Täzelikler

Ylma daýanmak — Türkmenistany innowasion taýdan ösdürmegiň ugry

25.02.2020
1582654894
Ýurdumyzyň ylmyny hil taýdan täze, ösüşiň dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň net...

Sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda

24.02.2020
1582573320
Dubaý şäherinde (BAE) 24-nji fewralda açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» halkara roud – şüweleňine dünýäni...
  • Image

Telekeçiligi goldamak - ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm şerti

23.02.2020
1582480306
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji fewralynda geçirilen me...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

21.02.2020
1582225800
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň n...

Adam hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi

19.02.2020
1582128717
Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçn...

Parahatçylyk döredijilik Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň esasydyr

18.02.2020
1582050329
Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe ga...
  • Image
  • Image

Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

17.02.2020
1581963023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Somali Fede...

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

15.02.2020
1581786230
Şu gün Yzgant obasynda 2019-njy ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Gökd...
  • Image
  • Image



ZÄHMET WE IŞ ÜPJÜNÇILIK ÇYGRYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRILÝÄR


Image


Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Aşgabat, Türkmenistan, 2018-nji ýylyň 26-30-njy noýabry.



Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň onuň düzüm birlikleri bilen adamzadyň ählumumy ösüş maksatlaryny amala aşyrmak hem-de halkara derejesinde bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça gepleşikleri mundan beýläk hem işjeňleşdirmäge gönükdirilen işleriň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň we giň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.


2018-nji ýylyň 26-30-njy noýabry aralygynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň «Zähmet we iş üpjünçilik çygrynda syýasatyň işlenip taýýarlanylmagy we durmuşa geçirilmegi boýunça mümkinçilikleriň ýokarlandyrylmagy» atly bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Inklýuziw iş üpjünçilik meseleleri boýunça BGMÖM-niň Stambul şäherindäki Sebit edarasynyň hünärmeni hanym Wesna-Suteska Bişewa, BGMÖM-niň zähmet we iş üpjünçilik boýunça maksatnamalary işläp taýýarlamak boýunça halkara maslahatçysy hanym Sara Ýohanson, Belarus Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri Türkmenistanda saparda boldular.


Halkara bilermenleriň saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de beýleki ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem wekilleri, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri bilen duşuşyklar guraldy. Duşuşyklaryň barşynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri, şeýle hem ýokarda agzalan bilelikdäki taslama gatnaşyjylaryň alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Belarusly hünärmenleriň tejribe alyşmak maksady bilen meýilleşdirilen saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýolbaşçylary hem wekilleri, «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri bilen duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň müdirliklerinde, Pensiýa gaznasynyň bölümlerinde tejribe alyşmak maksady bilen çäkli düzümde gepleşikler geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda degişli ugur boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyklara gatnaşyjylar gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň arasyndaky göni gatnaşyklary ýola goýmaga bolan çemeleşmeleri anyklamakda we beýleki döwletleriň tejribesini öwrenmekde möhüm ädime öwrülen şeýle duşuşyklary dowam etmegiň möhümdigini nygtap, bu ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Türkmenistanyň hormatly Prezidentine sagbolsun aýtdylar.