Täzelikler

Türkmenistan bilen Russiýanyň Astrahan oblastynyň arasynda gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

19.09.2020
1600515119
18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň...
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ykdysady üstünlikleriniň sergisine we sanly ykdysadyýet boýunça maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

19.09.2020
1600460536
Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenista...

Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň firma dükanlarynyň sany artýar

17.09.2020
1600360212
Aşgabatda, Oguz han köçesiniň ugrundaky «Dokmahyzmat» Döwlet kärhanasynyň ýanynda pudagyň kärhanalarynda öndürilýän ö...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisi

17.09.2020
1600368085
Şu gün Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejli...

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

15.09.2020
1600191712
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prez...

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça gepleşiklerde çykyş etdi

12.09.2020
1599911023
Şu gün Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 30-a golaý ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkar...

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärlerine

12.09.2020
1599861573
Hormatly gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleri! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe büt...

“Ak kerweniň” ak ýoly

09.09.2020
1599673500
9-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata ...
  • Image
  • Image



SANLY ÖZGERTMELER WE ZÄHMET BAZARY


Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar ykdysadyýetiň we jemgyýetiň ösüş ýollaryny kesgitleýän möhüm şerte öwrüldi. Şol bir wagtda ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy adamlaryň durmuşynda düýpli özgertmeleriň bolup geçmegine hem itergi berdi. Sanly ykdysadyýet köp ýurtlaryň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup, ol ABŞ, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Ýaponiýa ýaly ykdysady taýdan ösen döwletleriň ykdysady we durmuş ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Düzgün bolşy ýaly, “sanly ösüş meýilnamasyny” durmuşa geçirmek işi özüniň uzak möhletliligi we ileri tutulýan ugurlarynyň dowamlylygy bilen tapawutlanýar. Bu iş binýatlaýyn maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasyny kemala getirmekden başlap, bu çygyrda sazlaşykly syýasaty we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny goldaýan maksatnamalary işläp taýýarlamak işlerini öz içine alýar.

Soňky ýyllarda, beýleki dünýä ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem sanly gurşaw döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi geljekki ýyllarda häzirki hereket edýän pudaklaryň tapgyrlaýyn sanlylaşdyryljakdygyny aňladýar. Ýurt derejesinde ykdysady ösüşiň «däp» bolan ugruna öwrülýändigine garamazdan, häzirki döwürde milli ykdysady ulgam sanlylaşdyrmagyň geçiş tapgyryny başdan geçirýär. Bu şertler häzirki döwürde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärlerden sanly sowatlylygyň, maglumatlary gözlemek, döretmek, işläp taýýarlamak, ulanmak, paýlaşmak ukyplarynyň ösdürilmegini talap edýär.

Bu, öz gezeginde, sanlylaşdyrmagyň adam durmuşynyň we işleriniň ähli ugurlarynda düýpli özgerişlikleriň amala aşyrylmagyny talap edýändigini tassyklaýar. Çünki sanly tehnologiýalar diňe bir täze pudaklaryň döremegine, hereket edýänleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna itergi beriji güýç bolman, eýsem, ilatyň garramagy, jemgyýetiň gatlaklara bölünmegi, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ýaly durmuş meseleleriniň çözülmegine hem özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Bu ýagdaý jemgyýeti durmuş taýdan özgertmekde, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmakda sanlylaşdyrmak hadysasyna möhüm ornuň degişlidigini görkezýär.

Daşary ýurt tejribesinden görnüşi ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ylmyň ösmegi bilen adamyň zerurlyklaryna gönükdirilen “akylly” jemgyýet döreýär. Şeýle jemgyýetiň esaslarynyň, ilkinji nobatda, çeýelik we döredijilik ýaly täze gymmatlyklaryň ýüze çykmagy adam faktorynyň ähmiýetiniň üzül-kesil artmagyna getirýär. Sanlylaşdyrmagyň täsiri astynda zähmet bazarynda, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň ösüşinde hem düýpli özgerişlikler bolup geçýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, zähmet bazarynda nähili üýtgeşmeleriň bolup geçjekdigi baradaky meseleler köpleriň ünsüni özüne çekýär.

Sanlylaşdyrmak zähmetiň awtomatlaşdyrylmagy netijesinde, birnäçe däp bolan hünärleriň tehnologik taýdan çylşyrymlaşmagynyň, käbir ýagdaýda bolsa ýitip gitmeginiň, şol bir wagtda täze-täze hünärleriň ýüze çykmagynyň hem esasy sebäpleriniň biri bolup durýar. Täze şertlerde zähmet gatnaşyklarynyň we iş bilen meşgullygyň segmentleriniň belli bir bölegi wirtual ýaýrawa geçýär. Şunda iş üpjünçilik çygrynda däp bolmadyk, bölekleýin ýa-da durnuksyz, bir gezeklik ýaly iş bilen meşgullygyň paýynyň artmagy olaryň çeýe görnüşleriniň agdyklyk edýändigini görkezýär. Bu, öz gezeginde, sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny, zähmet bazarynda täze başarnyklaryň kemala gelmegini şertlendirýär. Beýle diýildigi, sanly eýýamyň talaplaryna laýyk gelýän işçi güýjüniň hünär taýdan taýýarlanylmalygyny, netijede, bilim ulgamynyň işiniň döwrebap derejede guralmalygyny aňladýar.

Halkara bilermenler ýakyn döwürde sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, maglumatlara çäklendirilmedik elýeterliligi bolan hem-de sanly başarnyklary ele alan ýaşlaryň zähmet bazaryna goşulyşjakdyklaryny belleýärler. 2025-nji ýyla çenli olaryň paýynyň dünýä boýunça iş bilen meşgullanýanlaryň dörtden bir bölegine deň boljakdygyny çaklaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, zähmet bazarynyň meseleleri bilen içgin meşgullanýan alymlarynyň berýän maslahatlaryna görä, häzirki döwürde zähmet bazaryna girýän ýaşlaryň gymmatlyklar ulgamynda, ozalky ýaş nesillerden tapawutlylykda, diňe bir gulluk basgançagynda ösmek, ýokary zähmet hakyny almak ýaly gymmatlyklar bilen bir hatarda, iş bilen bagly bolmadyk beýleki meýilleriniň bardygyny nygtaýarlar. Bu ýagdaý iş berijileriň öňünde täze şertleri goýýar, ýagny sanly başarnyklary bolan nesliň gymmatlyklaryndan ugur alyp, ýaşlary işe kabul etmek, şeýle-de ýaş işgärleri iş orunlaryna berkitmek üçin täze usullaryň gözlenilmegi möhüm meseleleriň biridir.

Ykdysadyýetiň sanlylyşdyrylmagy netijesinde, ýaşlar zähmet bazarynyň ösüşinde ýüze çykýan şeýle meýiller alymlardyr ykdysatçylar tarapyndan içgin öwreniler.



Serdar GURBANOW,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň,
baş hünärmeni.



«Türkmenistan» gazeti, № 229 (29823). 10.09.2020ý.