Täzelikler

2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygarynyň şanyna dabara

16.01.2020
1579195332
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Bitaraplygy - dünýä metbugatynda

15.01.2020
1579114563
Şu günler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi 2020-nji ýylyň ähmiýetli wakasy bolan Türkme...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatyna gatnaşdy

14.01.2020
1579035561
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Türkmenistan we halkara gurama...

«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi polimer turbalary çykarmagy özleşdirdi

13.01.2020
1579012095
«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli uniwersal himiki durnuklylygy we 50 ...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

10.01.2020
1578682455
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly täze ýyl...

Türkmenistanda reňkli aýna öndürmegiň innowasion tehnologiýasy özleşdirildi

10.01.2020
1578590282
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň ýurdumyzyň aýna senagatynyň iri ...

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy

09.01.2020
1578600863
Ýurdumyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygara beslenip geçen 2019-njy ýyldaky çäreler döredijilik many-m...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

08.01.2020
1578506311
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň haý...



Gender deňligi we durnukly ösüş boýunça sebit hyzmatdaşlygy


Image

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde 2019-njy ýylyň 16-17-nji apreli aralygynda “Merkezi we Günbatar Aziýa ýurtlarynda Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde özgerdiş wekili hökmünde zenanlaryň orny” atly okuw maslahaty geçirildi. Aziýa Ösüş Banky tarapyndan guralan bu maslahata Özbegistan, Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Azerbeýjan, Ermenistan, Gruziýa, Pakistan, Owganystan döwletleriniň zenan wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň maksady Durnukly Ösüş Maksatlarynyň jemgyýetde zenanlaryň deňhukuklygy, olaryň tutýan orny babatynda ýetilen sepgitleri we netijeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar. Okuw maslahatyna türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde okuw maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Dabara Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Özbegistanyň zenanlar komitetiniň başlygy T.Narbaýewa, Aziýa Ösüş Bankynyň sebit boýunça direktory S.Malwiçina, Aziýa Ösüş Bankynyň amallar boýunça wise-prezidenti Ş.Çen we beýleki resmi adamlar gatnaşdylar.

Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Özbegistanyň zenanlar komitetiniň başlygy T.Narbaýewa yurtda umumy zenanlar boýunça alnyp barylýan işler we Özbegistanyň bu ugurdaky tejribesi barada çykyşynda belledi.

Aziýa Ösüş Bankynyň durmuş ösüşi boýunça hünärmeni E.Rozero Merkezi we Günbatar Aziýa ýurtlarynda Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde gender syýasatynyň alnyp barlyşy barada giňişleýin çykyş etdi. Pakistanyň Halkara Hyzmatdaşlyk boýunça Baş Direktory S.A.Mumtaz “Aýallaryň ykdysady mümkinçiliklerini we hukuklaryny giňeltmekde goldaw bermek” atly nutuk bilen çykyş etdi. Soňra “Oba ýerlerinde aýallaryň arasynda telekeçiligi höweslendirmek”, “Hünär taýýarlygynyň, gaýtadan taýýarlygynyň netijesinde gender deňsizligini aradan aýyrmak”, “Zenanlaryň ýagdaýyny hyzmatlaryň, şertleriň üsti bilen gowulandyrmak” atly bölümler boýunça okuw maslahaty dowam etdirildi we onuň dowamynda gender deňligini üpjün etmekde we Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde ýurtlaryň tejribeleri baradaky çykyşlar diňlenildi.

Okuw maslahatynyň ikinji gününde diňlenen çykyşlara syn berildi, şeýle hem gatnaşyjylar toparlara bölünip, gender deňligi boýunça iň gowy tejribeler, Aziýa Ösüş Bankyna gender meselesinde hasabatlary kämilleşdirmek boýunça teklipler, sebitde gender deňligi bilen bagly meseleleriň çözülişiniň ösüşini çaltlandyrmak üçin hödürlenýän çäreler barada prezentasiýalar taýýarlanyp, çykyşlar edildi.

Günüň 2-nji ýarymynda Aziýa Ösüş Bankynyň maliýeleşdirmeginde Özbegistanyň 2017-2021-nji ýyllarda oba ýerlerinde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak maksatnamasy boýunça karz esasynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryndan goldawa matäç zenanlaryň hojalyklaryna berlen öýlere tanyşlyk sapary guraldy.

Aziýa Ösüş Banky tarapyndan guralan “Merkezi we Günbatar Aziýa ýurtlarynda Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde özgerdiş wekili hökmünde zenanlaryň orny” atly okuw maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara sertifikatlar gowşuryldy. Bu okuw maslahaty Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek hem-de gender deňligini üpjün etmek babatda Türkmenistanyň tejribesini sebitiň ýurtlary bilen paýlaşmakda hem-de beýleki döwletleriň bu ugurda gazanan netijelerini öwrenmekde ähmiýetli çäre boldy.