Täzelikler

Milli Liderimiziň çykyşlarynyň ýygyndysynyň nobatdaky tomy

05.12.2019
1575571009
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlaryny, interwýularyny, gutl...

Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitaby arap dilinde neşir edildi

03.12.2019
1575414544
Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Ber...
  • Image
  • Image

Daşoguzyň demir-beton önümleri zawody önümçiligi giňeldýär

02.12.2019
1575382271
«Türkmensenagat» agentliginiň «Türkmendemirbetonönümleri» döwlet kärhanasynyň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawody...

Türkmen wekilýeti EXPO 2020 sergisine taýýarlyk duşuşygyna gatnaşdy

01.12.2019
1575142303
Dubaýda (BAE) EXPO 2020 Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy geçirildi, ol ilkinji gezek Ýakyn Gündo...

Türkmenistan Ýewraziýanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk merkezine öwrülýär

28.11.2019
1574958892
Şu gün Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel —2019»...

Türkmenistanda iň täze aragatnaşyk tehnologiýalarynyň halkara sergisi we pudaklaýyn maslahat geçirilýär

27.11.2019
1574893346
Şu gün paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Tür...
  • Image
  • Image

Türkmenistan-Russiýa: ynsanperwer hyzmatdaşlyk

26.11.2019
1574794052
Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde GDA-nyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we...

Aşgabatda Aral boýunça Sebit iş toparynyň duşuşygy geçirilýär

25.11.2019
1574703460
Şu gün Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde paýtagtymyzyň «Arçabil» m...
  • Image
  • Image



ÖZGERTMELER ÝOLY BILEN


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ylym-bilim syýasaty özüniň gurşap alýan wezipeleriniň çuňlugy we giňligi bilen tapawutlanýar. Çünki täze gymmaty döretmekde öndüriji güýçleriniň iň naýbaşysy hasaplanýan işçi güýjüniň mümkinçilikleriniň artmagy, ilatyň hünär biliminiň ýokarlanmagy jemgyýetiň giň gerimli ösüşi üçin zerur bolan maddy we ruhy gymmatlyklaryň köp öndürilmegine şert döredýär. Bu deliller bilimiň şahsyýeti we jemgyýeti özgerdiji güýç bolup durýandygyny tassyklaýar.

Durnukly ösüşiň binýatlaýyn şertleriniň biri hökmünde bilim raýatlarymyzyň aň-paýhas derejesiniň ýokarlanmagyna, dünýägaraýşynyň giňemegine, medeniýetiniň ösmegine, hünär başarnyklaryny ele almaga gös-göni täsir edýän sebäp bolup durýandygy bilen ähmiýetlidir.

Soňky döwürde adamyň döredijilik ukybyny ösdürmäge niýetlenen bu ulgamyň döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenmegini birnäçe şertler bilen delillendirip bolar. Hususan-da, ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy adam maýasynyň hiline täsir edýär we munuň netijesinde onuň goşulan gymmaty döretmek ukyby artýar. Ykdysady taýdan ösen döwletleriň köpüsiniň jemi içerki önüminiň ösüşiniň işgärleriň hünär bilimlerini artdyrmagyň hasabyna gazanylmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, ylym we bilim ulgamlaryna gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň beýleki pudaklara garanyňda tiz ödelmegi hem-de bu strategik pudaklara gönükdirilýän maliýe serişdeleriniň dessine 3 - 6 esse möçberde ýokary girdeji bermegi olaryň hakykatdan-da jemgyýeti özgertmegiň täsirli serişdesi bolup durýandygyny görkezýär. Bu aýratynlyklar ilatyň ylym-bilim derejesini ýokarlandyrmak meselesiniň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin iňňän wajypdygyny tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Her bir döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr» diýip bellemegi, ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän iri özgertmeleriň ýurdumyzyň ösüşini üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini alamatlandyrýar.

