Täzelikler

Türkmenistan Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň mejlisine gatnaşdy

13.10.2021
B9f4d72d63fb14bc51494a27905c1c5e3da3b8c7f5d7b30f4f867474e67c3e71
2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Nur-Soltan şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça...

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

13.10.2021
131021 pr 01
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ...

Sebitdäki iň uly söwda we dynç alyş merkezi Aşgabatdadyr

13.10.2021
Af9ca9b3a9ce4ee2633b9cbb055ee4b3a86425aa422de3ecc9e6d9e61af871be
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşma...
  • Image
  • Image

Türkmenistanda halkara lukmançylyk forumy geçirildi

08.10.2021
07cb759504db2dcb41ef1c95633e127468df7bf13abf459216fe389ca0e0b3ec
Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe b...
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýoly bilen

07.10.2021
616dc6f3c8d842f653cf65c9c4c46ffd0ff551c85168f321e982d33183c73b8c
Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçi...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

06.10.2021
07 10 001
Şu gün — Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepa...
  • Image
  • Image

Türkmen talyplary Halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyryna çykdylar

05.10.2021
Ec6793f218078629aed694e34f1964ffe6bdb247b3b8c0820190fd293aa9afb9
Türkmenistanyň ýedi ýokary okuw jaýlarynyň talyplary Russiýa Federasiýasynyň Ylym we Ýokary bilim ministrliginiň howa...

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary başlandy

04.10.2021
05 10 002 pr
Şu gün günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Özbegista...
  • Image
  • Image



ÖZGERTMELER ÝOLY BILEN, ÖSÜŞIŇ BELENTLIKLERINE TARAP


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçen giňişleýin mejlisinde şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netiejeler we ýetilen sepgitler baradaky meselelere seredildi. Milli ykdysadyýetimizde daşary amatsyz şertleriň ýaramaz täsiriniň häzirki döwürde hem dowam edýändigine garamazdan, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş derejesiniň 6,1 göterime deň bolmagy ýurdumyzda dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň oňyn netijeleri bolup durýar. Gurşap alýan durmuş meseleleriniň çuňlugy we möçberi bu özgertmeleri ösüşleriň iteriji güýji hökmünde häsiýetlendirmäge esas döredýär.

Aslynda, islendik özgertme bir zadyň başga bir görnüşe geçmegini, owalky bolşundan başga hala geçmegini, üýtgemegini aňladýar. Haçan-da bu özgertmeler jemgyýetçilik bähbitlerinden, adamlaryň isleg-hajatlaryndan ugur alan ýagdaýynda olaryň has-da netijeli bolýandygyny durmuş hakykaty görkezýär. Häzirki döwürde milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagynda, raýatlaryň girdejileriniň artmagynda, ýaşaýyş jaý üpjünçiliginiň gowulanmagynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar.

Her döwür özüne mahsus bolan wajyp meseleri orta çykarýar. Häzirki döwür dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän döwri, şeýle-de koronawirus ýiti ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly girizilýän mejbury çäklendirmeleriň döwri hökmünde häsiýetlendirilýär. Milli ykdysady ösüşe özüniň amatsyz täsirini ýetirýän şeýle şertlerde döwrüň bildirýän talaplaryndan ugur alyp, ösüşiň amatly nusgasyny gözlemek meselesi islendik döwlet üçin, şol sanda biziň ýurdumyz üçin hem wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän kynçylykly döwürde hem ösüşe ukyply bolmak döwlet syýasatynda strategik ugurlaryň dogry kesgitlenendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu gün Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligine ösüşiň «türkmen nusgasynyň» oňyn tejribesini äşgär edýär.

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek meselesi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýädäki täze şertleriň göz öňünde tutulmagyny talap edýär. Durmuş-ykdysady şertleriň üýtgemegi netijesinde bolup geçýän özgertmeler tutuş ykdysady ýagdaýa, şol sanda ýurda getirilýän we ýurtdan iberilýän harytlaryň düzümine hem-de möçberlerine öz täsirini ýetirýär. Bu ýagdaý ýurdumyzyň söwda dolanyşygynda eksport-import amallaryny kämilleşdirmek meselesini döwrüň strategik ähmiýetli meseleleriniň birine öwürýär.

