Täzelikler

Türkmenistan halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlykda deňiz ulaglaryny ösdürmegiň taslamasyny amala aşyrar

22.01.2022
78744
Türkmenistan deňiz ulaglaryny ösdürmegiň taslamasyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar, ol Türkmenbaşy Halkara deňiz p...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

21.01.2022
22 01 22pr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini...

Türkmenistanda raýat ýagdaýynyň ýazgylaryny onlaýn hasaba almak boýunça taslama işlenip düzülýär

19.01.2022
Online regist
Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýur...

«Aýdyň gijeleriň» önümleri: planşetler, «akylly» telefonlar, telewizorlar we täze tehnologiýalar

19.01.2022
252566
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ilkinji gezek urga çydamly «Aýtab» söwda nyşanly 8 we 10 inçlik (8 (10) x 2,54) gar...
  • Image

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Özbegistana sapary amala aşyrdy

18.01.2022
Taskent
2022-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetin...

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

17.01.2022
Pr palace1
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegç...

Türkmenistana Owganystanyň wekiliýeti sapar bilen geldi

15.01.2022
Owgan del
Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana s...

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

12.01.2022
13 01pt
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...



SEKIZ AÝYŇ GÖRKEZIJILERI: ŞANLY ÝYLYŇ BATLY GADAMLARY


Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylýan üstünlikler her birimizde buýsanç duýgusyny döredýär. Şu ýylyň 8 aýynyň jemlerine bagyşlanyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň 5,5 göterim ýokarlanandygy bellenildi. Bu görkeziji dünýäde ýiti ýokanç keseliň ýaýramagy bilen bagly ýüze çykan amatsyz ýagdaýlarda hem milli ykdysadyýetimizde durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn netijeleriň köp babatda döwletiň oýlanyşykly we işjeň alyp barýan hereketleriniň, hususan-da, milli ykdysady ulgamyň ýagdaýyny yzygiderli derňemegiň esasynda ileri tutulýan pudaklaryň, milli öndürijileri höweslendirmegiň, goramagyň usullaryny dogry kesgitlemegiň esasynda mümkin bolandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Häzirki döwür dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bu umumy ykdysady giňişlikde ýüze çykýan ýiti bäsdeşlik her bir döwletiň onda tutýan ornuny pugtalandyrmak üçin, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiniň ösüşe ukyplylygyny üpjün etmegi gün tertibiniň wajyp meselesine öwürdi.

Jemi içerki önümiň depginli ösüşi ykdysadyýetiň ösüşe ukyplylygyny, durnukly ösýändigini aňladýan görkezijileriň biri bolup durýar. Anyk sanlar bilen aňladylýan bu statistik görkezijiniň binýady her birimiziň asylly zähmetimizden başlap ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýerine ýetirilýän işlerdir döwlet derejesinde kabul edilýän dürli çözgütleriň esasynda emele gelýär. Netije hemişe döwrüň çagyryşlaryna wagtynda düşünmek, bar bolan mümkinçiliklerden ugur almak bilen bagly. Bu durmuşda subut edilen hakykat bolup, ykdysadyýet babatda hem ol öz manysyny ýitirmeýär.

Dünýä giňişliginde we ýurduň içinde kemala gelen täze şertleri nazara alyp, döwrüň talaplaryna laýyklykda ykdysady strategiýa düzedişleriň girizilmegi onuň oýlanyşykyly alnyp barlýandygyndan nyşan. Şunda onuň ileri tutulýan ugurlarynyň dogry kesgitlenmegi ösüşlerde we oňyn özgertmelerde öz aýdyň beýanyny tapýar.

“Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň sekiz aýynyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylan netijeler munuň şeýledigine doly şaýatlyk edýär. Bu oňyn netijeleriň milli Liderimiz tarapyndan oýlanyşykly durmuşa geçirilýän diwersifikasiýa syýasatynyň esasynda mümkin bolandygy guwanarlykly ýagdaýdyr. Geçen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň: “Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etmelidiris” diýip bellemegi bu ösüş ugrunyň uzak menzilleri nazarlaýan ugurdygyny, onuň ýurdumyzyň şu günki we ertirki abadan durmuşyny üpjün etmekde ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.

Aslynda, mazmuny boýunça “ykdysadyýet” diýlip girdeji almagyň çeşmesine düşünilýär. Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bolsa ykdysadyýete harytlary öndürmekden we hyzmatlary ýerine ýetirmekden gelýän girdeji çeşmeleriniň ugurlarynyň artdyrylmagyny aňladýar. Ýagny ykdysady sektorlaryň sanynyň artdyrylmagy netijesinde, milli ykdysadyýet köpugurly ösüşe eýe bolýar. Şunda diwersifisirlenen ýa-da köpugurly ösdürilýän ykdysadyýet diýlip, haýsy-da bolsa bir haryda, hyzmata ýa-da ykdysadyýetiň bir sektoryna garaşsyzlygy aňlatmak bilen, ol birwagtda goşulan gymmaty döredýän birnäçe sektorlaryň ösdürilmegi esasynda kemala gelýär.

