Täzelikler

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat

05.06.2020
1591389200
Şu gün oba hojalyk toplumynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň paýtagtynda Awtoulagsyz günüň ekologiýa netijeleri jemlenildi

04.06.2020
1591300431
3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler ...

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

03.06.2020
1591127311
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi güneşli tomus paslynyň nurana günlerinde giňden bellenýän halkara baýram ...

Çagalar-sagaldyş merkezlerinde tomus möwsümi badalga aldy

02.06.2020
1591128694
Şu gün paýtagtymyzda mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmagyň däbe öwrülen ajaýyp dab...
  • Image
  • Image

Paýtagtymyzda halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarka we maslahat geçirilýär

31.05.2020
1590952708
Şu gün paýtagtymyzda halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Ol ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenil...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29.05.2020
1590784766
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

28.05.2020
1590686272
Şu gün Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri wideomaslahat görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gu...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

27.05.2020
1590609909
Şu gün Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň «Total» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Stefan Mişel bilen wideoara...



HÜNÄRI BARYŇ – HORMATY BAR


Pederlerimiz öz perzentleriniň ylymly-bilimli, hakyky hünär eýeleri bolmaklary barada hemişe alada edipdirler. Bu olaryň nesilden-nesle geçip şu günlere ýetip gelen pendi-nesihatlarynda, gyzyla gaplaýmaly dürdäne sözlerinde öz beýanyny tapypdyr. Olar çagalaryny «Ýigide müň hünär hem azdyr», «Bilegi zor birini ýykar, bilimi zor müňüni», «Ylymsyza ynanç ýok, hünärsize guwanç ýok», «Hünärli adam hor bolmaz» diýen paýhasly sözler arkaly terbiýeläpdirler, dürli durmuşy tymsallary döredipdirler. Şol tymsallaryň birinde aýdylyşyna görä, gadym zamanlarda bir barjamly kişi oglunyň aşa bezenip, üstesine-de men-menlik etmek ýaly adama gelişmeýän häsiýete eýe bolýandygyny aňyp, ogluny ýanyna çagyrýar.

- Oglum, şu günki eden işleriňden habar ber-diýýär. Ogly atasyna, atyna alan şaý-sepleri, özüne alan täze lybaslaryny görkezip, bazara gidendigini aýdyp, lybaslary hem geýip, kakasyna görkezip, hondan bärsi bolup durýar. Kakasy:

- Atyňa alan şaýlaryň oňat zat. Özüňe alan lybasyň hem gelişýär. Ýöne sen erkek adam üçin esasy lybasyň nämedigini bilmeýän ekeniň. Pespällik, hoşgylyk, hünär. Ine, şu zatlar ýok sende. Özüňi şu zatlar bilen bezemek üçin ertir ýa demirçi ussanyň ýanyna gidip demirden her hili zatlary ýasap öwren ýa-da çöle gidip, guýy ussasyndan guýy gazmagy öwren» diýýär.

Hormatly Prezidentimiziň has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olary ähli babatda goldamak baradaky bimöçber aladalary türkmen ýaşlarynyň geljegi nazarlamagy başarýan derejedäki kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine çäksiz mümkinçilikler döredýär. Okuwlary guramagyň usulyýetleri, sanly ulgamy ornaşdyrmakdaky işler bolsa milli ykdysadyýetimiziň ähli düzümleriniň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün edýär.
Milli Liderimiziň şu ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen maslahatda eden taryhy çykyşy ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin uzak geljegi nazarlaýan çözgütleriň kabul edilen güni hökmünde bagtyýarlyk döwrümiziň senenamasynda mynasyp orun aldy. Ol milli ylym we bilim ulgamynyň dünýä derejesine deň bolmagyny üpjün etmek baradaky, şonuň bilen birlikde-de tutuş ýurdumyzy ösdürmek hakyndaky, Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň geljegi bolan ýaşlar hakyndaky aladanyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň orta bilim bilen bir hatarda, okuwçylara işçi hünärleriniň hem öwredilmegi barada aýdanlary öz wagtynda berlen tabşyryk boldy. 16-18 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň mekdepleri tamamlanlarynda, jemgyýetde öz mynasyp orunlaryny tapmagyny, durmuşa ukyply bolmagyny nazar laýan bu çagyryş Watanymyza gerekli hünärmenleriň taýýarlanmagynyň başlangyjynyň orta mekdeplerde goýulmagynyň badalgasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz ugurlar boýunça dersleri çuňlaşdyryp okatmagy, okuwçylary hünärlere ugrukdyrmak boýunça mekdep-gimnaziýalary açmagy tabşyrdy. Şeýlelikde, orta bilimiň mazmunyny kämilledirmek, çagalara çuňňur bilim we terbiýe bermek, olarda ylmy dünýägaraýşy, zerur başarnyklary kemala getirmek boýunça has-da uly işleriň başy başlandy. Häzirki günlerde ýurdumyzyň ýokary, ýörite orta we başlangyç hünär mekdeplerinde giriş synaglaryna taýýarlyk görülýär. Olaryň netijeleri boýunça ýaşlaryň müňlerçesi öz söýgüli kärleridir hünärleriniň eýeleri bolmak bilen, ýene-de sanlyja ýyllardan mynasyp iş orunlaryny taparlar.



Sähetmyrat MÄMEDOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň
zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi
bölüminiň hünärmeni.



«Daşoguz habarlar» gazeti, № 89 (17391), 23.07.2019ý.