Öz ykdysady strategiýasynda eksporta gönükdirilen, şeýle-de importy çalyşýan önümçiligi ösdürmek ugruny ileri tutýan türkmen döwleti üçin häzirki döwürde eksporty höweslendirmegiň, oýlanyşykly import amallarynyň has netijeli görnüşlerini we usullaryny saýlamak zerurlygy ýüze çykýar. Asyl manysynda importy çalyşmak içki bazarda import edilýän önümleriň möçberiniň azaldylmagyny aňladýar, ýöne ol daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň doly çalşylmagyny göz öňünde tutmaýar. Çünki bu dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynda ýurduň ykdysady üzňeligine getirýän sebäpleriň biri hasaplanýar. Şol sebäpli importy çalyşýan syýasaty oýlanyşykly alyp barmak ykdysady taýdan bähbitli bolup durýar. Import önümleriniň ornuny çalyşmak ugrunda alnyp barylýan işler döwletiň ykdysady strategiýasynyň we senagat syýasatynyň bir görnüşi bolup, import edilýän senagat harytlaryny we tehnologiýalary milli önümçiligiň önümleri bilen çalyşmak arkaly ýurduň içindäki öndürijileri goramaga gönükdirilendir. Bu ugur, bir tarapdan, önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagyny höweslendirmegiň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, beýleki tarapdan, goşulan gymmaty ýokary bolan önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmegiň hasabyna milli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagy maksat edinýär. Şunda täze tehnologiýalaryň ýokary derejede ösdürilmegi, şeýle-de ykdysady taýdan işjeň ilatyň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy öňde duran maksatlary üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şertleri bolup durýar.

Importy çalyşmak meselelerini çözmegiň ýollarynyň we mehanizmleriniň dürli-dürlüdigine garamazdan, içki çig mal we zähmet gorlaryny ulanmagyň, önümçilik kuwwatyny ösdürmegiň esasynda barha artýan islegleri kanagatlandyrmak, importyň ornuny tutýan önümleriň durnukly önümçiligini gazanmak möhüm ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 6 aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän we import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzda öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmak barada beren tabşyrygy dünýä ösüşiniň häzirki şertlerinde importyň ornuny tutýan önümleri mümkin boldugyça öz hususy önümçiliginiň hasabyna üpjün etmek meselesiniň dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän şertlerinde netijeli ugurlaryň biri bolup durýandygyny görkezýär.

Bu Maksatnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda diňe bir eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümleriň möçberiniň artdyryljakdygyny aňlatman, eýsem, täze iş orunlarynyň döremegine hem itergi berer. Bu mejlisde ýurt Baştutanymyzyň täze iş orunlaryny döretmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamak barada döwlet ýolbaşçylaryna beren tabşyryklary häzirki daşary amatsyz şertlerde hem ilatyň durmuş derejesiniň peselmeginiň öňüni almak ugrunda uly tagallalaryň edilýändigini aňladýar. Döwlet derejesinde kabul edilýän şeýle çözgütler adam bähbitli işleriň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň we häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Dünýä tejribesinden görnüşi ýaly, ýokary ykdysady netijeleri gazanmak üçin diňe bir önümçiligi döwrebap derejede ösdürmek, ýagny önümi öndürmek ýeterlik bolman, eýsem, olary içeri we daşary bazarlarda ýerlemek meselesi hem häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridir. Bu ýagdaý önümleri ýerlemekde täze netijeli usullaryň gözlenilmegini talap edýär. Sarp edijileriň täze bazaryny gözlemekde, wagt içinde olaryň çalt özgerýän isleglerini kanagatlandyrmakda ýurtda, şeýle-de dünýäniň beýleki döwletlerinde guralýan sergi-ýarmarkalara gatnaşmak, söwda öýlerini açmak ýaly çäreler öz netijeliligi bilen tapawutlanýar. Mejlisiň dowamynda Arkadag Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek Bütindünýä sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de sergide Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini giňden görkezmek barada beren tabşyrygy «Türkmenistanda öndürildi» diýen haryt nyşanynyň «tanalmak indeksiniň» ýokarlanmagyna itergi berýän şertleriň ýene-de biri bolup durýar. Mundan başga-da sanly ulgamyň döredýän artykmaçlyklaryndan peýdalanyp, ýerli we daşary ýurtly alyjylar üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sanawy, hili, bahasy baradaky türkmen we daşary ýurt dillerindäki maglumatlaryň elýeterli bolmagyny üpjün etmek ugrunda alnyp baryljak işler hem türkmen öndürijileriniň eksport amallarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagyna ýardam berer.

