Täzelikler

Paýtagtymyzda halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarka we maslahat geçirilýär

31.05.2020
1590952708
Şu gün paýtagtymyzda halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Ol ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenil...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29.05.2020
1590784766
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

28.05.2020
1590686272
Şu gün Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri wideomaslahat görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gu...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

27.05.2020
1590609909
Şu gün Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň «Total» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Stefan Mişel bilen wideoara...

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

27.05.2020
1590610829
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň h...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

26.05.2020
1590518888
Şu gün Daşary işler ministrliginde german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň müdirliginiň başlygy Oliwer Hermes we ...

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi

25.05.2020
1590436864
Şu gün paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurban...
  • Image
  • Image

Bitarap Watanymyz — Türkmenistanyň şanyna baýramçylyk konserti

18.05.2020
1589830288
Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyz...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image



«ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY» BIR AÝLYGYNYŇ ÇÄKLERINDE MASLAHAT GEÇIRILDI


Image

2019-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň ykdysady toplumynyň edara binasynda Türkmenistanyň Maliýe, ykdysadyýet we bank ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmagynda Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çärelere bagyşlanan maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň halkymyz tarapyndan uly goldaw tapandygy we bu çäräniň biziň ýurdumyzda indi birnäçe ýyl dowam edýändigini we özüniň oňyn netijelerini berýändigini belläp, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary maslahaty açdy we maslahata gatnaşýan myhmanlara çykyş etmek üçin söz berdi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýyşyň habarlar merkeziniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda netijeli işler amala aşyrylýandygy we olaryň ähmiýeti barada durup geçdiler hem-de geçirilýän çäreler, ýol hereketiniň düzgünleri barada gürrüňler, düşündiriş maslahatlary berdiler. Şeýle-de ýol hereketi bilen bagly wideorolikler görkezildi. Mundan başga-da ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýeti, ýollarda howpsuzlyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeklik barada hem çykyş edenler bellediler.

Bu gün berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel diýarymyzyň ýürek damary ýaly aýna ýollar döwrebap durmuşy has-da gözelleşdirýär. Gara ýollarymyz dünýä standartlaryna laýyk getirlip hem-de barha giňeldilip, ýyldan-ýyla sany artýan awtoulaglara edilýän hyzmat ýokarlandyrylýar. Islendik zadyň edebiniň bolşy ýaly, ýollaryň hem öz tertip-düzgüni, ýerine ýetirilmeli hökmany kadalary bolýar. Bu ilkinji nobatda, adamyň öz howpsuzlygy üçin wajyp bolup durýar. Gadymy Oguz türkmenleriniň guran kerwen ýollary bu gün gara ýola, demir ýola, hat-da howa ýollarynyň uçursyz menzillerine öwrüldi. Ol ýollarda hereket edýän demir ulaglar bolsa siwilizasiýanyň çäksiz belentliklerini alamatlandyrýar. Sagdyn durmuşyň rowaçlanýan ýurdy bolan Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanda Hormatly Prezidentimiz köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Şolaryň arasynda kanunlar, düzgünnamalar we gaýry kanunçylyk resminamalary saldamly işlerdir. Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” diýen şygar bilen biraýlygyň geçirilmegi il bähbitli aladalaryň ählihalk derejesinde ýaýbaňlanýandygyny subut etdi diýip çykyş edenler nygtadylar.

Şeýle hem çykyş edenler Mähriban Arkadagymyzyň ynsan saglygyny, onuň howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly tagallalary edýändigini, bu ugurda geçirilýän biraýlygyň çärelerine ähli ildeşlerimiziň işjeň gatnaşmalydyklaryny, Türkmen halkynyň abadan, sagdyn ýaşaýşy üçin durmuşa geçirilýän çäreleriň her birinde Hormatly Prezidentimiziň yhlasy, il – gününe çäksiz söýgüsiniň ýatyndygyny, Ömrümiziň rahatlygy abadan watanymyzyň goýnundadygyny belläp, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler we özümiz hakyndaky aladalary üçin hoşallyk bildirdiler.