Täzelikler

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

12.08.2020
1597255425
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...

Türkmen-owgan ykdysady gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary onlýan-gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşyldy

12.08.2020
1597240704
12-nji awgustda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi...

Täze neşiriň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty

05.08.2020
1596647098
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sa...

Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär

01.08.2020
1596386775
Ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: sagdyn durmuş ýörelgesi - türkmen jemgyýetiniň nusgawy däbi

20.07.2020
1595268025
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe sp...

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr

14.07.2020
1594751276
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

09.07.2020
1594321922
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglum...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

08.07.2020
1594229276
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde...



SAZLAŞYKLY IŞ – ÖSÜŞIŇ MÖHÜM ŞERTI


Häzirki döwürde dünýäde dowam edýän maliýe-ykdysady çökgünligiň milli ykdysadyýetimize amatsyz täsirini peseltmek, içki mümkinçiliklerimizi ösüşiň hatyrasyna ulanmak ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. 2020-nji ýylyň 5-nji martynda hormatly Prezidentimiziň geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ugurlary baradaky meselelere aýratyn ornuň berilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr. Hususan-da, bu iş maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň ykdysadyýet toplumynyň ähli düzümlerini ösdürmek, bu ulgama täzeçil usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, şu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň ösen talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek baradaky meseleleri degişli döwlet ýolbaşçylary bilen ara alyp maslahatlaşmagy ýurdumyzyň durnukly ösüş ýolunyň köp derejede bu toplumyň işine bagly bolup durýandygyny görkezýär.

Häzirki wagtda globallaşmak hadysasy we tehnologiýalaryň okgunly ösüşi ähli dünýä ýurtlarynyň ykdysady ýagdaýyna özüniň ýiti täsirini ýetirýär. Döwrüň bu çagyryşlaryna wagtynda seslenmek üçin dünýä ösüşinde bolup geçýän meýillere milli ykdysadyýetimizi uýgunlaşdyrmak wezipesi strategik ähmiýetli wezipeleriň biridir. Tiz özgerýän dünýäde ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, dünýä bileleşiginde tutýan ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmak wezipesi ykdysady kuwwatymyzy artdyrmakda täzeçil çemeleşmeleriň, netijeli gurallaryň we öňdebaryjy usullaryň ulanylmagyny talap edýär. Şunda, ilki bilen, durnukly ösüşiň ýurdumyzyň şu günki we geljekki ösüşi üçin näderejede wajyp bolup durýandygyny açyp görkezmek maksadalaýykdyr. Çünki onuň ähmiýeti babatyndaky bilimlerimiziň artmagy amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň mazmunyna has içgin düşünmäge, netijede, gysga wagtda olary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda durnukly ösüşi üpjün etmek dünýä ýurtlarynyň ählisi üçin syýasy garaşsyzlygy üpjün etmegiň hem-de ykdysady özbaşdaklygy gorap saklamagyň möhüm şerti bolup durýar. Durnukly ösüş, ilkinji nobatda, içeri we daşary sebäpleriň çalt üýtgeýän şertlerinde hem durnuklylygy saklamagy, ýagny ösüşe ukyply bolmagy aňladýar. Ösüşe ukyplylygyň köp sebäpler bilen şertlendirilýändigini nygtamak bilen, durmuş-ykdysady ösüşiň milli aýratynlyklaryndan ugur alyp, ileri tutulýan ugurlar dogry kesgitlenende, kämilleşdirmegiň usullary dogry saýlananda, özgertmeleriň oňyn netijeleri berýändigi tejribeden bellidir. Hususan-da, ykdysady ulgamyň ylmy esasda ösdürilmegi, bäsleşige ukyply işgärler bilen üpjün edilmegi, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, işewürligi goldamagyň netijeli usullaryny işläp taýýarlamak ýaly çäreler önümçilik kuwwatlyklarynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, ykdysadyýetiň kuwwatlanmagyna ýardam berjek möhüm ugurlar bolup durýar.

Milli Liderimiziň geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň işini döwrebap derejede guramaklyga we ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilmegini ulgamyň bazar gatnaşyklarynda hojalygy ýöretmegiň we ykdysadyýete täsir etmegiň şertlerini emele getirmegiň netijeli guraly bolup durýandygy bilen düşündirip bolar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmek üçin dürli çeşmelerden maliýeleşdirilýän maýa goýum serişdeleri zerur bolup durýar. Maýa goýumlarynyň eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge mümkinçilik bermegi ykdysadyýetiň öňe ilerlemeginde onuň iteriji güýç bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Bu ýagdaý, ykdysadyýetimizi ösüşiň täze hil derejesine çykarmak işiniň köp babatda maliýe-bank ulgamynyň işine bagly durýandygyny görkezýär.

