Täzelikler

Ylma daýanmak — Türkmenistany innowasion taýdan ösdürmegiň ugry

25.02.2020
1582654894
Ýurdumyzyň ylmyny hil taýdan täze, ösüşiň dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň net...

Sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda

24.02.2020
1582573320
Dubaý şäherinde (BAE) 24-nji fewralda açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» halkara roud – şüweleňine dünýäni...
  • Image

Telekeçiligi goldamak - ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm şerti

23.02.2020
1582480306
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji fewralynda geçirilen me...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

21.02.2020
1582225800
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň n...

Adam hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi

19.02.2020
1582128717
Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçn...

Parahatçylyk döredijilik Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň esasydyr

18.02.2020
1582050329
Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe ga...
  • Image
  • Image

Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

17.02.2020
1581963023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Somali Fede...

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

15.02.2020
1581786230
Şu gün Yzgant obasynda 2019-njy ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Gökd...
  • Image
  • Image



Zähmeti goramagyň ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk


Image

Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde 2019-njy ýylyň 22-26-njy apreli aralygynda “V Bütinrussiýa zähmeti goramagyň hepdeligi” geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň ýardam bermeginde guralan bu Hepdelige GDA, Ýewropa we Aziýa döwletleriniň hökümet, kärdeşler arkalaşygy guramalarynyň, iş berijileriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu geçirilen çäre 2019-njy ýylda döredilmeginiň 100 ýyllygyny belleýän Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory jenap Gaý Raýder hem gatnaşdy. Geçirilen Hepdeligiň maksady zähmeti goramagyň we zähmet howpsuzlygynyň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar. Türkmen tarapyndan bu Hepdelige Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekili gatnaşdy.

2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde “V Bütinrussiýa zähmeti goramagyň hepdeliginiň” açylyş dabarasy boldy. Dabarada Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory jenap Gaý Raýder, Russiýa Federasiýasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri jenap M.Topilin, Russiýanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň federal birleşiginiň başlygy jenap M.Şmakow, Russiýanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň prezidenti jenap A.Şohin we beýleki resmi adamlar çykyş etdiler.

Şeýle hem dört iş gününiň dowamynda Soçi şäheriniň Baş aýdym-saz merkezinde “V Bütinrussiýa zähmeti goramagyň hepdeligine” bagyşlanyp zähmeti goramagyň we zähmet howpsuzlygynyň ulgamyny kämilleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça ençeme gyzykly duşuşyklar geçirildi.

Şunuň bilen birlikde geçirilen halkara duşuşyklarda zähmet gatnaşyklarynyň çygryndaky meseleler hem-de ýerlerdäki iş bilen üpjünçilik gulluklarynyň ähmiýetleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, maslahatlara gatnaşyjylar ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň şertleri boýunça özara pikir we tejribe alyşdylar.

Her ýyl Russiýa Federasiýasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň guramagynda geçirilýän “Zähmeti goramagyň hepdeliginiň” bäş ýyllyk taryhy ähli GDA döwletleri üçin zähmeti goramak çygrynda esasy waka öwrüldi. Bu Hepdelikde zähmeti goramak çygryndaky innowasion işläp taýýarlamalar, dürli programmalar we kadalaşdyryjy namalar ara alnyp maslahatlaşylýar we oňa gatnaşyjylara howpsuz we mynasyp zähmeti goramak gurşawynda hemişe kämilleşmeklige ygtyýar berýän gurallary dolandyrmak üçin zerur bolan endikleri almaklyga ýardam berýär.

Bu gezek HGZ-niň 100 ýyllygy mynasybetli dabaralar bilen utgaşdyrylyp geçirilmegi Hepdeligiň has hem täsirli bolmagyna getirdi.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekili Hepdeligiň dowamynda geçirilen maslahatlara, duşuşyklara gatnaşyp, ýurdumyzda ilatyň durmuş goraglylygynyň, şol sanda adamlaryň ömrüniň we saglygynyň goraglylygynyň, zähmet howpsuzlygynyň ýokary derejede üpjün edilmegine gönükdirilen çäreler barada habar berdi we Hepdeligi guraýjylara çakylyk hem-de netijeli gatnaşmak üçin döredilen mümkinçilikler üçin hoşallygyny beýan etdi.


  • Image
  • Image
  • Image
  • Image