Täzelikler

Türkmenistan bilen Russiýanyň Astrahan oblastynyň arasynda gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

19.09.2020
1600515119
18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň...
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ykdysady üstünlikleriniň sergisine we sanly ykdysadyýet boýunça maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

19.09.2020
1600460536
Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenista...

Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň firma dükanlarynyň sany artýar

17.09.2020
1600360212
Aşgabatda, Oguz han köçesiniň ugrundaky «Dokmahyzmat» Döwlet kärhanasynyň ýanynda pudagyň kärhanalarynda öndürilýän ö...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisi

17.09.2020
1600368085
Şu gün Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejli...

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

15.09.2020
1600191712
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prez...

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça gepleşiklerde çykyş etdi

12.09.2020
1599911023
Şu gün Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 30-a golaý ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkar...

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärlerine

12.09.2020
1599861573
Hormatly gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleri! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe büt...

“Ak kerweniň” ak ýoly

09.09.2020
1599673500
9-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata ...
  • Image
  • Image



MILLI BÄHBITLER WE UMUMADAMZAT ABADANÇYLY


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzda durnukly ösüşiň üpjün edilýän döwrüdir. Bu gazanylýan netijeleriň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň döredýän amatly şertleriniň esasynda mümkin bolandygy guwanarlykly ýagdaýdyr.

2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen bu halkara hukuk derejesiniň abadan ösüşimizi üpjün etmekde uly ähmiýetiniň bardygynyň ykrarnamasydyr. Halkara syýasy, ykdysady we medeni giňişlikde dünýä döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy amala aşyrmak babatynda özüniň oýlanyşykly strategiýasy bilen çykyş edýän ýurdumyz üçin Bitaraplyk derejesi diňe bir halkara at-abraýymyzyň mundan beýläk-de ýokarlanmagynyň binýatlaýyn ýörelgeleriniň biri bolman, eýsem, ýurdumyzyň milli bähbitlerini umumadamzat bähbitleri bilen sazlaşykly ösdürmegiň möhüm şerti hem bolup durýar.

Geçen çärýek asyr ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara gatnaşyklarda syýasy üstünlikleri gazanmakda, durnukly ykdysady ösüşimizi üpjün etmekde, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda ornunyň uludygyny görkezýär. Bitaraplygyň oňyn häsiýeti ýurdumyzyň ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň ýokarlanmagynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň ortaça 6 göterimden gowrak derejede üpjün edilmegi, jan başyna düşýän girdejiniň möçberiniň ýylsaýyn artmagy, döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75-80 göterimden gowrak böleginiň durmuş maksatlaryna gönükdirilmegi parahatçylykly ösüşiň ýoly bolup durýar. Döwlet syýasatynda halkyň bähbitleri, isleg-hajatlary ileri tutulýan ýurtda abadançylygyň höküm sürýändigine ýurdumyzyň tejribesinde göz ýetirmek bolýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi milli Liderimiziň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň logiki dowamy bolmak bilen, ol halkara giňişlikde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek bilen bagly başlangyçlarynyň dünýä derejesinde uly goldawa eýe bolýandygyny alamatlandyrýar.

