Täzelikler

Türkmenistanda Kipr Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

21.01.2020
1579628416
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa şu gün Kipr Respubl...

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy: şanly senäniň hormatyna täze saýt

20.01.2020
1579467698
«Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halk...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

17.01.2020
1579291783
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdak...

2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygarynyň şanyna dabara

16.01.2020
1579195332
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Bitaraplygy - dünýä metbugatynda

15.01.2020
1579114563
Şu günler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi 2020-nji ýylyň ähmiýetli wakasy bolan Türkme...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatyna gatnaşdy

14.01.2020
1579035561
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Türkmenistan we halkara gurama...

«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi polimer turbalary çykarmagy özleşdirdi

13.01.2020
1579012095
«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli uniwersal himiki durnuklylygy we 50 ...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

10.01.2020
1578682455
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly täze ýyl...



ILATYŇ IŞ BILEN ÜPJÜNÇILIGI — DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ UGRY


Image

2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda, ýagny mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garalan meseleler we ýakyn geljek üçin kesgitlenen anyk wezipeler ýurdumyzda adam bähbitlerine gönükdirilen durmuş özgertmeleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi. Hususan-da, ýurdumyzyň bu ýokary wekllçilikii edarasynyň mejlisinde ilatyň abadan ýaşaýşynyň baş şerti bolan durmuş üpjünçiligi, durmuş goraglylygy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berlip, döwlet Baştutanymyz öz taryhy çykyşynda raýatlarymyzyň iş üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak ugrunda mundan beýläk-de uly tagallalaryň dowam etdiriljekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda zähmet gorlaryny netijeli dolandyrmak we zähmet bazaryny işjeňleşdirmek babatda öňde goýlan wezipeler bu ugurda täze, döwrebap çemeleşmeleriň ulanylmagyny talap edýär.

Ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesi her bir jemgyýet üçin örän wajyp durmuş we ykdysady meseleleriň biri bolup, ýurduň geljekki durmuş-ykdysady ösüşi köp babatda şol meseleleriň häzirki döwürde çözüliş aýratynlyklaryna bagly bolýar. Sebäbi ol ýurdumyzyň dine bir ykdysady däl, eýsem, durmuş ösüşiniň hem häzirki zaman ýagdaýyny häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň biridir. Çünki iş bilen meşgullyk ilatyn ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna göni täsir edýän şertleriň biri bolup, ol raýatlarymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulanmagynyň maddy binýadyny emele getirýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy» atly okuw gollanmasynda şeýle belleýär: «Ilatyň iş bilen üpjün edilmegi zähmet bazarynyň esasy görkezijisi we amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Adamyň durmuş hal-ýagdaýyny kesgitleýän şertleriň köp bölegi onuň çekýän zähmeti we iş bilen üpjünçiligi bilen kesgitlenýär».

Ykdysady ösüşi üpjün etmegiň esasynda ýurt abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy döwlet strategiýasynyň baş ýol-ýörelgesine öwren ýurdumyzda ilatyň iş üpjünçiligini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Şunda bu ugurda alnyp barylýan syýasat näçe oýlanyşykly boldugyça, şonça-da onuň netijeliliginiň artýandygyny durmuş hakykaty görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «...ýurdumyzyň raýatlarynyň zähmet çekmäge konstitusion hukugyny degişli derejede amala aşyrmak üçin zerur şertleri döretmäge aýratyn üns bermelidiris» diýmeginiň uly many-mazmuny bar. Zähmet — ykdysady ösüşleriň baş şerti. Öndüriji güýçlerin in naýbaşysy hasaplanýan adam zähmeti ýurdy gülletmegiň, rowaçlyga beslemegiň egsilmez çeşmesi. Raýatlaryň zähmet hukuklaryna sarpa goýulýan ýurtda, zähmetine hormat goýulýan döwletde ösüşleriň, öňegidişligiň boljakdygyna şek-şübhe bolup bilmez.

