Täzelikler

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

12.08.2020
1597255425
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...

Türkmen-owgan ykdysady gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary onlýan-gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşyldy

12.08.2020
1597240704
12-nji awgustda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi...

Täze neşiriň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty

05.08.2020
1596647098
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sa...

Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär

01.08.2020
1596386775
Ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: sagdyn durmuş ýörelgesi - türkmen jemgyýetiniň nusgawy däbi

20.07.2020
1595268025
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe sp...

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr

14.07.2020
1594751276
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

09.07.2020
1594321922
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglum...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

08.07.2020
1594229276
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde...



YKDYSADY SYÝASATYŇ MÖHÜM ÇELGILERI


2020-nji ýylyň 3-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen anna günündäki mejlisinde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijelere baha berildi we geljekki iki çärýekde öňde duran möhüm wezipeler kesgitlenildi. Dünýä ösüşinde ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2020-nji ýylyň 6 aýynda jemi içerki önümiň ösüşiniň 5,9 göterim möçberde bolmagy häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda oýlanyşykly alnyp barylýan ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysady ulgamda gazanylýan üstünlikler, öz gezeginde, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda täze menzillere ýetmäge itergi berýär.


Soňky döwürde dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän özgerişlikler ýurduň içinde bar bolan mümkinçilikleri ulanmak meselesiniň ähmiýetini artdyrdy. Dünýä ösüşiniň ýönekeý bolmadyk häzirki şertlerinde ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak häzirki döwrüň strategik meseleleriniň biri bolup durýar. Häzirki döwürde öz ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, daşarky ýagdaýlaryň täsirine we ykdysady ösüşiň üýtgemelerine uýgunlaşmak isleýän ýurtlaryň ösüşiň amatly ýollaryny gözlemegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Çünki diňe üýtgeýän daşary şertlere çalt uýgunlaşmaga ukyply bolan ýurtlara ykdysady öňegidişligi gazanmak başardýandygyna dünýä tejribesi şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 6 aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde dünýä ykdysadyýetindäki häzirki çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, ozalky kabul edilen maksatnamalara we meýilnamalara degişli düzedişleri girizmek, şol bir wagtda ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajyplygy nygtaldy. Şunda şeýle çemeleşmäniň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny, şeýle hem onuň halkara giňişlikde bolup geçýän ýaramaz ýagdaýlaryň täsirini peseltmäge ýardam berýändigini bellemek zerurdyr.

Döwletleriň arasyndaky özara baglanyşygyň has-da artmagy häzirki barha globallaşýan dünýäniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri bolup, dowam edýän maliýe-ykdysady çökgünlik şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň ösüşini durnukly saklamagyň strategik ähmiýeti artýar. Şunuň bilen baglylykda, maýa goýumlaryny çekmek arkaly milli ykdysadyýetiň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmagyň netijeli ýoluna öwrülen erkin ykdysady zolaklar hojalyk işini guramagyň täze görnüşleriniň biri hasaplanylýar. Häzirki döwürde sebitleriň ulanylmadyk mümkinçiliklerini öňe gidişli ykdysady ösüşiň hatyrasyna ulanmak Prezident Maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň eksport höweslendirmeler arkaly sebitlerde erkin ykdysady zolaklary döretmegi çaltlandyrmak, şeýle hem wiza, bellige almak, ýer böleklerini resmileşdirmek, karz we hasaplaşyk ýeňilliklerini girizmek mümkinçiliklerini öwrenmek meseleleriniň esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenmegi munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet derejesinde kabul edilýän her bir çözgütde halkyň bähbitlerinden, onuň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek wezipesinden ugur alynmagy dünýä giňişliginde durmuş derejeli ýurt hökmündäki ornumyzy has-da pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak ykdysadyýeti barha durnuklaşýan häzirki döwürde hem ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Şunda milli we dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän özgertmeleri nazara alyp, ilatyň girdejilerini yzygiderli ýokarlandyrmak arkaly raýatlarymyzyň ýokary ýaşaýyş hilini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

