Täzelikler

Türkmenistanyň demirgazygynda bagçylyk ösdürilýär

14.06.2021
645990f1d5d41ae07f1210121dadacf29a921ced16a28621b052a6dc26734232
Daşoguz welaýatyndan Türkmensitanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzasy Sarybaý Hanbaýew ir ýetişýän alm...

Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-de gepleşikleri geçirdi

11.06.2021
56ad84a65ab51f12a53a7ff39ea0d587ff1f772e4dea9b536e8459eebcf4be44
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ý...

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy: ykdysadyýetiň özgertmesi, diwersifikasiýasy we sanlaşdyrylmasy

10.06.2021
365770d5afe69ba7856eae667f904e16a9f1b6ff7397d11dd6cb4d7202780e59
Garaşsyzlygymyzyň otuz ýylyň içinde Türkmenistan halk hojalyk toplumynyň çäkli ugurly bölegini dünýä ykdysadyýetiniň ...

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

09.06.2021
C277a4a75fc0e7c64218f8874d28296bb76274fb35d30e9dc070f2fc17566f92
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözeg...

Lebapda täze howa menziliň gurluşygy tamamlanýar

09.06.2021
E779dc31a94bd06108d457acf9e4815f7fe4b7c983dcf4c3c754b42e7f05aedf
«Gündogdy» hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde howa menziliniň gurluşygyny tamamlaýar. Şäheriň demirýo...

Kazanda geçiriljek türki halklaryň «Nauruz» XV Halkara teatr festiwalynda türkmenistanlylara garaşýarlar

06.06.2021
4b0067dffc35de8bacadde567e2c819eb3e5075d0f5dca5eed9db1d0f2e4e0d9
6-njy iýundan 11-nji iýun aralygynda Kazanda türki halklaryň «Nauruz» XV Halkara teatr festiwaly geçiriler. Onda Gaza...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

04.06.2021
Fdfa4b7fc38fd07c903a673f62f860eba5854523543cdd06ce59e0f17dd58698
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini...

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

01.06.2021
Fdfa4b7fc38fd07c903a673f62f860eba5854523543cdd06ce59e0f17dd58698
Mähriban halkym! Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri! Sizi adamzadyň belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ...



TÜRKMENISTAN WORLDSKILLS HALKARA STANDARTLARYNY ORNAŞDYRMAK ÝOLUNDA


2020-nji ýylyň 22-23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde «Worldskills» halkara standartlary boýunça tanyşdyrylyş okuwlary geçirildi. Bu okuw maslahatyna ýurdumyzyň başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we mugallymlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dünýä ýurtlarynyň arasynda her iki ýyldan bir gezek geçirilýän Worldskills halkara bäsleşikleri, esasan-da, soňky onýyllyklaryň dowamynda uly meşhurlyga eýe boldy. Türkmen diline terjime edilende «Başarnyklar dünýäsi» diýen manyny aňladýan «Worldskills» halkara standartlarynyň häzirki döwürde köp dünýä ýurtlary tarapyndan milli hünär bilimi ulgamlaryna ornaşdyrylýandygy aýratyn bellärliklidir. Halkara bilermenleriniň bellemeklerine görä, Worldskills halkara assosiasiýasy tarapyndan guralýan bäsleşikler ýaşlaryň işçi hünärleri ele almaklaryna höwes döredýär we bu ugurda hünär ussatlyklaryny artdyrmaga ýardam berýär.

Häzirki döwürde dünýä bileleşigine amatly goşulyşýan Türkmenistan hem bu halkara assosiasiýasy tarapyndan durmuşa geçirilýän işlere uly gyzyklanma bildirýär. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde iki gün dowam eden «Worldskills» halkara standartlary boýunça tanyşdyrylyş okuwlary munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu duşuşykda Ýewropa bileleşiginiň agzasy bolan Latwiýa döwletiniň wekili tarapyndan ýurtda «Worldskills» standartlaryny ornaşdyrmak boýunça geçen ýoluna seljerme berildi. Gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirilen maglumatlar bu halkara standartlaryny ornaşdyrmak üçin, ilkinji nobatda, başlangyç we orta hünär bilimi edaralarynyň ýolbaşçylarynyň olar barada habarlylygyny, mugallymlarynyň bolsa hünärmenlik derejesini ýokarlandyrmagyň zerur şertleriň biri bolup durýandygyny görkezýär.

Halkara bilermeni tarapyndan Türkmenistanyň Worldskills halkara assosiasiýasynyň agzalygyna girmegi üçin ýurdumyzda köp amatly şertleriň bardygy, ýurdumyzyň zähmet we bilim kuwwatynyň uludygy nygtaldy. Hususan-da, hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda etrap, şäher, welaýat we tutuş ýurt derejesinde «hünär ussatlygy» bäsleşikleriniň ýygy-ýygydan geçirilip durulmagynyň bu ugurda möhüm tejribäniň toplanylmagyna ýardam berjekdigi, ahyrky netijede, olaryň ýakyn geljekde ýurdumyzyň ýaş wekilleriniň bütindünýä hünär bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmekleri üçin badalga boljakdygy barada bilermen hususy garaýyşlaryny beýan etdi. Bu tanyşdyryş okuwlary oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.