Täzelikler

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri döwlet Baştutanymyzy Hindistan gününiň baýramçylygyna we ýokary derejeli sammite çagyrdy

03.12.2021
03122021 modi
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidentini Gurbanguly Berdimuhamedowy Hindi...

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy mätäç çagalaryň saglygyny bejermek üçin serişde goýberdi

02.12.2021
Fond
Ýurdumyzyň ýaş nesli barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň bagtly durmuşda ýaşamagy we sazlaşykly ösmegi, beden hem-de...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitindäki çykyşy

28.11.2021
2811 37
(Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabry) Hormatly Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşç...

Türkmenistan YHG agza ýurtlaryny energiýa we transport pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy

28.11.2021
2811 09
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlaryny ulag we energiý...

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi we Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi

28.11.2021
2811 38
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Gur...

ŞHG bilen gatnaşyklar Bitarap Türkmenistanyň “Açyk gapylar” syýasatynyň beýanydyr

25.11.2021
251121 51
Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Gura...

Awtoulag benzininiň eksporty artýar

25.11.2021
251121 09
Özbegistan Respublikasynyň Döwlet komitetiniň statistika boýunça metbugat gullugynyň habaryna görä, şu ýylyň 10 aýynd...

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

24.11.2021
Pr 25 11
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe top...



MERKEZI AZIÝA SEBITI: YKDYSADY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA BEÝIK IŞLER


Image


Şanly wakalary bilen Merkezi Aziýa sebitiniň taryhyna girjek günüň – 6-njy awgustyň gün tertibinde sebitiň ýurtlarynyň ykdysady forumy hem bar. Döwletara derejede guralýan bu forum Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleriň çäklerinde alyp barýan netijeli işleriniň ykrarnamasy bolup, ol Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmekde bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny äşgär edýär Bu halkara çärede garaljak meseleler we onuň jemi boýunça kabul ediljek resminamalar sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam döredýär.

Häzirki döwürde halkara ykdysady giňişlikde islendik ýurduň tutýan ornuny pugtalandyrmak üçin halkara gatnaşyklary dürli ugurlarda we dürli görnüşde ösdürmek zerur bolup durýar. Şunda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň köp ýurtlaryň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenmegi syýasy we ykdysady nukdaýnazardan bähbitli hasaplanýar. Çünki ykdysady meseleler boýunça döwletara gepleşikleriň geçirilmegi, halkara derejede forumlaryň we duşuşyklaryň guralmagy dünýä tejribesinde milli bähbitleri sazlaşdyrmakda öz oňyn netijelerini görkezen gurallaryň biridir.

Aslynda, ykdysady forum halkara derejede guralýan çäreleriň bir görnüşi bolup, oňa gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady ösüşi üçin ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdançany emele getirýär. Bu forumyň gurşap alýan meseleleri Merkezi Aziýa sebitiniň giňişliginde döwletara gatnaşyklaryň täze görnüşiniň döreýändigini äşgär edýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň ilkinji gezek geçirilýändigi aýratyn bellärliklidir. Oňa dünýä jemgyýetçiliginiň, hususan-da, bu sebite girýän döwletleriň uly gyzyklanma bildirmekleri şol ýurtlaryň tebigy baýlyklarynyň we uly mümkinçilikleriniň tutuş dünýäniň, şol sanda sebitiň bähbitleri üçin ulanylmaga taýýardygyny aýan edýär.

Şeýle forumlaryň geçirilmegi sebitiň şu gününi we geljegini nazarlaýan halkara taslamalaryň bilelikde işlenip taýýarlanmagyna badalga berýär. Sebitara infrastrukturanyň häzirki zaman giň ulag we aragatnaşyk ulgamynyň döredilmeginiň giňişlige girýän döwletleriň mundan beýläk-de global ykdysady ösüşe netijeli goşulyşmagyna güýçli itergi berjekdigini alamatlandyrýar. Mundan başga-da, bu ýurtlarda maýa goýumlaryň artmagyna we netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin şertleri üpjün etmäge ýardam berjekdigi gümansyzdyr. Foruma gatnaşjak döwletler tarapyndan ulag, syýahatçylyk, maýa goýum, energetika meseleleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň halkara geoykdysady giňişligiň täze keşbiniň kemala gelmegine ýardam berjekdigine ynamy güýçlendirýär.

