Täzelikler

Täze neşiriň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty

05.08.2020
1596647098
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sa...

Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär

01.08.2020
1596386775
Ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: sagdyn durmuş ýörelgesi - türkmen jemgyýetiniň nusgawy däbi

20.07.2020
1595268025
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe sp...

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr

14.07.2020
1594751276
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

09.07.2020
1594321922
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglum...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

08.07.2020
1594229276
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde...

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

06.07.2020
1594054754
Şu gün Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarym ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň jemlerine bagy...

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy

30.06.2020
1593545745
Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy — 2020-nji ýylyň...



SANLY YKDYSADYÝET: HALK BÄHBITLI MAKSATLAR


Image

Halk bähbitli maksatlara gönükdirilen, döwrebap çözgütleriň biri hasaplanylýan sanly ykdysadyýete başgaça «elektron ykdysadyýet» hem diýilýär. Munuň esasy sebäbi ykdysadyýetiň bu görnüşinde elektron tehnologiýalaryň giňden ulanylýandygy bilen delillendirilýär. Häzirki döwürde iş orunlaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň dürli görnüşleriniň giňden ornaşdyrylmagy, gündelik durmuşymyzda bolsa internet mümkinçilikleriniň giňden ulanmagy netijesinde el telefonlary arkaly dürli tölegleri geçirmek ýaly ilat üçin döredilýän oňaýlyklar, elektron maglumatlar ulgamynyň ýaşaýşyň ähli taraplaryna öz täsirini ýetirýändigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýetiň esasy aýratynlygyny onda täze çözgütleri kabul etmekde, täze önümleri öndürmekde we hyzmatlary ýerine ýetirmekde sanly maglumatlaryň ähmiýetiniň ýokarlanýandygy bilen düşündirip bolar. Bu özgertmeler, öz gezeginde, täze hakykaty döredýär: sanly gurşaw diňe bir ykdysadyýetiň täze hile geçmegine däl, eýsem, her birimiziň dünýägaraýşymyzyň üýtgemegine, jemgyýetçilik aňynyň özgermegine hem öz täsirini ýetirýär.

Bagtyýarlyk döwründe maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşini ösdürmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenmegi bu döwrebap meseleleriň ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşi üçin wajyplygyny görkezýär. 2018-nji ýylyň noýabrynda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilip, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, ugurlary, amala aşyrmagyň tapgyrlary kesgitlenildi. Baş maksady ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanlaşdyrylmagyny gazanmakdan, obalary we şäherleri maglumat-sanly ulgam taýdan üpjün etmekde tapawutlary mundan beýläk aýyrmakdan ybarat bolan bu Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmeginden garaşylýan netijeler häzirki döwürde köpleri gyzyklandyrýar.

Şunda sanly maglumatlara daýanýan ykdysadyýetiň ýüze çykmagyny şertlendiren sebäpler, onuň ilat üçin döredýän oňaýlyklary, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üçin bähbitli taraplary barada durup geçmek maksadalaýyk hasaplandy. Bu meseleleriň aýdyňlaşdyrylmagy ildeşlerimiziň häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan sanly özgertmeleriň ähmiýetine düşünmäge, maglumat jemgyýetini ösdürmekde öz ornuny dogry kesgitlemäge, mümkinçilikleriniň çäklerinde bu asylly işe öz mynasyp goşandyny goşmaga ýardam berjekdigini ynam bilen aýdyp bolar.