Geljek 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip atlandyrylmagynda hem uly many bar: parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri geljekki halkara gatnaşyklaryň köp ugurlaryny kesgitleýär. Ösüşleriň sakasy - parahatçylyk. Hyzmatdaşlygyň sakasy - ynanyşmak. Parahatçylyk bolmasa, ösüşiň bolmaýandygy, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar ynanyşmak esasynda ösdürilmese, ählumumy ösüşe getirýän hyzmatdaşlygyň bolmaýandygy durmuş tejribesinden belli. Şunda ösüş üçin zerur şertleriň biri bolan parahatçylygy halkara derejede üpjün etmek wezipesiniň baş wezipeleriň hatarynda kesgitlenmegi ýakyn geljekde döwletara ykdysady hyzmatdaşlygy ynanyşmak esasynda mundan beýläk-de ösdürmek meselesini ählumumy gün tertibinde öňe çykarýar. Durnukly ösüşe we howpsuzlyga ýardam bermek wezipesinden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň bu strategiýasynda ýurtlaryň arasynda ynanyşmak ýörelgesine uly ähmiýet berilmegi, ilkinji nobatda, onuň dünýä döwletleriniň özara garaşlylygynyň artýan döwründe halkara gatnaşyklarda ýüze çykýan nogsanlyklary, päsgelçilikleri aradan aýyrmaga mümkinçilik berýän netijeli gural bolup durýandygyndan ybaratdyr. «Ynanyşmak» sözi biri-biriňe ynanmagy aňladýar. Birnäçe ýurtlaryň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklarda, hususan-da, ykdysady bähbitleri dürli-dürli bolan döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk edilende bu şerti ýerine ýetirmek çylşyrymly meseleleriň biri hasaplanýar. Munuň üçin hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň hemmesi tarapyndan uly tagallalaryň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň bar ýerinde hökmany suratda ösüşiň, özgertmeleriň, öňe gidişligiň, abadançylygyň bardygy tejribede subut edilen hakykatdyr.

Tutuş dünýäde parahatçylygyň üpjün edilmegi hökmany suratda dürli ýurtlaryň milli bähbitlerini sazlaşdyrmak ýörelgesinden ugur alýar. Häzirki döwürde globallaşmak hadysasynyň halkara gatnaşyklaryna edýän täsiriniň barha artmagy döwletiň milli garaşsyzlygy, onuň milli bähbitleri baradaky mesele babatynda täzeçe çemeleşmeleriň ulanylmagyny şertlendirdi. Bähbitler jemgyýetiň, döwletiň, tutuş dünýäň ösüşine itergi berýän güýç bolup durýar. Ol özgertmeleriň geçirilmegini höweslendirýär ýa-da olaryň maksady bolup durýar. Şol sebäpli bähbitleri goramak islendik ulgamyň esasy maksadydyr.

Dünýä ýurtlarynyň özara baglanyşygynyň çuňlaşýan häzirki şertlerinde bähbitleriň 3 sany görnüşi tapawutlandyrylýar: milli bahbitler, beýleki ýurtlaryň bähbitleri, tutuş dünýä ulgamynyň bähbitleri.

Milli bähbitler ýurduň ösen derejesine baglylykda kesgitlenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamak, ýurdumyzyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini üpjün etmek bellenilýär. Döwletimiziň daşary syýasat ugry hut şu bähbitlerden ugur alnyp durmuşa geçirilýär. Şunda milli bähbitleriň obýektiw we subýektiw täsirleriň esasynda kemala gelýändigi aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagy milli bähbitlerimiziň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyny şertlendirdi. Häzirki döwürde Türkmenistanyň öňe sürýän milli bähbitleriniň esasy aýratynlygy onuň ulgamlaýyn häsiýeti bilen baglanyşykly bolup, onda ýurduň içki ösüşine möhüm ähmiýet berilýär. Daşary syýasatyň esasy wezipesi içki ösüşi üpjün etmek üçin amatly daşary şertleri döretmekden ybaratdyr.

Ýurduň bähbitleri ýa-da milli bähbitler onuň beýleki döwletler bilen gatnaşyklarynda ýüze çykýar. Häzirki döwürde Türkmenistan diňe bir öz hususy bähbitlerinden ugur alman, eýsem, beýleki ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerini sazlaşdyrmaga çalyşýar. Bu garaýyş-düşünje hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesinde öz beýanyny tapýar.

Türkmenistan bu gün dünýä bileleşigine ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn nusgasyny görkezýär. Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dünýäniň 100-den gowrak döwletleri bilen ýola goýan söwda-ykdysady gatnaşyklary amala aşyrylýan daşary ykdysady syýasatyň netijeliliginden nyşan.

«Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini daşary ykdysady strategiýasynyň ýol-ýörelgesine öwürmegi başaran Türkmenistanyň häzirki döwürde öňe sürýän milli bähbitleri köp babatda ählumumy ösüşe degişli iri taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar. Häzirki döwürde ýurtlaryň arasynda özara baglanyşygyň güýçlenmegi olaryň milli bähbitlerini sazlaşdyrmak meselesi babatynda täzeçil garaýyşlaryň kemala getirilmegine zerurlyk döretdi.

