Täzelikler

Ylma daýanmak — Türkmenistany innowasion taýdan ösdürmegiň ugry

25.02.2020
1582654894
Ýurdumyzyň ylmyny hil taýdan täze, ösüşiň dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň net...

Sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda

24.02.2020
1582573320
Dubaý şäherinde (BAE) 24-nji fewralda açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» halkara roud – şüweleňine dünýäni...
  • Image

Telekeçiligi goldamak - ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm şerti

23.02.2020
1582480306
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji fewralynda geçirilen me...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

21.02.2020
1582225800
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň n...

Adam hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi

19.02.2020
1582128717
Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçn...

Parahatçylyk döredijilik Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň esasydyr

18.02.2020
1582050329
Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe ga...
  • Image
  • Image

Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

17.02.2020
1581963023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Somali Fede...

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

15.02.2020
1581786230
Şu gün Yzgant obasynda 2019-njy ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Gökd...
  • Image
  • Image



ÝAŞULY NESLIŇ BAGTYÝARLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHATY


Image

2019-njy ýylyň 20-22-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde ynsanlaryň garramagy boýunça halkara maslahaty geçirildi. Bu halkara maslahatyna Azerbaýjandan, Bangladeşden, Bolgariýadan, Braziliýadan, Hytaýdan, Makedoniýadan, Katar döwletinden, Sloweniýadan, Tunisden, Türkiýeden we Türkmenistandan wekiliýetler, şeýle hem BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO), BMG-niň Ilat gaznasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň wekilleri, Türkiýäniň, Koreýa Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Bilşimiz ýaly, garrylyk dünýäniň 2016-njy ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Ählumumy gün tertibiniň möhüm meselesidir. 2002-nji ýylyň aprelinde ynsanlaryň garramagy boýunça Ikinji bütindünýä Assambleýasynda Ynsanlaryň garramagy boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Madrid halkara Meýilnamasy we şunuň bilen bagly Syýasy jarnama kabul edildi. Bu halkara resminamalaryň mazmunynda: gartaşan adamlaryň hukuklary we azatlyklary; BMG-niň gartaşan adamlar babatynda ýörelgeleriniň ösüşiniň subutnamasy bolan gartaşan adamlar üçin howpsuz ýaşaýyş şertleri bilen üpjün etmek: olaryň jemgyýetiň syýasy, ykdysady durmuşynda doly hukukly we netijeli gatnaşmaklary üçin şertleri döretmek: döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, bütin ömrüniň dowamynda bilim almagy we maddy-hal ýagdaýyny üpjün etmek üçin mümkinçilikleri döretmek; gartaşan adamlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň, şeýle hem syýasy we raýat hukuklarynyň berjaý edilmegini, gartaşan adamlar, olaryň jynsy alamatlary babatynda kemsitmeleri aradan aýyrmagy üpjün etmek; durmuş ösüşi nukdaýnazaryndan nesilleriň we maşgalalaryň arasynda raýdaşlyk gatnaşyklary ykrar etmek; gartaşan adamlara lukmançylyk kömegini, olaryň lukmançylyk bejeriş-dikeldişini goşmak bilen, durmuş goraglylygyny üpjün etmek; ynsanlaryň garramagy boýunça ylmy-barlag işleri alyp barmak, halkara tejribesini öwrenmek ýaly beýleki maksatlar, wezipeler hem meseleler beýan edilýär.

2019-njy ýylyň 20-22-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde ynsanlaryň garramagy boýunça halkara maslahaty hem ýokarda agzalan halkara çäreleriň logiki dowamy boldy. 2019-njy ýylyň 20-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Maslahatlar we medeniýet merkezinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda garrylyk boýunca Geneşiň birinji mejlisiniň açylyş dabarasy, "Köpri: Nesilleriň raýdaşlygy" atly fotosuratlaryň bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etmek we sylaglamak, şeyle hem 100 ýaşdan köp ýaşan raýatlary sylaglamak dabarasy boldy.

Gysga arakesmeden soňra, Türkiýäniň, Kipriň, Bangladeşiň, Makedoniýanyň, Kataryň, Türkmenistanyň durmuş goraglylygy ministrleriniň, Bolgariýanyň şonuň ýaly ministriniň orunbasarynyň çykyşlary diňlenildi. Türkmen tarapyndan bu maslahata Türkiýe Respublikasyndaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri gatnaşdy.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapow öz çykyşynda türkmen wekiliýetiniň adyndan garrylyk boýunça Geňeşiň ilkinji mejlisine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti jenap Rejep Taýyp Ärdogana, Türkiýe Respublikasynyň maşgala, zähmet we durmuş hyzmatlary ministri hanym Zehra Zümrüt Seljuga minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde durmuş-zähmet çygrynda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek nukdaýnazaryndan, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda zähmet, iş bilen üpjünçilik we durmuş taýdan goraglylyk çygrynda hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklaryň çäklerinde bu möhüm çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň çagyrylmagy uly gyzyklanma we kanagatlanma bilen kabul edilendigini nygtady.

Şeýle hem Türkmenistanda gartaşan adamlaryň durmuş goraglylygy meselesine ilkinji nobatda üns berilýändigi, bu ugurda degişli kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilýändigi, şol sanda raýatlarymyzyň ählisiniň durmuş taýdan üpjünçilik bilen doly gurşalandygy, raýatlarymyzyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine bolan hukugy Türkmenistanyň Konstitusiýasy bilen kepillendirilendigi, mundan başga-da olar üçin döredilen mümkinçilikler we berilýän durmuş ýeňillikleriň toplumy barada belläp geçdi.

Günüň ahyrynda GreenPark oteliň mejlisler zalynda resmi agşamlyk nahary boldy, onda türkmen tarapyndan türk tarapyna çakylyk hem görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirildi we türkmen tarapyndan ýadygärlik sowgat gowşuryldy.

2019-njy ýylyň 21-nji we 22-nji fewralynda Halkara maslahatyň işi bölümlerde dowam etdirildi hem-de onda gatnaşyjy ýurtlaryň resmi wekiliýetleriniň, halkara guramalaryň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi.

Halkara maslahatyň dowamynda gartaşan adamlar, olaryň sagdyn we işjeň durmuşy, jemgyýetdäki orny barada ýurtlarda amala aşyrylýan çärelerboýunça peýdaly pikir alyşmalar boldy. Nesilleriň arasynda raýdaşlyk-duýgudaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekligiň umumylykda ähli ýaşdaky jemgyýetçiligiň durnuklylygynyň we bitewiliginiň esasyny düzýändigi tekrarlandy.

Türkmenistanyň ynsanlaryň garramagy boýunça halkara maslahatyna gatnaşmagy Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer durmuş syýasatyny dünýä jemgyýetçiligine ýaýmakda ähmiýetli çäre boldy. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!


  • Image