Täzelikler

Türkmenistanyň demirgazygynda bagçylyk ösdürilýär

14.06.2021
645990f1d5d41ae07f1210121dadacf29a921ced16a28621b052a6dc26734232
Daşoguz welaýatyndan Türkmensitanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzasy Sarybaý Hanbaýew ir ýetişýän alm...

Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-de gepleşikleri geçirdi

11.06.2021
56ad84a65ab51f12a53a7ff39ea0d587ff1f772e4dea9b536e8459eebcf4be44
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ý...

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy: ykdysadyýetiň özgertmesi, diwersifikasiýasy we sanlaşdyrylmasy

10.06.2021
365770d5afe69ba7856eae667f904e16a9f1b6ff7397d11dd6cb4d7202780e59
Garaşsyzlygymyzyň otuz ýylyň içinde Türkmenistan halk hojalyk toplumynyň çäkli ugurly bölegini dünýä ykdysadyýetiniň ...

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

09.06.2021
C277a4a75fc0e7c64218f8874d28296bb76274fb35d30e9dc070f2fc17566f92
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözeg...

Lebapda täze howa menziliň gurluşygy tamamlanýar

09.06.2021
E779dc31a94bd06108d457acf9e4815f7fe4b7c983dcf4c3c754b42e7f05aedf
«Gündogdy» hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde howa menziliniň gurluşygyny tamamlaýar. Şäheriň demirýo...

Kazanda geçiriljek türki halklaryň «Nauruz» XV Halkara teatr festiwalynda türkmenistanlylara garaşýarlar

06.06.2021
4b0067dffc35de8bacadde567e2c819eb3e5075d0f5dca5eed9db1d0f2e4e0d9
6-njy iýundan 11-nji iýun aralygynda Kazanda türki halklaryň «Nauruz» XV Halkara teatr festiwaly geçiriler. Onda Gaza...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

04.06.2021
Fdfa4b7fc38fd07c903a673f62f860eba5854523543cdd06ce59e0f17dd58698
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini...

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

01.06.2021
Fdfa4b7fc38fd07c903a673f62f860eba5854523543cdd06ce59e0f17dd58698
Mähriban halkym! Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri! Sizi adamzadyň belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ...



SANLY YKDYSADYÝET: INNOWASION GELJEGE TARAP


Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagaty ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti döretmek, ösdürmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylmagyna guramaçylykly girişildi.

Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli ýola goýulmagy üçin üç ýagdaý zerur bolup durýar: infrastruktura, elektron işewürligi, elektron täjirçiligi. Sanly ykdysadyýetiň ösüşi sanlar we ykjam tehnologiýalar bilen göni bagly bolan birnäçe bazarlaryň ösüşi bilen şertlendirilýär. Bulara onlaýn söwda, maliýe hyzmatlary, durmuş internet hyzmatlary, bilim, saglygy goraýyş, şeýle hem döwlet hyzmatlary degişlidir.

Kagyz pullarynyň dolanyşygy nagt däl hasaplaşyk bilen çalşyrylýar. Söwda ulgamy şeýle şertlerde ep-esli çalt ösýär. Islendik adam internet toruna girip, islendik harydy islendik wagt we islendik ýerde satyn alyp bilýär. Internet arkaly söwda alyp barýan fiziki şahslar we kärhanalar bölekleýin we lomaý söwdany amala aşyrýan dükanlardan has oňaýly ýagdaýda bolýarlar. Olaryň harajatlary ep-esli azalýar, ýagny kärende tölegi we işgäre hak tölemek ýaly çykdajylary azalýar. Awtomatlaşdyrmak önümçilik işini ýönekeýleşdirýär. Barmaly ýerine anyk we dessin eltip bermek bu sanly ösüşiň netijesidir. Bazaryň bikanun gatnaşyjylaryny ýa-da düzgün bozujylaryny IP-salgysy, kart belgisi we ş.m. boýunça yzarlap tapmak örän aňsat bolýar.

Işi uzak aralykdan dolandyrmak, elýeter we erkin bazar, tölegleriň ýönekeýleşdirilmegi, bu ulgamdaky islendik pudagyň elýeter bolmagy, işiň öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagy, özüne düşýän bahasynyň azaldylmagy, kagyz dolanyşygynyň bütinleý aradan aýrylmagy we elektron dolanyşygy girizmek mümkinçiligi sanly ykdysadyýetiň oňyn taraplarydyr.

Ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegi, ilki bilen, ykdysady işlere gatnaşyjylaryň – guramalaryň, kärhanalaryň we adamlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň tizleşdirilmegine ýardam edýär. Munuň özi çözgüt kabul etmek bilen işi ýerine ýetirmegiň arasyndaky wagtyň gysgaldylmagynyň hasabyna gazanylýar.

Sanly ykdysadyýet iş bilen üpjün etmeklikde hem täze mümkinçilikleri döredýär, hususan-da, sanly ulgamy ornaşdyrmak, maglumatlaryň uly möçberlerini seljermek we goramak, durmuş ulgamlarynda ýerleşdirmek hem-de sanly marketing bilen bagly täze hünärleriň emele gelmegine ýardam edýär.

Sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly hünärlere dünýä bazarynda we biziň ýurdumyzda ýakyn geljekde has uly isleg bildiriler. Döwrebap tehnologiýalar işgärlere, şol sanda saglyk taýdan mümkinçilikleri çäklendirilen adamlara hünär derejelerini ýokarlandyrmaga we goşmaça endikleri ösdürmäge kömek edýär. Uzak aralykdan işlemek mümkinçiligi döreýär. Bu bolsa ýerli hünärmenlere islegleriň çäklendirilen sebitlerde we merkezlerden uzakdaky ýerlerde iş bilen üpjünçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Sanly ykdysadyýet zähmet bazaryny düýpgöter özgerdýär. Çünki maglumat tehnologiýalarynyň durmuşyň ähli ugurlarynda ýaýramagy bilen bir hatarda iş berijiniň nukdaýnazaryndan sanly ulgamlary dolandyrmak endikleriniň ähmiýeti has ýokarlanýar. Hünärmenlere bildirilýän talaplaryň düýpli we giň gerimde üýtgemegine garaşylýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary bilen bir hatarda zähmet, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we durmuş üpjünçiligi ulgamlarynda hem täze innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, elektron resminamalar dolanyşygyna geçmek wezipesi öňde durýar. Iş bilen üpjünçilik edaralarynda maglumat-aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanmagyň derejesi ýokarlandyrylar. Şeýle hem iş bilen üpjünçilik boýunça döwlet edaralarynyň hyzmatlarynyň internet ulgamynda elýeterli bolmagy gazanylar we programma üpjünçiligi kämilleşdiriler.

Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň internet web-saýtynda täze sanly hyzmat, ýagny boş iş orunlary hem-de iş gözleýänler baradaky maglumatlary özünde jemleýän «Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi» atly interaktiw sahypa döredildi. Bu sahypanyň kömegi bilen iş gözleýän ildeşlerimiz bar bolan iş orunlary baradaky maglumatlar bilen tiz wagtda tanyşmak, iş berijiler bolsa, gerekli hünärmen baradaky maglumatlary öwrenmek we saýlamak mümkinçiligine eýe bolýarlar.

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ulgamynda Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň pensiýa gazna müdirlikleri we etrap, şäher pensiýa gaznasy bölümleri bilen optiki süýümli aragatnaşyk ýola goýlup, pensiýa, döwlet kömek pullaryny alýanlaryň, pensiýa ätiýaçlandyrmasynda ätiýaçlandyrylanlaryň maglumatlar binýady emele getirildi. Pensiýa ätiýaçlandyrma ulgamynda ätiýaçlandyrýanlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýanlara SMS habary arkaly maglumat bermek ýola goýuldy.

Täzeçil tehnologiýalaryň we usullaryň girizilmegi zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagynda, resminamalaryň alşylmagy üçin sarp edilýän wagtyň tygşytlanmagyna, şeýle hem kadalaşdyryjy resminamalaryň elektron gorunyň netijeli peýdalanylmagyna itergi berer.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, bu pudaga öňdebaryjy enjamlary we innowasiýalary ornaşdyrmak babatda bellenen wezipeleriň çalt çözülmegi netijesinde, ýurdumyzda raýatlaryň her birine interneti ulanmaga ähli mümkinçilikleri berýän köpugurly telekommunikasiýalar ulgamy hereket edýär. Çünki milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dünýä ulgamynyň elýeterliligi ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine itergi berer.

Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi üçin aňrybaş şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!



Rano GALAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we
ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Usulyýet
müdirliginiň baş hünärmeni.



«Türkmenistan» gazeti, № 20 (29614). 22.01.2020ý.