Täzelikler

Täze neşiriň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty

05.08.2020
1596647098
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sa...

Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär

01.08.2020
1596386775
Ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: sagdyn durmuş ýörelgesi - türkmen jemgyýetiniň nusgawy däbi

20.07.2020
1595268025
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe sp...

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr

14.07.2020
1594751276
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

09.07.2020
1594321922
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglum...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

08.07.2020
1594229276
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde...

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

06.07.2020
1594054754
Şu gün Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarym ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň jemlerine bagy...

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy

30.06.2020
1593545745
Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy — 2020-nji ýylyň...



Halkara zähmet guramasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat


Image

2019-njy ýylyň 16-17-nji maýy aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Nur-Sultan şäherinde XII Astana ykdysady forumy gecirildi. Forumyň çäklerinde 2019-njy ýylyň 16-njy maýynda «Zähmetiň geljegi boýunça Ählumumy toparyň hasabatyny öwrenmek we ara alyp maslahatlaşmak üçin, Halkara zähmet guramasynyň 100 ýyllygy mynasybetli halkara maslahaty» guraldy. Halkara maslahatyň maksady wajyp durmuş-ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan, Ählumumy toparyň hasabaty boýunça pikir alyşmakdan, şeýle hem durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň geljegi boýunça çaklamalary paýlaşmakdan ybarat boldy. Bu halkara çäresine daşary ýurtlardan wekiliýetler, Gazagystanda ýerleşýän halkara guramalardan wekiller, halkara bilermenler, jemgyýetçilik birleşiklerinden we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden wekiller, şol sanda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden hem wekil gatnaşdy.

«Zähmetiň geljegi boýunça Ählumumy toparyň hasabatyny öwrenmek we ara alyp maslahatlaşmak üçin, Halkara zähmet guramasynyň 100 ýyllygy mynasybetli halkara maslahaty» “Zähmet gurşawynyň geljegi” hem-de “Senagat 4.0 çäklerinde täze şertlerde durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň ösüşi” atly mejlislerden ybarat boldy.

Halkara maslahatyň “Zähmet gurşawynyň geljegi” atly mejlisinde Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary G.Abdykalikowa, Gazagystan Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri B.Saparbaýew, Özbegistan Respublikasynyň Iş bilen üpjünçilik we zähmet gatnaşyklary ministri Ş.Kudbiýew, Durmuş üpjünçiligi boýunça halkara assosiasiýasynyň wekili, Gazagystan Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň başlygy we halkara bilermenler çykyş etdiler.

Halkara maslahatyň “Senagat 4.0 çäklerinde täze şertlerde durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň ösüşi” atly mejlisinde Gazagystan Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary N.Mukuşew, Aziýa ösüş bankynyň Gazagystandaky wekilhanasynyň başlygy J.Kanapelli, SKOLKOWO işewürlik mekdebiniň rektory M.Atnaşew, Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa üçin adam maýasy boýunça maksatnamasynyň ýolbaşçysy S.Aýrapetýan, halkara bilermenler we beýleki resmi adamlar çykyş etdiler. Mejlisiň ahyrynda halkara maslahata gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirildi.

2019-njy ýylyň 16-njy maýynda «Zähmetiň geljegi boýunça Ählumumy toparyň hasabatyny öwrenmek we ara alyp maslahatlaşmak üçin, Halkara zähmet guramasynyň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahaty» zähmet çygrynda halkara tejribesini öwrenmekde netijeli we ähmiýetli halkara çäresi boldy. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!