Täzelikler

Köpçülikleýin ekologiýa çäreleri Watanymyzyň gülläp ösmegine goşantdyr

09.05.2021
C1e221d43012c71ebc9663ab02cbaeb5d2db0e189d9785ea6378dd79dc321222
Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary paýtagtymyzda 10 — 25-nji maý günlerinde ekologik çäräni gura...

Türkmenistana Hytaýyň “CoronaVac” sanjymy getirildi

09.05.2021
4e930568c71155e976d2a40d46e4886ba6db1b2475707b48e599122411c0e008
Şu gün COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVa...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Ýeňiş Güni bilen gutlady

09.05.2021
C277a4a75fc0e7c64218f8874d28296bb76274fb35d30e9dc070f2fc17566f92
Eziz halkym! Hormatly uruş weteranlary! Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 7...

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

06.05.2021
C277a4a75fc0e7c64218f8874d28296bb76274fb35d30e9dc070f2fc17566f92
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasy...

Türkmen talyplary halkara internet-olimpiadada 31 sany altyn medal gazandylar

04.05.2021
2a0f00557508678b262f77fc7846440967bdf4a6d0743c9fd7403e5b51ed636b
31 ýeňiji we 95 baýrakçy – bular Türkmenistanyň wekilleriniň Powolžýäniň Döwlet tehnologik uniwersiteti (Ýoşkar-Ola ş...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

30.04.2021
F68d232e8efc2031496f2358ac3e51dfda515bfa5922efa7537080a909178490
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini...

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

30.04.2021
D66d542b693b0d3ccf237c99c0c9df17c8926960beab1ac7243c7824f2a53f3c
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edaras...

TOPH gazgeçirijiniň owgan böleginiň howpsuzlygynyň esasy Şertlerine gol çekildi

16.04.2021
25359a351c0dc37c89db7e58567bc8e192966c9bb6bae53d1fdc1b09799a5e0d  1
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabul şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiri...



DURMUŞ ÜPJÜNÇILIGI PUGTALANDYRYLÝAR


Image

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň aýdyň alamatyna öwrülen durmuş syýasaty adamyň bähbitlerine, hak-hukuklaryna sarpa goýýar, onuň döwrebap we mynasyp ýaşaýşyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň ygtybarly durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda edýän tagallalary ähli ugurlarda özüniň oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe pensiýa we döwlet kömek pullary ulgamyndaky özgertmeler ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň biridir.

Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwleti bolmak bilen, özüniň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda adam deňhukuklygynyň we wyždan azatlygynyň berjaý edilmegi ýaly ýörelgelere eýerýär. Döwletimiz jemgyýetiň gazanan maddy gymmatlyklaryny, baý tebigy mümkinçiliklerini adamlaryň bähbidine ulanmaga, ygtybarly durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirýär. Şol sanda durmuş üpjünçiliginiň subýektleri hökmünde ýetim çagalar we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, şeýle-de olar babatynda kanunçylygy berjaý etmek we kämilleşdirmek wezipesi hem döwletiň paýyna düşýär.

Ilatyň girdejileri yzygiderli artdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň 2020-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyryldy.

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, döwletimiz tarapyndan zähmete ukypsyz adamlara, maýyplygy bolan adamlara, çagaly maşgalalarа we beýlekilere pensiýalar hem-de döwlet kömek pullary tölenilýär. Bu kodekse laýyklykda, üstümizdäki ýyl üçin ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýanyň möçberi çagalaryň birine 539 manat 40 teňňe, çagalaryň ikisine 855 manat 60 teňňe, çagalaryň 3 we ondan köpüsine 1060 manat 20 teňňe möçberinde kesgitlenildi.

Ýurdumyzda ýetim we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara aýratyn üns berilýär. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekilip, oňa laýyklykda, girizilen goşmaçalaryň esasy mazmuny ýetim çagalary durmuş taýdan goramagyň çärelerine bagyşlandy. Ýurdumyzda ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara ýazuw we okuw esbaplaryny almak üçin Döwlet býujetiniň hasabyna birwagtlaýyn pul kömegi berilýär, muňa döwletiň doly üpjünçiliginde bolýan ýetim we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar degişli däldir.

Birwagtlaýyn pul kömegi her ýylda okuw ýylynyň başlanmagyna bir aý galanda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan bellenilen tertipde tölenilýär. Häzirki wagtda onuň möçberleri şu aşakdakylara deňdir:

- umumybilim berýän orta mekdeplerde okaýan ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara – 957 manat;

- başlangyç, orta we ýokary hünär okuw edaralarynda okaýan ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara – 1914 manat.

Türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. “Ýetime, ýesire garaşyk etmek sogapdyr” diýýän halkymyz her bir hereketini, edýän işini ýagşy niýetlilik, ynsanperwerlik bilen baglanyşdyrypdyr. Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Halkymyzyň häsiýetine mahsus bolan ýetimlere howandarlyk etmek, ejizleri goldamak biziň pederlerimizden gelýän ýörelgelerdir. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş neslimiziň, hususanda, howandarsyz galan çagalaryň akyl, ruhy, beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin beýik işler amala aşyrylýar.

Bu işler döwlet Baştutanymyzyň: “Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak biziň baş maksadymyz bolup durýar” diýen sözleriniň durmuşda öz beýanyny tapýandygyndan nyşandyr.



Serdar GURBANOW,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni.



«Türkmenistan» gazeti, № 92 (30018). 12.04.2021ý.