Islendik ýurduň maliýe ulgamynda bank ulgamynyň merkezi orun eýeleýändigini nazara alsak, onda bank ulgamynyň depginli ösüşiniň, hakykatdan-da, ýurduň ykdysady ulgamyny pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biridigine göz ýetirmek bolýar.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we sanly ulgama geçmek boýunça hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrüň bildirýän talaplaryna laýyk gelýän hünärmenler bilen üpjün etmek meselelerine täzeçe çemeleşilmegine şert döredýär. Ykdysadyýetde bolup geçýän her bir özgerişligiň zähmet bazarynyň ýagdaýyna täsir edýändigi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Zähmet bazary bu ykdysady özgerişliklere näçe çalt seslenmegi başarsa, pudagyň hünärmenlere islegleriniň şonça-da tiz kanagatlandyrylýandygyny tejribe tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, zähmet bazarynda kemala gelen ýagdaýdan ugur alyp, hünär bilimi ulgamyny sazlaşykly ösdürmek meselesi özüniň wajyplygy bilen tapawutlanýar. Iş maslahatynda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärli çemeleşmek barada hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary ykdysadyýeti döwrüň talaplaryna laýyk derejede ösdürmekde işgärleriň hünär başarnyklaryna möhüm ornuň degişlidigini tassyklaýar.

Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylýan we diwersifikasiýalaşdyrylýan şertlerinde bilim we hünär bilimi ulgamlary uly özgertmelere sezewar bolýar. Zähmet bazary bilen bilim ulgamynyň arasyndaky özara baglanyşygy güýçlendirmek zerurlygy häzirki zaman ösüşinde möhüm çygry emele getirmek bilen, şunda esasy mesele hünär bilimi ulgamy tarapyndan hödürlenýän başarnyklaryň we zähmet bazarynyň islegleriniň arasynda sazlaşygy gazanmak, daşary ýurtlaryň tejribesinden görnüşi ýaly, iň çylşyrymly we möhüm meseleleriň biri bolup durýar.

Ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek we ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşini goldamak maksadyndan ugur alyp, köp ýurtlar ýokary derejeli hünärmenlere, ýagny olaryň hünär başarnygyna maýa goýmaklyga ýykgyn etmeginde uly many bar. Täze şertlerde kärhananyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak üçin diňe bir hünärmenleriň kär boýunça başarnygy ele almagy ýeterlik bolman, eýsem, olaryň täze bilimleri özleşdirmäge taýýarlygy, şeýle-de, beýlekiler bilen aragatnaşygy ýola goýmak endikleri wajyp bolup durýar. Köp bilermenleriň bellemegine görä, hünärmenleriň özleşdiren başarnyk toplumy kärhananyň bäsleşik artykmaçlyklaryny üpjün edýän serişde bolup durýar. Ýagny işgärleriň täzeçil pikirlenmek, ýerine ýetirýän işine döredijilikli çemeleşmek ýaly häsiýetleri tutuş kärhananyň işiniň öňe ilerlemegine itergi bermek bilen, bu başarnyklar täze gymmaty döretmekde işçi güýjüniň egsilmez çeşme bolup durýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Bu deliller zähmet bazarynyň we hünär bilimi bazarlarynyň arasynda sazlaşygy gazanmak işiniň çylşyrymly işdigini, bu işe hökmany suratda iş berijileriň gatnaşmalydygyny, şeýle-de, degişli seljerme işleri geçirilende ylmy taýdan çemeleşilmelidigini daşary ýurt tejribesi görkezýär. Bu meseleler ykdysadyýeti köp ugurly ösýän türkmen ykdysadyýeti üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda bar bolan zähmet potensialyny saklamak, köpeltmek we rejeli ulanmak zähmet we iş üpjünçiligi çygrynda alnyp barylýan syýasatyň esasy wezipeleri bolup durýar. Zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk gelýän hünär başarnyklary bolan hünärmenler, täze bilimleri özleşdirmäge taýýar bolan işçi güýji ýurduň bäsleşige ukyplylygynyň möhüm şerti bolup çykyş edýär.



Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň ýolbaşçysy,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.



«Türkmenistan» gazeti, № 69 (29663). 18.03.2020ý.