Zähmetiň adamlaryň barha artýan maddy we ruhy isleglerini kanagatlandyrmagyň ygtybarly serişdesidigi nazara alynsa, onda iş bilen meşgullygyň raýatlaryň öz şahsy we jemgyýetçilik hajatlaryny kanagatlandyrmak bilen baglanyşykly ýerine ýetirýän işidigine, girdeji getirmek häsiýetiniň bolsa bu işiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyna göz ýetirmek bolýar. Ýöne iş bilen meşgullyk hadysasy diňe bir anyk işiň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly bolman, ol adam tebigatyna mahsus bolan has çuň häsiýetler bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan seljerilende, bu hadysanyň jemgyýetçilik, ykdysady we durmuş ähmiýeti has aýdyň ýüze çykýar. Ýerine ýetirilýän işiň jemgyýete peýda getirmegi, ösüşe itergi bermegi hökmany şertleriň biri bolup, ol islendik işiň özenini düzýär. Mundan başga-da, adamyň binýatlaýyn islegleriniň hatarynda durmuşda öz ornuňy tapmak, köpçülik tarapyndan hormata eýe bolmak islegleri hem öz möhümligi bilen tapawutlanýan adam gymmatlyklarydyr. Adam bu isleglerini, köplenç halatda, öz saýlap alan hünäri arkaly amala aşyrýar, ýagny durmuşda eýeleýän orny, köp ba¬batda, onuň ýerine ýetirýän işine, hünärine, zähmet ýoluna bagly bolýar. Şunda iş bilen meşgullygyň şahsyýet üçin durmuş ähmiýetiniň ýokarydygy has aýdyň görünýär.

Bagtyýar durmuşy üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, maddy üpjünçiligiň zerurlygy subut edilen hakykatdyr. Şol sebäpli, iş bilen meşgullyk ýaşaýyş üçin möhüm bolan maddy görnüşde girdejini almaga mümkinçilik berýändigi bi¬len ähmiýetlidir. Şu nukdaýnazardan, döwletde iş bilen meşgullanýanlaryň sanynyň näçe köp boldugyça, maddy üpjünçiligi, durmuşdan kanagatlanma derejesi ýokary bolanlaryň sanynyň köp bolýandygy aýratyn bellärliklidir. Ýokarda bellenip geçilen aýratynlyklar ilaty iş bilen üpjün etmek meselesiniň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin wajypdygyny görkezýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak ugrunda döwlet tarapyndan uly işleriň alnyp barylýandygy aýratyn nygtalma¬ga mynasypdyr. Hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» geljekki döwür üçin milli ykdysadyýetimiziň ösüş ugurlaryny kesgitleýän möhüm resminama bolup, şu döwürde on müňlerçe täze iş orunlaryny döretmek göz öňünde tutulýar.

Ählumumy strategiýa hökmünde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüşleriň kepili hökmünde iş bilen meşgullyga tutuş dünýä derejesinde aýratyn ähmiýet berilmegini köp sebäpler bilen düşündirip bolar: maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän şertlerinde dünýäniň köp ýurtlarynda işsizlik hadysasynyň has-da çuňlaşmagy şol ýurtlaryň diňe bir ykdysady ösüşinde belli bir bökdençlikleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetde dartgynlylygyň ýüze çykmagyna hem getirýär. Bu ýagdaý häzirki döwürde işsizlik hadysasynyň bütin adamzady tolgundyrýan, onuň abadan durmuşyna wehim salýan meseleleriň hataryn¬da görkezilmegini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady ösüş we iş bilen meşgullyk meseleleri biri-biri bilen baglanyşykly, biri-birini şertlendirýän hadysalar bolup, olaryň sazlaşygyny gazanmak üçin ýurduň milli aýratynlyklaryndan, ýerli durmuş-ykdysady şertlerden ugur alýan işjeň häsiýetli iş bilen meşgullyk syýasatyny oýlanyşykly alyp barmak zerur bolup durýar.

