Täzelikler

Täze neşiriň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty

05.08.2020
1596647098
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sa...

Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär

01.08.2020
1596386775
Ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: sagdyn durmuş ýörelgesi - türkmen jemgyýetiniň nusgawy däbi

20.07.2020
1595268025
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe sp...

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr

14.07.2020
1594751276
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

09.07.2020
1594321922
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglum...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

08.07.2020
1594229276
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde...

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

06.07.2020
1594054754
Şu gün Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarym ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň jemlerine bagy...

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy

30.06.2020
1593545745
Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy — 2020-nji ýylyň...



SEBITLEÝIN SYÝASAT: IRI ŞÄHERGURLUŞYK MAKSATNAMASY


Image


Sebitleriň gyradeň ösüşini gazanmak häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň – täze şäheriň gurluşygyna badalga berilmegi ýurdumyzyň ähli sebitlerinde «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň adyna kybapdaş işleriň barha dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasyna öwrüldi. Ilatynyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmegi özüne ýol-ýörelge edinen Türkmenistan döwleti bu gün bütin dünýä nusga alarlyk tejribäni görkezýär: şähergurluşyk maksatnamasy boýunça şu döwre çenli ýerine ýetirilen işler we häzirki döwürde gazanylýan üstünlikler diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, bütin dünýäde özüniň gurşap alýan möhüm durmuş wezipeleriniň gerimi we möçberi boýunça tapawutlanýar. Halkyň bähbitleri ileri tutulýan döwletde gülläp ösüşiň, rowaçlygyň höküm sürýändigine bu gün ýurdumyzyň dürli sebitlerinde bolup geçýän özgertmeler şaýatlyk edýär.

Türkmen döwletiniň saýlap alan ykdysady nusgasynda durmuş ulgamynyň ösdürilmegine, hususan-da, ilatyň ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna aýratyn ornuň berilmegi ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmekde bu pudagyň ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. Dünýä hojalygynda kemala gelen häzirki daşarky amatsyz şertlerde hem ýurdumyzyň döwlet býujetiniň çykdajylar böleginden durmuş ugurly iri taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilýän maliýe serişdeleriniň möçberleriniň ýylsaýyn artmagy milli ykdysady ulgamyň ösüşe ukyplydygyndan, onuň maddy binýadynyň berkdiginden nyşan. Munuň özi şeýle hem häzirki döwürde amala aşyrylýan giň möçberli durmuş özgertmeleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýurdumyzyň durmuş derejeli döwlet hökmünde ykrar edilmegini şertlendirdi. Halkara giňişliginde durmuş ösüşli ýurt hökmünde özüni tanatmak üçin döwletde durmuş çygrynda anyk netijeleriň, kesgitli üstünlikleriň gazanylmagy zerur şertleriň biri hasaplanylýar.

Ýurt Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Ahal welaýatynda gurluşygyna badalga berlen döwrebap edara ediş merkeziniň taslamasy bolsa Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň berkdigini görkezmek bilen, sebit syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan ýurtdugynyň ýene-de bir tassyknamasyna öwrüldi. Bu taslama boýunça gurulmagy göz öňünde tutulýan dolandyryş, işewürlik, durmuş-üpjünçilik we ulag-aragatnaşyk ulgamlary düýbi tutulýan şäheriň gurluşygyna toplumlaýyn çemeleşilendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Iki tapgyrda, amala aşyryljak bu iri şähergurluşyk taslamasy, bir tarapdan, ýurdumyzyň gurujylyk kuwwatynyň ýokarydygyny bütin dünýä äşgär edýän bolsa, beýleki tarapdan, onuň ilatyň iş üpjünçilik derejesiniň gowulanmagyna, netijede, ýaşaýyş derejesiniň artmagyna oňyn täsirini ýetirjekdigini aňladýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň düýpli özgerdilmegine aýratyn ünsüň berilmeginde uly many bar. Bu ýagdaý bitewi ykdysady ulgamyň aýratyn düzümleri hökmünde sebitleriň her biriniň ykdysady deňagramlylygy we durnuklylygy üpjün etmekde uly ähmiýetiniň bardygy bilen düşündirilýär. Her bir sebit öz geografik ýerleşişi, ýer-suw we mineral-çig mal serişdeleriniň paýlanylyşy, demografik ösüşiň aýratynlyklary bilen şertlendirilen zähmet gorlarynyň ýagdaýy bilen biri-birinden tapawutlanýar. Hut şu sebäpler olaryň durmuş-ykdysady ösüşinde tapawutlaryň ýüze çykmagyna şert döredýär. «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň sebitleriniň gyradeň ösüşini gazanmak maksadynyň onuň möhüm maksatlarynyň hatarynda aýratyn kesgitlenmegi, ilkinji nobatda, sebitleriň häzirki zaman ösüşinde aýratynlyklaryň bardygyna we munuň netijesinde olaryň ulanylmadyk mümkinçilikleriniň dürli-dürlüdigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, sebitleriň ösüşini çaltlandyrmak meselesi şu günüň wajyp meseleleriniň biri bolmak bilen, ol ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde täze hiliň gazanylmagyna mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda sebitleri ösdürmek, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmak babatynda uly möçberli taslamalaryň birnäçesiniň toplumlaýyn amala aşyrylmagy durmuş-ykdysady öňegidişligi üpjün etmekde bu meseleleriň nä derejde wajypdygyny görkezýär.

Adam mertebesine mynasyp bolan ýaşaýyş derejesini üpjün etmekden ötri, ilkinji nobatda maddy üpjünçiligiň zerurdygy subut edilen hakykatdyr. Şol sebäpli iş bilen meşgullyk ýaşaýyş üçin möhüm bolan maddy görnüşde girdejini almaga mümkinçilik berýändigi bilen ähmiýetlidir. Şu nukdaýnazardan, döwletde iş bilen meşgullanýanlaryň sanynyň näçe köp boldugyça, maddy üpjünçiligi, durmuşdan kanagatlanma derejesi ýokary bolanlaryň sanynyň köp bolýandygy aýratyn bellärliklidir. Onsoň ýokarda bellenip geçilen şu ýagdaý ilaty iş bilen üpjün etmek meselesiniň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin möhüm mesele bolup durýandygyny görkezýär. Diýmek, täze şäherde göz öňünde tutulýan gurluşyklaryň gerimi we möçberi ilatyň iş üpjünçiligini gowulandyrylmagy üçin uly mümkinçilikleri döreder.

Bu gün Türkmenistan döwleti ösüşiň täze nusgasyny dünýä äşgär edýär. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ösüşiň «türkmen nusgasy» diýlip ykrar edilen bu nusgada döwleti berkarar etmekde milli gymmatlyklardyr dessury usullara daýanmak bar, şeýle hem döwür bilen aýakdaş gitmäge mümkinçilik berýän täzeçil, döwrebap çemeleşmeleri ulanmak bar. Ahal welaýatynda düýbi tutulan döwrebap şäheriň taslamasy munuň şeýledigine aňryýany bilen şaýatlyk edýär.

Il bähbitli, döwlet ähmiýetli işlere ak pata bermek - türkmen milletinde oňlanylýan işleriň biri. Döwlet Baştutanymyzyň ýaşuly neslimiziň wekilleri bilen bilelikde täze şäheriň gurluşygyna beren ak patasy döwlet bilen halkyň jebisligini görkezip, ol döwletlilikden nyşan. Aslynda, türkmen milletiniň öz milli köklerine sarpa goýup ýaşaýandygyny her ädimde görmek bolýar.



Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.




«Türkmenistan» gazeti, №111 (29377), 2019-njy ýylyň 8-nji maýy