Täzelikler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

26.03.2020
1585250759
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Türkmenistanda gowaça ekişi başlandy

25.03.2020
1585157695
Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ...
  • Image
  • Image

Türkmenistan oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidýär

24.03.2020
1585071109
Ýazky gowaça ekişiniň ýakynlaşyp gelýän şu günlerinde ýurdumyza dünýä belli kompaniýalaryň oba hojalyk tehnikalarynyň...

Milli Liderimiz ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna badalga berdi

21.03.2020
1584895044
Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy g...

Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi

19.03.2020
1584640760
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryndan we halkymyzyň ynsanp...

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur

17.03.2020
1584471641
Şu gün paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Däp ...
  • Image
  • Image

«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi

15.03.2020
1584283445
Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, dünýä ylmynyň täze g...

Türkmenistan durnukly ösüş ugrunda BMG bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

14.03.2020
1584197500
Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ...
  • Image
  • Image



TÄZE IŞ ORUNLARY DÖREDILÝÄR


«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, her bir adamyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda döwlet we milli Maksatnamalaryň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Raýatlaryň iş bilen üpjünçiligi hormatly Prezidentimiziň ilkinji nobatdaky üns berýän meselesidir. Her bir adama öz islegine görä kär, hünär saýlamaga deňhukuklylygy, ilatyň iş bilen üpjünçiligi döwlet syýasatynda, kanunçylygyň kadalarynda, Zähmet kodeksinde, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda öz beýanyny tapýar. Degişli kanunçylyk namalaryndan ugur alyp, raýatlary iş bilen üpjün etmek, olara oňaýly iş we ýaşaýyş şertlerini döretmek, sebitlerde hünärmenleriň ýetmezçilik edýän ugurlaryny öwrenip, netijeli işleri geçirmek boýunça tagallalar edilýär. «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015—2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýedir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrmaga we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen uly möçberli we giň göwrümli bazar-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda telekeçileriň orny hem uludyr. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge berilýän ünsüň netijesinde iri önümçilik kärhanalary döredilýär.

Telekeçilik işjeňliginiň ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýeti bolup, onuň önümçiligi çeýe dolandyryp bolýandygy, täze tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny önümçilige tiz ornaşdyrmagyň mümkindigi ýaly artykmaçlyklary bardyr. Telekeçilik ykdysadyýetde täze iş orunlaryny döretmäge, ykdysadyýetiň salgyt binýadyny giňeltmäge, importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümçilikleri döretmäge mümkinçilik berýär.

Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi degişli kanunçylyk-hukuknamalaryndan ugur alyp, ilatyň iş bilen üpjünçiliginde, netijeli işleri alyp barýar. Halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşy ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri üçin döwlet Baştutanymyza alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň ynamyny ödemek üçin has-da tutanýerli zähmet çekeris.



Myratberdi JEPBAROW,
Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň
iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň Ilatyň
iş bilen üpjünçiligi bölüminiň başlygy.



«Ahal durmuşy» gazeti, № 16 (4166). 05.02.2020ý.