Täzelikler

2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygarynyň şanyna dabara

16.01.2020
1579195332
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Bitaraplygy - dünýä metbugatynda

15.01.2020
1579114563
Şu günler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi 2020-nji ýylyň ähmiýetli wakasy bolan Türkme...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatyna gatnaşdy

14.01.2020
1579035561
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Türkmenistan we halkara gurama...

«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi polimer turbalary çykarmagy özleşdirdi

13.01.2020
1579012095
«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli uniwersal himiki durnuklylygy we 50 ...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

10.01.2020
1578682455
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly täze ýyl...

Türkmenistanda reňkli aýna öndürmegiň innowasion tehnologiýasy özleşdirildi

10.01.2020
1578590282
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň ýurdumyzyň aýna senagatynyň iri ...

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy

09.01.2020
1578600863
Ýurdumyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygara beslenip geçen 2019-njy ýyldaky çäreler döredijilik many-m...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

08.01.2020
1578506311
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň haý...



DURMUŞ-ZÄHMET GATNAŞYKLARYNYŇ HUKUK ESASLARY


Image


Ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan Halkara Zähmet guramasy (HZG) bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. 1919-njy ýylda döredilen Halkara zähmet guramasy şu ýyl özüniň 100 ýyllygyny belleýär. Türkmenistan 1993-nji ýylda HZG-niň agzasy bolup, onuň 8 sany esasy hem-de 1 sany tehniki Konwensiýalaryna goşuldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2019-njy ýylyň 8-nji iýunynda bolup geçen nobatdaky maslahatynda HZG-niň ýene-de bir möhüm konwensiýasyna – «Halkara zähmet kadalaryny ulanmaga ýardam bermek boýunça üçtaraplaýyn geňeşmeler hakyndaky» 144-nji Konwensiýa goşulmak barada Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, 144-nji Konwensiýa HZG-niň döredilmeginiň binýatlyk ýörelgelerine daýanýan halkara resminamadyr. Munuň özi halkara zähmet kadalaryny işläp taýýarlamak we ulanmak maksady bilen, üçtaraplaýyn durmuş hyzmatdaşlygynyň taraplarynyň gatnaşyklaryny aňladýar. HZG-niň kadalaryna laýyk gelýän milli derejedäki üçtaraplaýynlyk durmuş hyzmatdaşlygynda has giň durmuş-ykdysady meseleler boýunça milli medeniýeti kemala getirmäge mümkinçilik berýär.

Üçtaraplaýyn durmuş hyzmatdaşlygy 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça Ählumumy Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegine hem ýardam berýär. Çünki üçtaraplaýynlyk hökümetiň, işgärleriň hem-de iş berijileriň wekilçilikli guramasynyň işjeň gatnaşygyny üpjün edýän möhüm gurallaryň biri bolup durýar. Konwensiýanyň mazmunynda agza ýurtlaryň halkara zähmet kadalary we HZG-niň işine degişli beýleki meseleler boýunça netijeli üçtaraplaýyn maslahatlaşmalary üpjün etmek barada maslahatlar beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz halkara hukugynyň ählumumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylygymyza ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylmalydygyny nygtaýar. Şuňa laýyklykda häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygyna halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary giňden ornaşdyrylýar. HZG-niň «Halkara zähmet kadalaryny ulanmaga ýardam bermek boýunça üçtaraplaýyn geňeşmeler hakyndaky» 144-nji Konwensiýasynyň düzgünleriniň bolsa milli zähmet kanunçylygymyzda bardygyny bellemek gerek.

Geçen ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda “Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda” Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Bu kanunyň kabul edilmegi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen, iri we abraýly edarasy bolup durýan HZG-niň gollanýan resminamalarynyň biri bolan «Halkara zähmet kadalaryny ulanmaga ýardam bermek boýunça üçtaraplaýyn geňeşmeler hakyndaky» 144-nji Konwensiýanyň düzgünleriniň milli kanunçylygymyzda ornaşdyrylýandygyny aňladýar. Munuň özi HZG-niň düzgünlerine we binýatlyk ýörelgelerine ýurdumyzyň ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

Belläp geçişimiz ýaly, üçtaraplaýyn topar döwlet tarapyndan ýörite ygtyýarly edilen edaranyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasynyň, iş berijileriň birleşikleriniň we telekeçileriň – ygtyýarly wekillerinden ybaratdyr. Bu toparyň esasy maksady durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek we taraplaryň durmuş-ykdysady bähbitlerini sazlaşdyrmak bolup durýar.

Elbetde üçtaraplaýyn gepleşikleri alyp barmak, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda Baş ylalaşygy işläp düzmek we taraplaryň arasynda onuň baglaşylmagyny gazanmak, durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmegine ýardam bermek, durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlary boýunca taraplaryň bähbitlerini ylalaşmak, durmuş-zähmet gatnaşyklary çygryndaky halkara resminamalarynyň tassyklanylmagy we ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahatlary geçirmek hem toparyň esasy wezipeleriniň hataryna girýär.

Toparyň döwlet edarasyna wekilçilik edýän tarapynyň utgaşdyryjysy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär. Şunda döwlet edarasyna wekilçilik edýän tarapyň utgaşdyryjysy Toparyň işini guraýar we onuň işinde döwlet bähbitlerine wekilçilik edýär hem-de Toparyň taraplarynyň bähbitleriniň ylalaşylmagyna ýardam edýär. Toparyň döredilmegi bilen, durmuş-zähmet gatnaşyklary çygryndaky kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalarynyň hem-de zähmet gatnaşyklary, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we durmuş goraglylygy çygryndaky döwlet maksatnamalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy we kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly meseleler boýunça maslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa zähmet gatnaşyklary, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we durmuş goraglylygy babatynda ýüze çykýan meseleleriň oňyn çözülmegine öz täsirini ýetirer.

“Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda durmuş-zähmet we olar bilen baglanyşykly ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň umumy esaslaryny belleýän Baş ylalaşygy işläp düzmegiň we baglaşmagyň tertibi hem-de onuň hereket ediş möhleti Topar tarapyndan kesgitlenýändigi bellenen. Häzirki wagtda Baş ylalaşyk Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekiçiler birleşmesiniň arasynda 3 ýyl möhlet bilen baglanyşylýar. Onda Baş ylalaşygyň maksatlary we wezipeleri, taraplaryň öz üstüne alýan borçlary, şeýle hem zähmet gatnaşyklary, zähmeti goramak we zähmetiň howpsuzlygy, durmuş goraglylygy, raýatlaryň zähmet haky, durmuş derejesi babatynda taraplaryň alyp barýan işleri barada beýan edilýär.

Umuman, şu kanunyň kadalary mundan beýläk-de zähmet, iş bilen üpjünçilik, durmuş goraglylyk çygrynda ýüze çykýan meseleleri düzgünleşdirmekde üçtaraplaýyn gepleşikleri alyp barmakda uly ähmiýete eýe bolar. Munuň özi Halkara zähmet guramasynyň ýörelgelerine laýyklykda, milli ykdysadyýetimizde mynasyp zähmetiň üpjün edilmeginde hem-de durmuş adalatlylygynyň berkidilmeginde oňyn şertleri döreder. Üçtaraplaýyn durmuş hyzmatdaşlygynda gazanylýan üstünlikler Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen taglymata ýugrulan durmuş syýasatyny täze rowaçlyklara ýetirýär.



Maral ÝAÝLYÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty
durmuş taýdan goramak ministrliginiň
usulyýet müdirliginiň başlygy