Dünýä tejribesinde sebitleýin ykdysady forumlaryň birnäçe görnüşi bolup, onda şol giňişligiň şu günki we geljekki ösüşini üpjün etjek ugurlar boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döredilýär. Mundan başga-da, bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň nazary ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gönükdirilen.

Şu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitiniň 2018-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Nur-Sultan şäherinde, 2019-njy ýylda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilendigini bellesek ýerlikli bolar. Nobatdaky sammiti Türkmenistanda geçirmek baradaky hormatly Prezidentimiziň beren teklibiniň goldanylmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň ýene-de bir tassyknamasydyr. Bu sammitiň uzak taryhy bolmasa-da, bu gün onda ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň çuňlugy we möçberi bu halkara çäräni sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli we ygtybarly guraly hökmünde häsiýetlendirmäge esas döredýär.

Türkmenistan bu gün dünýä bileleşigine ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn nusgasyny görkezýär. Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dünýäniň 100-den gowrak döwletleri bilen ýola goýan söwda-ykdysady gatnaşyklary hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan daşary ykdysady syýasatyň netijeliliginden nyşan. Şol bir wagtda bu ýagdaý halkara ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň tutýan ornunyň pugtalanýandygyny alamatlandyrýan möhüm ölçegdir. «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini daşary ykdysady strategiýasynyň ýol-ýörelgesine öwürmegi başaran Türkmenistanyň häzirki döwürde öňe sürýän milli bähbitleri köp babatda ählumumy ösüşe degişli iri taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar.

Sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolupdy we häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýar. Sebäbi islendik ýurduň ösüşi we howpsuzlygy köp derejede ony gurşap alýan geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlara bagly bolýar. Umumy geografik giňişlikde ýerleşýän ýurtlar bilen syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda ösdürilýän hyzmatdaşlyk olaryň arasynda özara düşünişmek ýörelgelerine eýerýän gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz köptaraplaýyn sebit we sebitara hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Ykdysady çygyrda amala aşyrylýan sebitleýin hyzmatdaşlyk dünýä tejribesinde döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli görnüşleriniň biri hökmünde özüni görkezdi. Hususan-da, Türkmenistan özüniň daşary ykdysady strategiýasynyň çäklerinde doly möçberli we oňyn hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag-aragatnaşyk, syýahatçylyk çygyrlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin dünýä bileleşiginiň dykgatyna täze çemeleşmeleri we teklipleri hödürleýär.

Maýa goýum bazarynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, daşary ýurt maýa serişdelerini ýurdumyza çekmek bilen bagly meseleler häzirki döwrüň ykdysady gatnaşyklarynda uly ähmiýet berilýän meselelerdir. Hususan-da, türkmen ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe daşary ýurt maýadarlary üçin ähmiýetli bolan zerur durmuş-ykdysady, syýasy şertleriň bolmagy ýurdumyza uly gyzyklanma döredýär. Netijede, maýadarlary howatyrlandyrýan töwekgelçilikleriň derejesiniň pes bolmagy düýpli goýumlar syýasatynyň geljeginiň uludygyny alamatlandyrýar.

Geografik taýdan Ýewraziýa ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen Türkmenistan ägirt uly amatlyklardan peýdalanýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda döwrebap ulag we aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilmegi düýpli maýa goýumlary milli ykdysadyýete çekmek işini ýeňilleşdirýän şert hökmünde çykyş edýär. Şol bir wagtda halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegini emele getirmek bilen bir hatarda, Türkmenistan bütin Merkezi Aziýa sebitinde uly möçberlerde maýa goýmaklyga amatlyklary bolan ýurt hasap edilýär.

Halkara çäreleriň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna degişli 9620 inedördül metr meýdanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisini guramak hem göz öňünde tutulýar. Onda milli pawilýonlaryň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sergileriniň ýerleşdirilmegi Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen öndürijileriniň gazanan üstünliklerini we ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine äşgär etmäge, ileri tutulýan ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki döwürde sebitde işjeň ösdürilýän halkara hyzmatdaşlygy milli Liderimiziň parahatçylygy, howpsuzlygyny we ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň barha rowaçlanýandygyny, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň diňe bir sebitde däl, eýsem, global derejede öz oňyn netijelerini görkezýändigini alamatlandyrýar.



Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň
Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.



«Türkmenistan» gazeti, № 197 (30123). 05.08.2021ý.