Milli ykdysadyýetimiziň gurujylyk kuwwaty bu gün köplerde gyzyklanma döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adam maýasynyň ösmegini şertlendirýän durmuş pudaklarynyň, ýagny ylym-bilim, saglyk, medeni we sport maksatly desgalaryň gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi ýurdumyzyň beýleki pudaklarynda amala aşyrylýan iri özgertmeleriň tiz we ýokary hilli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Häzirki döwürde senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen dowam etdirilip, ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylmagy Türkmenistanda maýa goýum syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. 2021-nji ýylyň 1-nji iýuny ýagdaýyna görä, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň mukdary jemi içerki önümiň 15,9 göterimine barabar boldy. Bu gazanylan we gazanylýan üstünlikler her birimiziň eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl her birimiz üçin wajyp ýyllaryň biri. Bu gün mähriban Diyarymyz türkmen döwletliliginiň goşa ganatynyň biri bolan şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny uly üstünlikler bilen garşylaýar. Ýubileý ýylynda açylmagy meýilleşdirilýän önümçilik we durmuş maksatly binalaryň giň sanawy gurmakda we döretmekde ýurdumyzyň gadamlarynyň batlydygyny tutuş dünýä äşgär etmek bilen bir hatarda, ol sebit syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini hem alamatlandyrýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň düýpli özgerdilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenen. Bu ýagdaý bitewi ykdysady ulgamyň aýratyn düzümleri hökmünde sebitleriň her biriniň ykdysady deňagramlylygy we durnuklylygy üpjün etmekde uly ähmiýetiniň bardygy bilen baglanyşyklydyr. Her bir sebit öz geografik ýerleşişi, ýer-suw we mineral-çig mal serişdeleriniň paýlanylyşy, demografik ösüşiň aýratynlyklary bilen şertlendirilen zähmet gorlarynyň ýagdaýy bilen biri-birinden tapawutlanýar. Hut şu sebäpler olaryň durmuş-ykdysady ösüşinde tapawutlaryň ýüze çykmagyna şert döredýär, ahyrky netijede, ýurdumyzyň sebitleriniň gyradeň ösüşini gazanmak hem-de olaryň ösüşini çaltlandyrmak meselesiniň wajyplygyny artdyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda sebitleri ösdürmek, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmak babatynda uly möçberli taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylmagy bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi.

Giňişleýin Hökümet mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidemtimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň belleniljek ýylynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalar we desgalar barada durup geçmegi halkara giňişliginde gurujy döwlet hökmündäki ornumyzyň has-da pugtalanýandygynyň ýene-de bir tassyknamasy boldy.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dokma toplumynyň, Babadaýhan etrabynda tikinçilik önümlerini öndürýän toplumyň, Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Aşgabat – Tejen böleginiň, Änew şäherinde, Ak bugdaý, Tejen, Babadaýhan etraplarynda umumybilim berýän mekdepleriň ulanylmaga berilmegi bu sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine tizlik berjek şertler bolup durýar. Mundan başga-da Balkanabat şäherinde 3 müň orunlyk «Türkmeniň ak öýüniň» hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň binalarynyň, Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň, 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň günbatar sebitinde diňe bir medeni kuwwatynyň pugtalanmagyna ýardam bermän, eýsem, ilata hödürlenýän ýokary hilli saglyk hyzmatlarynyň paýynyň artmagyna hem getirer. Şu ýyl Daşoguz welaýatynda 3 müň orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binasyny hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýyny, Daşoguz şäherinde birnäçe döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, Gubadag etrabynda bolsa haly önümleri kärhanasyny, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda häzirki zaman gazturbinaly elektrik stansiýasyny, Saýat etrabynyň çäklerinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-sini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Ýokarda agzalan iri desgalar we binalar bu sebitleriň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň girdejileriniň artmagyna, netijede, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna ýardam berjekdigine şaýatlyk edýär.

Döwlet býujeti milli ykdysadyýetimiziň häzirki ösüşine baha bermegiň maliýe guraly bolup durýar. 2021-nji ýyl üçin tassyklanan bu maliýe resminamasynyň durmuş ugurly bolmagy ýurdumyzyň durmuş derejeli döwlet hökmündäki ornuny has-da pugtalandyrýar. 2022-nji ýylyň Döwlet býujetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň, şeýle hem beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulmagy geljek ýylda hem ýurdumyzda adam bähbitlerine gönükdirilen ýoluň dowam etdiriljekdigine, adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galjakdygyna güwä geçýär. Şunuň bilen birlikde, täze ýylyň Döwlet býujetinde her etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri hem bellemek barada ýurt Baştutanymyz tarapyndan degişli ýolbaşçylara berlen tabşyryklar hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň gyşarnyksyz berjaý edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.



Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň
Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.



«Türkmenistan» gazeti, № 176 (30102). 12.07.2021ý.