Öz içki mazmuny boýunça işjeň iş bilen meşgullyk syýasaty täze iş orunlarynyň döredilmegini öz içine alýar. Täze iş orunlarynyň döredilmegi Durnukly ösüş maksatlaryna doly gabat gelmek bilen, ol bir tarapdan, milli ykdysadyýetiň maddy binýadynyň berkligini, ösüşe ukyplydygyny görkezýän bolsa, beýleki tarapdan, ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan diwersifikasiýa, senagatlaşdyrmak syýasatlarynyň ýokary netije berýändigini hem aýdyňlyk bilen subut edýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda kabul edilen 70-e golaý milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň hem-de meýilnama- laryň ählisinde täze iş orunlarynyň dö- redilmegine aýratyn ähmiýet berilýändi- gi guwanarlykly ýagdaýdyr. Bu ugurda häzirki güne çenli saldamly işleriň amala aşyrylmagy durnukly ösüşiň global stra- tegiýasynda göz öňünde tutulan mak- satlaryň eýýäm 2007-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýändigini, mundan beý- läk hem has işjeň häsiýetde durmuşa ornaşdyryljakdygyny ynamly aýtmaga esas döredýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak ugrunda döwlet tarapyndan uly işleriň alnyp barylýandygy aýratyn nygtalmaga myna¬sypdyr. Hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» geljek¬ki döwür üçin milli ykdysadyýetimiziň ösüş ugurlaryny kesgitleýän möhüm resminama bolup, şu döwürde on müňlerçe täze iş orunlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 1-nji maýynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orun¬laryny döretmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy, 2016-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda «Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017 — 2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriniň Meýilnamasy», «Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 20l8 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», 2019-njy ýylyň iýun aýynda kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» raýatlarymyzyň iş bilen üpjünçiligini döwrebap derejede guramaga gönükdirilen maksatnamalardyr. Bu resminamalarda raýatlarymyzyň iş bilen üpjünçilik meseleleri bilen bir hatarda, olaryň durmuş meselelerine hem uly ähmiýet berilýändigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu çäreler döwlet derejesinde kabul edilýän ähli maksatnamalaryň, meýilnamalaryň baş maksadynyň adamyň abadan durmuşyny üpjün etmek wezipesinden ugur alýandygyny ýenede bir gezek tassyklaýar.

Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üp-jün etmekde maýa goýumlaryna aýratyn orun degişli bolup, ol ykdysadyýeti ösdürmegiň işjeň guraly hökmünde häsiýetlendirilýär. Hususan-da, häzirki döwürde önümçilik ugurlaryna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň paýynyň artýandygy, netijede, täze iş orunlarynyň döredilýändigi hem guwanarlykly ýagdaýdyr. Has takygy, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ösüşiň senagatinnowasion nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň maýa goýumlarynyň 66 — 68 göterime golaýyny önümçilik ulgamyna gönükdirmek arkaly üpjün edilýändigini hormatly Prezidentimiz aýratyn nygtady. Bu ykdysady görkezijini gündelik durmuşymyza degişlilikde beýan etsek, onda ol içerki bazary ilatyň sarp edýän harytlary bilen üpjün etjek, şeýle-de bu harytlary daşary ýurt bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berjek täze zawodlaryň, fabrikleriň, beýleki dürli önümçilik kärhanalarynyň guruljakdygyny aňladýar. Ýurdumyzyň önümçilik pudagyny ösdürmäge gönükdirilýän maliýe serişdeleriniň ýylyň-ýylyna artmagy ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmakda maýa goýumlarynyň ornunyň uludygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen bagly¬lykda, önümçiligi ösdürmäge niýetlenen düýpli maýa goýumlaryň, bir tarapdan, möhüm makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň artmagy, beýleki tarapdan, ilatyň iş üpjünçilik derejesiniň ýokarlanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýändigine göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde bellenilişi ýaly, sebitlerde hem ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegine uly ähmiýet berilýär. Diýmek, ýakyn möhletlerde ýurdumyzyň sebitlerinde göz öňünde tutulýan gurluşyklaryň gerimi we möçberi, bir tarapdan, sebitleriň ösüşini çaltlandyrmaga, beýleki tarap¬dan, ilatyň iş üpjünçiligini gowulandyrmaga uly mümkinçilikleri döreder.

Mundan başga-da, döwlet strategiýasynda durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyna hem uly ähmiýet berilýär. Bu, ilkinji nobatda, adam maýasynyň kemala gelmegine we ösmegine öz täsirini ýetirýän şertleri, ýagny mekdepleriň, çagalar baglarynyň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, hassahanalaryň, sagaldyş merkezleriniň, şäherçeleriň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny öz içine alýar. Raýatlarymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bu desgalar ýurdumyzda hyzmatlar bazarynyň gerimini giňeltmek bilen bir hatarda, halka hyzmat edýän pudaklarda täze iş orunlarynyň döremegine itergi berýändigi bilen hem ähmiýetlidir. Ýokarda bellenenler iş bilen üpjünçilik babatynda ýurdumyzda işjeň häsiýetli döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilýändigini ynam bilen aýtmaga doly esas döredýär.



Maýagözel BABAÝEWA, ,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.



«Türkmenistan» gazeti, № 272 (29538), 30.10.2019ý.




  • Image
  • Image
  • Image
  • Image