Täzelikler

Türkmenistan halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlykda deňiz ulaglaryny ösdürmegiň taslamasyny amala aşyrar

22.01.2022
78744
Türkmenistan deňiz ulaglaryny ösdürmegiň taslamasyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar, ol Türkmenbaşy Halkara deňiz p...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

21.01.2022
22 01 22pr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini...

Türkmenistanda raýat ýagdaýynyň ýazgylaryny onlaýn hasaba almak boýunça taslama işlenip düzülýär

19.01.2022
Online regist
Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýur...

«Aýdyň gijeleriň» önümleri: planşetler, «akylly» telefonlar, telewizorlar we täze tehnologiýalar

19.01.2022
252566
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ilkinji gezek urga çydamly «Aýtab» söwda nyşanly 8 we 10 inçlik (8 (10) x 2,54) gar...
  • Image

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Özbegistana sapary amala aşyrdy

18.01.2022
Taskent
2022-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetin...

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

17.01.2022
Pr palace1
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegç...

Türkmenistana Owganystanyň wekiliýeti sapar bilen geldi

15.01.2022
Owgan del
Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana s...

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

12.01.2022
13 01pt
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...



ABADAN ÝAŞAÝŞYŇ ESASLARY


Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda geçen mejlisinde şu ýylyň 9 aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterime deň bolandygy bellenildi. Bu makroykdysady görkeziji dünýäde emele gelen häzirki amatsyz ýagdaýlarda hem ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösýändigini tassyklaýar. Ykdysady ulgamda bu gazanylýan oňyn netijeler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň maddy binýady bolup, durmuş özgertmelerini işjeň amala aşyrmak üçin şertleri döredýär.

Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetiň ýagdaýyna birnäçe makroykdysady görkezijiler arkaly baha berilýär. Jemi içerki önüm, eksport we import dolanyşygy, maýa goýumlar ýaly görkezijiler ýurdumyzyň häzirki ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijilerdir. Aslynda, ykdysady görkezijiler halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda amala aşyrylýan işleriň sanlar arkaly beýan edilýan aňlatmasy bolup durýar. Dürli statistik usullar arkaly toplanylýan bu maglumatlar ykdysadyýetiň häzirki ýagdaýyna häsiýetnama bermek bilen bir hatarda, onuň ösüşini üpjün edýän şertlere hem göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Şu ýylyň üç çärýeginiň netijeleri boýunça, eksportyň möçberiniň, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 20 göterime golaý artmagy we 6 milliard amerikan dollaryna golaý bolmagy - ýurdumyzda daşary ykdysady strategiýanyň oýlanyşykly durmuşa geçirilýändiginden nyşan. Hususan-da, şu döwürde eksportyň möçberiniň, ýangyç-energetika serişdeleri hasaba alynmanda, 50 göterime golaý artmagy, bir tarapdan, daşary ykdysady işiň barha işjeňleşýändigini alamatlandyrýan bolsa, beýleki tarapdan, milli abadançylygy üpjün etmekde daşary söwdanyň tutýan möhüm ornuny görkezýär. Bilşimiz ýaly, daşary söwdany düzgünleşdirmek ykdysady ösüşiň döwlet strategiýasynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Şu ýerde milli ykdysadyýetiň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda «Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynyň» ähmiýetiniň uludygyny aýratyn bellemeli.

Türkmen ykdysadyýetiniň durnukly ösýän we ýurtda işewürlik işjeňliginiň artýan şertlerinde daşary söwdanyň mukdar görkezijilerinden hil görkezijilerine geçmek möhüm wezipeleriň biridir. Eksporta gönükdirilen önümçilikleriň döwlet tarapyndan goldanylmagy, eksporta niýetlenen harytlaryň möçberleriniň artmagy netijesinde Döwlet býujetine gelýän maliýe serişdeleriniň köpelmegi mukdar görkezijileriň mazmunyny düzýän bolsa, daşary söwda işini ösdürmegiň düzümleýin ugurlarynyň kämilleşdirilmegi ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmagyň möhüm hil şerti bolup çykyş edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ýokary tehnologik derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän çemeleşme ulanylýar.

Daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň düzüminde taýýar önümleriň paýynyň artmagy ýurtda senagatyň ösen hil derejesini görkezýär. «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşan bilen daşary ýurt bazarlarynda satylýan harytlar ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň, intellektual derejesiniň aýdyň beýany bolup, ýurduň ösüşe ukyplylygyny aňladýan görkezijileriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, eksporta gönükdirilen önümleriň möçberlerini artdyrmak barada döwlet tarapyndan edilýän uly tagallalaryň ähmiýeti ýokary bolup, olaryň netijeleri her birimiziň gündelik durmuşymyzyň hiline öz täsirini ýetirýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanda eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikleri ösdürmek üçin amatly şertleri döretmekde maýa goýumlara esasy orun degişli bolup durýar. Golaýda geçirilen Hökümet mejlisinde bellenilişi ýaly, şu ýylyň 9 aýynyň dowamynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň mukdarynyň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 16,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji täze önümçilikleri döretmäge, işläp gelýänleriň durkuny täzelemäge, durmuş maksatly desgalardyr binalary gurmaga maliýe serişdeleriniň dürli çeşmelerden gönükdirilýändigini, munuň üçin ýurdumyzda berk maddy binýadyň bardygyny aňladýar.

Ykdysadyýet - dürli sebäpleriň we şertleriň üýtgemegi netijesinde hemişe özgerişliklere sezewar bolýan ulgam. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda dünýäniň syýasy we ykdysady giňişliginde ýagdaýlaryň diýseň çalt üýtgäp durmagy öňünden kesgitlemek ähtimallygy pes bolan wakalara we barha ýitileşýän bäsleşiklere tiz seslenmegiň netijeli usullarynyň gözlenilmegini şertlendirdi. Bu ýagdaý ykdysady ösüşiň iteriji güýji hasaplanýan maýa goýum syýasatynyň döwlet tarapyndan oýlanyşykly durmuşa geçirilmegini, has takygy, onuň gysga möhlet üçin işlenilip taýýarlanylmagyny talap edýär. Täze şertlerde dürli çeşmelerden emele gelýän maliýe serişdelerini ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirmekde döwletiň tutýan orny has-da güýçlenýär.

Geçen ýylda maýa goýmak işiniň 2020-nji ýyl üçin işlenilip taýýarlanan Maýa goýum maksatnamasy esasynda amala aşyryldy. Häzirki döwürde ýurdumyzda maýa goýum işjeňligi 2021-nji ýyl üçin niýetlenen maksatnama laýyklykda durmuşa geçirilýär. Maýa goýum maksatnamasynyň her ýyl üçin taýýarlanmagy milli ykdysadyýeti çalt üýtgeýän durmuş-ykdysady şertlere uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şu ýylyň üç çärýeginde gazanylan durmuş-ykdysady netijelere bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2022-nji ýyl üçin hem şeýle maksatnamanyň taýýarlanylmagyna we tassyklanmagyna ünsüň berilmelidigi barada milli Liderimiziň beren tabşyryklary maliýe-ykdysady syýasatyň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän uzak möhletleýin maksatlardan we wezipelerden, şeýle-de kemala gelen anyk durmuş-ykdysady şertlerden ugur alan ýagdaýynda netijeli bolýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Ykdysady ösüş jemgyýetçilik abadançylygyny pugtalandyrýan ýagdaýynda netijeli hasaplanýar. Islendik ykdysady ösüşiň, ilkinji nobatda, önümçiligi ösdürmegiň, ýagny zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna gazanylmagy bolsa durmuş özgertmeleriniň has içgin amala aşyrylmagyna itergi berýär. Ilatyň girdejileri ýaşaýyş derejesini kesgitlemekde ulanylýan esasy görkezijidir, onuň yzygiderli artdyrylmagy ýurtda ykdysady ösüşiň üpjün edilýändiginiň aňlatmasy bolup durýar. Geljek ýylda zähmet haklaryny, pensiýalary, durmuş kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýene-de 10 göterim ýokarlandyrmak barada kabul edilen çözgüt «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge esasynda ösdürilýän durmuş syýasatynyň has-da dabaralanýandygyny alamatlandyrýar.



Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň
Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.



«Türkmenistan» gazeti, № 268 (30194). 13.10.2021ý.