“Döwlet adam üçindir!” diýen şygar milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan durmuş syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesi bolup, onuň ynsanperwer häsiýeti ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasy bolan Döwlet býujetinde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň, şeýle hem beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmak baradaky çözgüt adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyna we dünýä ösüşinde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, onuň şeýle bolmagynda galýandygyna şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz bu mejlisiň dowamynda ykdysadyýetde zähmet bazary bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklap, zähmet gorlarynyň emele gelmegini we ýerlikli dolandyrylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady, şeýle-de täze iş orunlaryny döretmek baradaky meseleleriň üstünde durup geçdi. Bu meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak barada ýurt Baştutanymyzyň ýolbaşçylara beren tabşyryklary olaryň ildeşlerimiziň durmuş hal-ýagdaýyny kesgitleýän şertler bolup durýandygy bilen baglydyr. Şunda ilatyň iş bilen üpjünçiligi zähmet bazarynyň esasy görkezijisi bolup durýar, adamyň ýaşaýyş derejesiniň köp babatda onuň çekýän zähmeti we iş bilen üpjünçiligi arkaly kesgitlenýär. Zähmet – ykdysady ösüşleriň baş şerti. Öndüriji güýçleriň iň naýbaşysy hasaplanýan adam zähmeti ýurdy gülletmegiň, rowaçlyga beslemegiň egsilmez çeşmesi. Raýatlaryň zähmet hukuklaryna sarpa goýulýan ýurtda, zähmetine hormat goýulýan döwletde ösüşleriň, öňe gidişligiň boljakdygy kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Iş bilen üpjünçilik, bir tarapdan, durnukly ösüşiň binýatlaýyn şertleriniň biri hökmünde raýatlarymyzyň maddy ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagyna we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gös-göni täsir edýän sebäp bolup durýar. Beýleki tarapdan, ol ykdysady ösüşimiziň häzirki zaman ýagdaýyny häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň biri bolmak bilen, abadan ýaşaýşymyzyň baş şertini emele getirýär. Ýagny ilatyň ýaşaýyş derejesi hut şu görkezijä bagly bolup durýar. Ahyrky netijede, bu ýagdaý ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň her bir jemgyýet üçin örän wajyp durmuş we ykdysady meseleleriň biri bolup durýandygyny tassyklaýar. Döwlet tarapyndan bu ugurda alnyp barylýan syýasat näçe oýlanyşykly amala aşyrylsa, şonça-da onuň netijeliligi artýar. Bu aýratynlyklar ilaty iş bilen üpjün etmek meselesiniň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin näderejede wajypdygyny görkezýär.

Häzirki döwürde durnukly ykdysady ösüşi gazanmak döwlet syýasatynyň baş ugry bolmagynda galýar. Durnukly ösüş boýunça ileri tutulýan ugurlar we derwaýys meseleler babatynda Türkmenistanyň oňyn garaýyşlary häzirki zamanyň bütindünýa ösüşine gabat gelýär. Şu nukdaýnazardan, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki iri forumlarda öňe süren möhüm halkara başlangyçlary halkara gatnaşyklarynyň täze formatyny emele getirýär.

Häzirki wagtda parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek meselelerine işjeň gatnaşmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugry hökmünde kesgitlenen. Bir tarapdan, bu Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bilen baglanyşykly bolup durýar, beyleki tarapdan, ol durnukly ösüşiň hökmany şerti hökmünde howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmekden ugur alýar.

«Türkmenisan – Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen 2020-nji ýylyň 6 aýynda gazanylan netijelere bagyşlanan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň daşary syýasatyna degişli meseleler hem aýratyn orun eýeledi. Hususan-da, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assembleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanandygy baradaky habar hemmelerde öz ýurdumyza, milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatyna bolan guwanç duýgusyny has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň başlygynyň orunbasarlygyna altynjy gezek saýlanmagy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatyna berilýän ýokary baha bolup, ol döwletimiziň halkara at-abraýynyň ýene-de bir ykrarnamasyna öwrüldi. Bu wakanyň ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda bolmagynda uly many bar: türkmen Bitaraplygynyň çärýek asyrlyk taryhy parahatçylykly ösüş ýolunyň ygtybarly ýoldugyny, onuň diňe bir milli derejede däl, eýsem, sebitde hem-de tutuş dünýäde howpsuzlygy üpjün etmegiň, hoşniýetli goňşuçylygy, umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli ýoly bolup durýandygyny äşgär edýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bu abraýly halkara guramasy bilen ösdürilýän deňhukukly hyzmatdaşlyk tutuş dünýä ýurtlarynda durnukly ösüşi üpjün etmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak babatynda bilelikdäki çözgütleriň kabul edilmegine gös-göni gatnaşmaga, bu ugurda dürli ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmek üçin amatly halkara giňişligi döredýär.



Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň ýolbaşçysy,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.



«Türkmenistan» gazeti, № 171 (29765). 06.07.2020ý.