Dünýä ýurtlarynyň aglabasynyň häzirki zaman syýasy we ykdysady ýagdaýynda durnuksyzlygyň dowam edýän şertlerinde ýurdumyzyň ykdysady ulgamyny pugtalandyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Dünýä tejribesinden görnüşi ýaly, diwersifikasiýa esasynda ösdürilýän ykdysadyýetler özüniň durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Çünki ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy makroykdysady deňagramlylygy saklamaga päsgel berýän ýurduň ol ýa-da beýleki önümçilik we eksport ýöriteleşmesine garaşlylygy azaldýar, içerki we daşarky amatsyz şertlerde hem ykdysady howpsuzlygy pugtalandyrýar, täze, tehnologik taýdan has çylşyrymly bolan önümleri, şeýle-de importy çalyşýan önümleri öndürmek üçin şertleri döredýär.

Häzirki dowam edýän maliýe-ykdysady çökgünlik, şeýle-de dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bilen bagly daşary amatsyz täsirler ykdysadyýeti köpugurly ösdürilýän ýurtlaryň köp artykmaçlyklardan peýdalanýandygyny äşgär etdi. Ýurdumyzda esasy makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ortaça 5-6 göterim derejede saklanmagy strategik ugruň dogry kesgitlenendigini alamatlandyrýar.

Ýurdumyzda her ýyl gurlup, işe girizilýän önümçilik kuwwatlyklary we durmuş maksatly desgalardyr binalar amala aşyrylýan diwersifikasiýa syýasatynyň anyk netijeleri bolup durýar. Diňe şu ýylyň dowamynda olaryň 50-den gowragynyň ulanylmaga berilmegi, şeýle-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän aýynda ýene-de 4-sini ulanmaga bermek boýunça häzirki döwürde degişli işleriň alnyp barylmagy Türkmenistanyň diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, tutuş dünýäde gurujy döwlet hökmündäki ornunyň has-da pugtalanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Milli derejede ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy gorlary çäkli ykdysady binýada garaşlylygy azaltmak ýoly bilen gazanylýar. Tebigy serişdelere baý ýurtlarda diwersifikasiýa syýasaty gazyp alynýan sektoryň önümçilik binýadyny azaldyp, önümçilik we tebigy serişdelere dahylly bolmadyk sektorlary ösdürmegi maksat edinýär. Bu syýasaty senagatlaşdyrmak syýasaty diýip hem atlandyryp bolar. Senagatlaşdyrmak syýasaty senagaty döwrebaplaşdyrmakdan, şol sanda bar bolan tebigy we ykdysady serişdeleri dolanyşyga çekmekden, senagatyň däp bolan pudaklary bilen bir hatarda önümçiligiň ileri tutulýan täze ugurlaryny döretmekden, sebitleriň senagat kuwwatyny güýçlendirmekden we innowasiýalaryň esasynda olaryň ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda gaýtadan işleýän, dokma, gazhimiýa senagatynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenmegi we bu ugurlarda gazanylan üstünlikler köpugurly ösdürilýän ýolda ýetilen menzillerdir.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan senagatlaşdyrmak syýasatynyň milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen utgaşyklykda alnyp barylmagy oňyn durmuş-ykdysady netijeleri gazanmakda biri-biri bilen baglanyşykly bolan we biri-birini şertlendirýän bu iki ugruň ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. Şunda importyň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen senagat strategiýalarynyň amala aşyrylmagy netijesind, ýurdumyzda ykdysadyýetiň köpugurly ösüşiniň üpjün edilýändigi äşgär bolýar. Importy çalyşýan önümçiligiň esasy maksady daşary ýurtlarda öndürilýän önümleri ýurduň içinde öndürmek üçin öndürijileri höweslendirmekden ybaratdyr. Eksporta gönükdirilen senagatlaşdyrmak bolsa eksport önümlerini öndürýän pudaklara goldaw bermek bilen, daşary ýurt bäsdeşler üçin ýerli bazarlary açýar we munuň netijesinde senagatlaşdyrmak çaltlandyrylýar. Mundan başga-da, eksporty höweslendirmäge gönükdirilen maliýe serişdeleriniň beýleki pudaklara garanyňda has netijeli we çalt özüni ödemegi bu ugry özüne çekiji edýär.

Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak we ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça häzirki döwürde amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleriň dowam etdirilmegi döwrüň talabydyr. Daşary söwda ulgamyndaky häzirki ýagdaýyň durnuksyz häsiýeti importyň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmegiň ähmiýetini artdyrýar. Geçen Hökümet mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň hususy işewürligi ösdürmek, telekeçileri ykdysadyýetimizde özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek boýunça döwlet syýasatynyň dowam edýändigini bellemegi bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde telekeçilik ulgamyna aýratyn ornuň degişlidigine şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, milli öndürijileriň tutýan ornunyň pugtalanmagy ýurduň ykdysady ösüşine döwletiň goşulyşmagynyň derejesini azaltmaga mümkinçilik döredýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda öndürilýän jemi içerki önümde hususy bölegiň paýynyň 70 göterime golaý bolmagy bazar ykdysadyýetiniň ösdürilýändigini alamatlandyrýan görkezijileriň biridir. Bu anyk maglumat döwlet derejesinde kabul edilýän çözgütleriň, maksatnamalaryň ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berýändigini görkezýär.



Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň
Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.



«Türkmenistan» gazeti, № 235 (30161). 14.09.2021ý.