Täzelikler

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanmagy

07.04.2020
1586204841
1950-nji ýyldan bäri her ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu senäniň saýlanyp alynmagy tötänleýi...

Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň geljegi wideokonferensiýalar görnüşinde ara alnyp maslahatlaşyldy

06.04.2020
1586201689
Şu gün Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň iri halk hojalyk pudaklarynyň wekillerini...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

03.04.2020
1585947226
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň g...

Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparyň maslahaty

01.04.2020
1585762131
Şu gün Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýa...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutyna baryp gördi

31.03.2020
1585681344
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...

Daşoguzly pagtaçylar gowaça ekişine girişdiler

29.03.2020
1585502644
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, howa şertlerine görä, ekişe ýurdumy...

Spanbonddan meltblauna çenli: Türkmenistanda islegli dokalmaýan materiallar öndürilýär

27.03.2020
1585330029
«Тürkmen senet» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinji bolup täze görnüşli dokalmaýan material – spanbond çykarmagy özl...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

26.03.2020
1585250759
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...



TÜRKMENISTAN-ÝUNISEF: ÇAGALARYŇ BÄHBIDINE NETIJELI IŞLER


Image

Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna gatnaşyjy döwlet hökmünde öz üstüne alan borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirýär. Bu ugurda Türkmenistan BMG-niň Çagalar gaznasy bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Eneligi we çagalygy goramak boýunça birnäçe bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr

Türkmenistan halkara parahatçylygy we howpsuzlygy, dünýä döwletleriniň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüşini goldamagyň şerti hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň abraýyny ykrar etmek bilen özüniň parahatçylyk döredijilik kuwwatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirmäge taýýardygyny görkezýär.

Çaganyň hukuklary babatda ýurt we halkara derejede ylalaşyklardyr konwensiýalaryň birnäçesi hereket edýär. Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýa çaga hukugyna degişli halkara derejedäki esasy resminama bolup, onda göz öňüne tutulan hukuklar ähli çagalara degişlidir. Raýat, ykdysadyýet, medeni, jemgyýetçilik we syýasy meseleleriň giň göwrümini öz içine alýan BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyny Türkmenistan 1994-nji ýylda tassyklap, oňa gatnaşyjy ýurt hökmünde goşuldy.

Çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmek üçin Türkmenistanda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ösüp barýan ýaş nesli terbiýelemek we olara döwrebap bilim bermek babatda döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bu ugurda biziň ýurdumyz halkara-hukuk meseleleriniň binýady bolan resminamalara salgylanýar.

Türkmenistanyň Hökümeti durmuş we ykdysady taýdan durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça alyp barýan syýasatynda çaga meselesine has köp üns berýär. Hususan-da, çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilişini düzgünleşdirýän kämil hukuk binýady döredildi. Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, Maşgala kodeksi, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi, “Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda”, “Bilim hakynda”, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda”, “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda”, “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda”, “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda”, “Hossarlyk we howandarlyk hakynda”, Türkmenistanyň Kanunlary we çaganyň ykdysady taýdan ulanylmagynyň goralmagyny kesgitleýän, şeýle hem onuň saglygyna howp salyp biljek ýa-da onuň bilim almagyna päsgelçilik döredip biljek ýagdaýlara ýol berilmezligi üpjün etmegi göz öňünde tutýan beýleki kanunçylyk namalary kabul edildi.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça ýurt derejesinde hereketleriň maksatnamalary kabul edilýär. Şoňa görä-de, çagalygyň meselelerine toplumlaýyn garalmagyna we çözülmegine gönükdirilen, çagalaryň bähbitlerini üns merkezinde saklaýan uzak möhletleýin milli maksatnamalar we hereketleriň meýilnamalary işlenip taýýarlanylýar.

Häzirki wagtda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde, Türkmenistanda adam hukugy babatda Milli iş meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde 2018 – 2022-nji ýyllar döwri üçin çagalaryň hukugyny berjaý etmek boýunça Milli iş meýilnamasy üstünlikli amala aşyrylýar.

2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin milli strategiýa kabul edildi.

Çaganyň irki ösüşi häzirki döwürde barha möhüm ähmiýete eýe bolýar. Durnukly ösüş maksatlarynyň 4.2 wezipesinde çaganyň irki ösüşi aýdyň beýan edilýär. Şoňa laýyklykda ýurtlar 2030-njy ýyla çenli ähli çagalaryň başlangyç bilim almaga taýýar bolmagy üçin olary ýokary hilli irki ösüş şertleri, ideg we elýeterli mekdebe çenli bilim bilen üpjün etmeli. BMG-niň Çagalar gaznasynyň 2013-nji ýylda geçiren Çaganyň irki ösüşiniň ýagdaýynyň seljermesiniň netijelerine laýyklykda,
Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi üçin amatly şertleriň bardygy hem-de ösüşiň şeýle möhüm ugrunda düýpli özgertmeleriň ýokary depgin bilen durmuşa geçirilýändigi bellenilýär.

Türkmenistanyň we BMG-niň Çagalar Gaznasynyň arasyndaky 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasynyň çäginde 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Çagalar üçin durmuş goragynyň kämilleşdirilen ulgamy boýunça Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň araynda 2020-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekildi.

Bilelikdäki maksatnamanyň wezipesi ýurdumyzda jemgyýetçilik hyzmatlaryny üpjün etmek boýunça hereket edýän ulgamyň işini täzeçe guramakdan we goldawa mätäç raýatlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Geljekde şu maksatnamanyň çäginde mümkinçiligi çäkli çagalar, gündelik durmuşda goldawa we kömege mätäç gartaşan adamlar üçin hyzmatlaryň täze görnüşleri işlenip taýýarlanar. Şeýle hem maksatnamanyň çäginde, ýerli derejedäki durmuş hyzmatlaryny üpjün ediş işlerinde durmuş hadysalaryny ýüze çykarmak, baha bermek we olaryň hasabyny ýöretjek durmuş işgäriniň modeliniň täzeçe işi seljeriler. Şeýle de, adamlaryň öz ýaşaýan ýerlerinde özbaşdak ýaşamagyna goldaw bermek we zerurlyklaryny kanagatlandyrmak boýunça ýörite durmuş hyzmatlary ýola goýlar. Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde durmuş hyzmatlaryny üpjün etmek boýunça şertnamalary baglaşmak üçin täze usullar işlenip taýýarlanylar. Durmuş işi ugurlarynda ýokary hünär okuwy derejesindäki okuw maksatnamalary kämilleşdiriler. Kanun taslamalaryny we beýleki edara resminamalaryny (standartlary we hyzmatlaryň ýöriteleşdirmesini) işläp taýýarlamaga ýardam beriler.

Munuň özi Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir.



Rano Galaýewa
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş
taýdan goramak ministrliginiň Usulyýet
müdirliginiň baş hünärmeni.



«Türkmenistan» gazeti, № 71 (29665). 20.03.2020ý.