Milli bähbitler döwlet syýasatynyň binýatlaýyn düşünjesi bolup, ol milletiň ösüşiniň möhüm ugurlaryny, ýurduň kuwwatyny ýokarlandyrmagyň ýollaryny, şeýle-de onuň ähli raýatlarynyň hem-de halkyň abadançylygynyň hatyrasyna gönükdirilen döwlet işini aňladýar. Başgaça aýdylanda, ol döwletiň häzirki döwürde akyl ýetirilen möhüm ähmiýetli isleglerini kesgitleýär. Milli bähbitleriň düzüm bölegi bolup durýan ykdysady bähbitler ýurduň ykdysady garaşsyzlygyny goramak, durnukly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly bolup, onuň düýp mazmuny milli ykdysady ösüş üçin has amatly şertlerde döwletiň esasy bähbitlerini ykdysady serişdeler arkaly üpjün etmekden ybaratdyr. Her döwletiň öz milli ykdysady bähbitleriniň bardygyny, şol bir wagtda olaryň köpdürlüdigini nazara alsak, onda birnäçe döwletleriň arasynda olary sazlaşdyrmak meselesiniň näderejede çylşyrymly meseleleriň biri bolup durýandygyna göz ýetirmek kyn däl. Ykdysady meseleler boýunça döwletara gepleşikleriň geçirilmegi, halkara derejede forumlaryň we duşuşyklaryň guralmagy dünýä tejribesinde milli bähbitleri sazlaşdyrmakda öz oňyn netijelerini görkezen gurallaryň biridir.

Täze şertlerde hiç bir döwlet beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmän, milli ykdysadyýetini özbaşdak ösdürmäge ukyply däldir. Bu ählumumylaşýan ykdysadyýetiň esasy häsiýetleriniň biri bolup, ol döwletara gatnaşyklary ösdürmekde döwrebap çemeleşmeleriň ulanylmagyny şertlendirýär. Hususan-da, halkara ykdysady taslamalar amala aşyrylanda, ýurdumyzyň milli ykdysady bähbitleri bilen bir hatarda, beýleki hyzmatdaş döwletleriň hem bähbitleriniň utgaşdyrylmagy ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli bolmagyna getirýän şertlerdir. Hut şu deliller halkara giňişlikde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça türkmen tarapynyň orta atýan tekliplerini özüne çekiji edýär we olaryň durmuşda amala aşyrylmagyny şertlendirýär.

Dünýä ykdysadyýetiniň şu güni we geljegi seljerilende, durmuş-ykdysady meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine zerurlyk döreýär. Munuň esasy sebäbini hödürlenýän halkara taslamalaryň amala aşyrylmagynda ýüze çykýan töwekgelçilikli ýagdaýlary kemeltmekde we olaryň öňüni almakda bilelikdäki tagallalaryň netijesiniň ýokary bolýandygy bilen düşündirmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan özüniň daşary ykdysady syýasatynyň çäklerinde doly möçberli we oňyn hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag-aragatnaşyk, syýahatçylyk çygyrlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin dünýä bileleşiginiň dykgatyna täze çemeleşmeleri we teklipleri hödürleýär. Ykdysady çygyrda amala aşyrylýan sebitleýin hyzmatdaşlyk dünýä tejribesinde şeýle gatnaşyklaryň netijeli görnüşleriniň biri hökmünde özüni görkezdi.

Türkmenistanyň dünýä ösüşiniň meselelerini bilelikde çözmek boýunça öňe sürýän garaýyşlary we teklipleri diňe biziň döwletimiziň ileri tutulýan ugurlaryna jogap bolman, eýsem, dünýä bileleşiginiň bähbitleriniň hatyrasyna parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam edýär.



Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygy,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.



«Türkmenistan» gazeti, № 186 (29780). 23.07.2020ý.