Täzelikler

2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygarynyň şanyna dabara

16.01.2020
1579195332
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Bitaraplygy - dünýä metbugatynda

15.01.2020
1579114563
Şu günler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi 2020-nji ýylyň ähmiýetli wakasy bolan Türkme...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatyna gatnaşdy

14.01.2020
1579035561
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Türkmenistan we halkara gurama...

«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi polimer turbalary çykarmagy özleşdirdi

13.01.2020
1579012095
«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli uniwersal himiki durnuklylygy we 50 ...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

10.01.2020
1578682455
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly täze ýyl...

Türkmenistanda reňkli aýna öndürmegiň innowasion tehnologiýasy özleşdirildi

10.01.2020
1578590282
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň ýurdumyzyň aýna senagatynyň iri ...

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy

09.01.2020
1578600863
Ýurdumyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygara beslenip geçen 2019-njy ýyldaky çäreler döredijilik many-m...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

08.01.2020
1578506311
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň haý...



ILATYŇ IŞ BILEN ÜPJÜNÇILIGI – ÜNS MERKEZDE


Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Balkan welaýatynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň, etrap we şäher bölümleriniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň arasynda welaýatyň partiýa hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.

Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işgärleri tarapyndan guralan we geçirilen bu okuw maslahatynyň gün tertibine Hazarýaka sebitiniň şäherlerinde we etraplarynda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek we täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly wajyp meseleler goşuldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan durmuş maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşmalaryň merkezi temasyna öwrüldi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny», şeýle-de «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny» görkezmek bolar. Maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly edilen işler hem-de öňde duran wezipeler babatynda zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleriniň çykyşlar diňlenildi.

Işe üpjünçiliginiň hukuk meseleleri we ýaş hünärmenleri ýerlerde iş orunlaryna berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ýaşlaryň hünär bilimi we olary soňky döwürde milli ykdysadyýetimizde tutýan orny barha pugtalanýan innowasion senagat pudaklaryna we hyzmatlar bazaryna çekmek boýunça meselelere aýratyn ähmiýet berildi.

Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleriniň işgärleri bilen eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek bilen bagly pikir alyşyldy. Boş iş orunlaryny doldurmak boýunça iş berijileriň sargytlaryny ýerine ýetirmegiň hem-de şäherlerde we etraplarda bar bolan boş iş orunlary, bu iş orunlaryna dalaşgärleriň hünärlerini we hünärmenlik derejesini görkezmek bilen, ulanylmadyk zähmet gorlary baradaky maglumatlary halk köpçüligine ýetirmegiň netijeli usullary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu okuw maslahatynda ilatyň abadan ýaşaýşyny we milli ykdysadyýetimiziň ösüşini üpjün edýän durmuş hyzmatdaşlygy ulgamynda gyzyklanma bildirýän taraplaryň özara gatnaşyklarynyň netijeli gurşawyny döretmekde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň jogapkärli wezipeleri aýratyn nygtaldy.



Mihail Bubkin, «NT».


«Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti,№276 (29308), 04.11.2019ý.