Häzirki döwürde milli Liderimiziň baştutanlygynda dowam etdirilýän durmuş özgertmeleri durmuş ösüşli döwlet hökmündäki ornumyzy pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de amatly şertleriň döretjekdigine ynamy güýçlendirýär.



Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň ýolbaşçysy,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.



«Türkmenistan» gazeti, № 7 (29601). 08.01.2020ý.