Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

26.07.2021
27 07 1
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kab...

Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynda gazanan üstünligi

26.07.2021
23b1ab5dafbb5ec4c41394d51db1c5a92a97ab4621657ad38aee2a348ce9c227
Türkmenistanly mekdep okuwçylary – Nagym Taňrygulyýew, Muhammetmyrat Goçmyradow, Jennet Zamanowa dagy 14-nji iýuldan ...

Türkmenistan «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021» sammitine gatnaşar

20.07.2021
5b423f5596e96e74e7d18616ee82a2e69f0754d7327f054e632120c5d076f942
28 – 30-njy iýulda Tatarystan Respublikasynda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021» atly XII halkara ykdysady s...

Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

15.07.2021
Ecc235896ac7848f53ce5916bd3c14a89f6986ffb6123b31c972bb90f0aa1166
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we müm...

Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini Daşkentde geçiriljek konferensiýa gatnaşyjylar ara alyp maslahatlaşarlar

14.07.2021
8ae887b6fd1727e0adf0260caec25c2236181e96986c03a6c13795fa4f4935af
Iýul aýynyň 15-16-synda Daşkentde geçiriljek “Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özara gatnaşyk. Kynçylyklar we müm...

Türkmen-hytaý gatnaşyklary berkeýär

13.07.2021
8c128f19b55223883e7e34d248ba27cfcb44f6c6c76a0176062fb55fc43f6ec1
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşyg...

Benziniň dünýädäki orny

08.07.2021
63451a1e642dfabd7ea7bc661fc10279f219a2f3426f01fe4d82dca23e2c226c
Dünýä ýurtlarynda benziniň bahasy barada maglumat çap edýän ýörite saýtlar Türkmenistanda oktan derejesi 95 bolan ben...

Hormatly Prezidentimiz “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

29.06.2021
P 003
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künje...
  • Image
  • Image



Gender deňligi


Image

Adam hukuklaryny goramak, şol sanda gender deňligi meselesi jemgyýetçilik durmuşynyň demokratiýalaşdyrylmagynyň esasy şertleriniň biri hasaplanylýar. Hut şol sebäpli­de, adamyň ýaşamaga, zähmet çekmäge, bilim almaga, hünär öwrenmäge, maşgala gurmaga bolan hukugy we beýleki binýatlaýyn hukuklary barada gürrüň edilende gender deňliginiň üpjün edilmegi aýratyn nygtalýan meseleleriň hataryna girýär.

Gender deňligi aýal­gyzlaryň, erkek kişileriň konstitusion hukuklarynyň, azatlyklarynyň, şeýle­de olaryň jemgyýetdäki borçlarynyň deň goýulmagyny, birmeňzeş teswirlenilmegini, deň garalmagyny we deň derejede berjaý edilmegini mizemez kada hökmünde öňe çykarýar. Gender deňligi zenanlaryň kanunyň, jemgyýetiň, milli adatyň, ruhy­ahlak ýörelgeleriň öňünde deň kadalara tabyn bolýanlygyny, hukuklara, borçlara deň derejede eýedigini aňladýar.

Türkmenistan gender deňligi meselesine, edil adam hukuklary bilen baglanyşykly beýleki meselelerde bolşy ýaly, toplumlaýyn, hemme taraplaýyn çemeleşýär. Döwlet özüniň bu ugurda ýöredýän syýasatyny iri halkara guramalary bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak arkaly alyp barýar. Şol bir wagtyň özünde zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatynda Türkmenistanda ýöredilýän syýasat hem bu mesele bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler türkmen halkynyň kämil ruhy-ahlak ýolunyň mazmunyny, türkmenlerde zenan mertebesiniň elmydama belent tutulýandygyny aýdyň görkezýär.Türkmen halkynyň gadymdan miras galan däp­dessurlarynyň esasylarynyň biri zenan maşgala tebigy gözelligiň, näzikligiň, ahlak päkliginiň iň ýokary nusgasy hökmünde garalmagydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem zenan sarpasy jemgyýetimizi pugtalandyrýan egsilmez güýje öwrüldi. Zenanlara hormat goýmak, enelik hukugyna mukaddeslik derejesinde garamak döwlet syýasatynyň baş ýörelgeleri niň hataryna girýär. Şonuň netijesinde Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksine laýyklykda, döwletimiz tarapyndan perzendi dünýä inen zenanlarymyza çaganyň üç ýaşyna çenli döwlet kömek pullary, pensiýa ýaşyna ýeten raýatlarymyza pensiýalar ýa­da durmuş kömek pullary berilýär. Ýaş bäbekli gelinlerimize kömek pullary işleýändigine ýa­da işlemeýändigine garamazdan bellenilýär hem­de tölenilýär. Eger zähmet çekýän bolsa, tölegsiz rugsatlar berlip, onuň iş orny saklanyp galýar.

Reproduktiw saglygy goramak meselesinde­de zenanlar barada uly alada edilýär. Nesil dowamatynyň sagdynlygyny üpjün etmek, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek meseleleri döwletimiziň üns merkezinde saklanýar. Okaýan ýa­da zähmet çekýän ýaş çagaly gelinlere çagany ene süýdi bilen üpjün etmek maksady bilen, iş wagtynyň dowamynda her iki sagatdan rugsat berilýär. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, çaganyň irki ösüşi bilen baglylykda bimöçber aladalar edilýär. Iň esasysy bolsa, aýal maşgala çaga terbiýesi meselesinde dünýäniň başga hiç ýerinde duş gelmeýän ýeňillikler berilýär. Türkmen gelin­gyzlary indi ýurduň jemgyýetçilik durmuşynyň dürli gurşawlarynda öz hukuklaryndan doly peýdalanyp zähmet çekýärler.

Bu mysallardan aýdyň görnüşi ýaly, Türkmenistanda gender syýasatynyň diňe bir halkara hukugynyň mizemez kadalaryna eýerilýän görnüşde däl­de, eýsem, taryhy müňýyllyklara uzap gidýän türkmen halkynyň gadymdan miras galan milli gymmatlyklaryna hem doly esaslanan görnüşde ýöredilýänligini görmek bolýar.



Aksona ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan
goramak ministrliginiň baş hünärmeni.



«Diýar» žurnaly, № 2 (346). 2021ý.