«Sanly ykdysadyýet» adalgasynyň ilkinji gezek 1995-nji ýylda ABŞ-nyň Massaçusets uniwersitetiniň alymy Nikolas Negroponte tarapyndan teklip edilendigi aýratyn bellärliklidir. Ol bu adalgany şol döwürde täze kemala gelýän ykdysadyýetiň artykmaçlyklaryny häsiýetlendirmek üçin ulanypdyr we ozalky ykdysadyýet bilen deňeşdirilende, onda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň ähmiýetiniň artýandygyny delillendirmegi başarypdyr. Bütindünýä tory bolan internetiň ösdürilmegi we oňa bolan elýeterliligiň artmagy sanly maglumatlara daýanýan ykdysadyýetiň ýüze çykmagyny şertlendiren sebäp hasaplanýar. Başgaça aýdylanda, soňky onýyllyklaryň dowamynda ylym ulgamynda gazanylan üstünlikleriň döwletleriň ykdysady ösüşiniň çeşmesine öwrülendigi aýdyň bolýar.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribe sanly gurşawyň döredilmegi bilen milli ösüşde birnäçe artykmaçlyklaryň gazanylýandygyny görkezýär. Şunda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýurduň ykdysady ulgamynyň ösüşe ukyplylygyny häsiýetlendirýän görkezijiniň, ýagny jemi içerki önümiň artýandygy bellenilýär Hususan-da, şeýle tehnologiýalaryň ösmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi näçe köp boldugyça, şonça-da jan başyna düşýän jemi içerki önümiň ýokarlanýandygyny daşary ýurtlaryň tejribesi tassyklaýar. Beýle diýildigi, sanly maglumatlaryň täze önümleri öndürmekde eýeleýän ornunyň uludygyny aňladýar. Täze gymmatyň döredilmegi bolsa, öz gezeginde, ykdysady kuwwatymyzyň pugtalanmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky döwürde köp döwletleriň öz ykdysady syýasatlarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge ünsleriniň güýçlenmegini hut şu sebäpler bilen düşündirip bolýar.

Mundan başga-da, ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek üçin wajyp bolan möhüm meseläniň çözülmegine, ýagny ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň gowulanmagyna hem ýardam berýär. Ýagny sanly hyzmatlara ykdysadyýetiň we jemgyýetiň islegleriniň barha artmagy telekeçiligiň ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu ýagdaý ýurtda täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirýär. Iş üpjünçilik ulgamynyň kämilleşdirilmegi bolsa, ilatyň maddy-hal ýagdaýynyň gowulanmagynda we durmuş abadançylygynyň ýokarlanmagynda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň oňyn taraplary barada söz açylanda, hökmany suratda, onuň ilatyň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna edýän täsiri barada durup geçmek zerurdyr. Häzirki döwürde ösen döwletlerde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň ösmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberleriniň ýylsaýyn artdyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýa öwrüldi. Bu, ilkinji nobatda, ylymyň we bilimiň adamyň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmagyň netijeli serişdesi bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Ösen döwletlerde maýa goýumlaryň köp böleginiň bilim ulgamynda ulanylýan sanly tehnologiýalaryň kämilleşdirilmegine gönükdirilmegi, ýagny olaryň okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmakda ulanylmagy bilimiň ýokary hilini gazanmagyň ýurduň ykdysady howpsuzlygy üçin nä derejede wajypdygyny görkezýär. Sebäbi täzeçil pikirlenmek, adaty çözgütlere meňzemeýän çemeleşmeleri teklip etmek diňe döredijilik ukyby ýokary bolanlara başardýar. Bu ukyplaryň we başarnyklaryň esaslarynyň ýaşlykda kemala gelýändigini göz öňünde tutup, ykdysadyýetini mundan beýläk-de berkitmek isleýän ýurtlaryň çaganyň bilim derejesini kiçilikde, ýagny mekdep döwründe ýokarlandyrmaga çalyşmaklarynyň ýöne ýerden däldigi, munuň üçin döwlet tarapyndan ähli tagallalaryň edilýändigi äşgär görünýär. Netijede, ylymyň-bilimiň ösmegi netijesinde sanly ykdysadyýetiň ýüze çykandygyna, häzirki döwürde onuň has-da kämil görnüşlere eýe bolmagyny gazanmak üçin bilim üçin niýetlenen sanly tehnologiýalara ünsüň berilýändigine göz ýetirmek bolýar.

Ýokarda durlup geçilen aýratynlyklar häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan «Sanly Türkmenistan» döwlet maksatnamasynyň ykdysady kuwwatymyzy ýokarlandyrmakda, ilatyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmakda ähmiýetiniň ýokary boljakdygyny alamatlandyrýar.



Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.



«Zenan kalby» žurnalynyň 2019-njy №5