Ýurdumyzyň taryhynda bagtyýarlyk döwri ähli ugurlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamlarynda hem düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýan döwri hökmünde häsiýetlendirilýär. Şunda bilimiň ähli basgançaklarynyň arasynda sazlaşygy gazanmak wezipesiniň möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenmegi ýurdumyzda bilimiň, ylymyň we önümçiligiň arasynda özara baglanyşygy kemala getirmäge mümkinçilik berýän mehanizm bolup durýandygy bellärliklidir.

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bilim strategiýasynyň birnäçe aýratynlyklary barada durlup geçilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň mazmunyna doly göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Birinjiden, sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň häzirki zaman bilim ulgamynyň netijeliligini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Häzirki döwürde dünýä ýurtlarynda sanly bilim ulgamyny ösdürmek arkaly bilimiň hilini ýokarlandyrmaklyga uly ähmiýet berilýär. Munuň esasy sebäbi okuwçylarda Ýewropanyň bilim ulgamynda ýörgünli bolan «ozalky alnan bilimleriň binýadynda täze bilimi döretmek ukybyny» ösdürmekde sanly bilimiň netijeli gural bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Çünki bu ýörelgä laýyklykda bilimiň, ýagny ele alnan kär başarnyklarynyň we hünär endikleriniň ykdysady özgertmeleriň we ösüşleriň çeşmesi bolup durýandygyndan ugur alynýar.

Ikinjiden, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmegine ýurdumyzyň halkara bilim giňişligine ynamly goşulyşmagyna itergi berýän şertleriň biri hökmünde baha bermek bolar. Halkara gatnaşyklarynyň giňden ösdürilýän häzirki döwründe daşary ýurt dilini bilýän hünärmenlere bolan isleg has-da artýar. Bir tarapdan, bu dünýä derejesinde ýüze çykan ählumumylaşmak hadysasy bilen düşündirilýän bolsa, beýleki bir tarapdan, ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde halkara hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürmekde täze mümkinçilikleriň döredilýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şunda bilimiň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň artykmaç taraplary barada durup geçmek möhümdir. Daşary ýurt dillerinde guralýan okuwlar ony öwrenýänler tarapyndan bu dilleri göteriji milletlere mahsus bolan medeni gymmatlyklaryň özleşdirilmegini, netijede, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halkara gatnaşyklaryň «...beýleki ýurtlara we halklara, olaryň taryhyna, medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat goýmak» ýoly arkaly ösdürilmegini üpjün edýär. Mundan başga-da, beýleki ýurtlaryň dillerini bilmek dünýäniň köp medeniýetli giňişliginde oňşukly ýaşamagyň zerur şerti bolan özara düşünişmek ukybyny, ýagny beýleki adamlaryň ýa-da milletiň nukdaýnazaryndan ýagdaýa baha bermek başarnygyny ösdürmäge hem ýardam berýär. Bu aýratynlyk Türkmenistanyň diňe bir sebit derejesindäki däl, eýsem, dünýä möçberindäki meseleleri çözmekde syýasy täsiriniň barha artýan şertlerinde has-da wajypdyr.

Üçünjiden, ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklarynyň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň bazar ýörelgeleri esasynda ösdürilmegi üçin şertleri döretdi. Şu döwre çenli ýurdumyzyň bilim edaralarynyň aglabasynyň döwlet eýeçiliginde bolmagy geçiş döwrüne häsiýetli bolan kynçylyklaryň esasynda emele gelýän durmuş dartgynlylygyny gowşatmakda, ilatyň emläk üpjünçiliginde aratapawutlary ýokary bolan gatlaklara bölünmeginiň öňüni almakda döwlet tarapyndan amala aşyrylan netijeli çäreleriň birine öwrülendigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamyna tölegli okuwlaryň girizilmegi, bir tarapdan, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň barha artýandygyny, netijede, olaryň tölege ukyplylyk derejesiniň ýokarlanýandygyny görkezýän bolsa, beýleki tarapdan, ol girdejisi ýokary bolan «orta synp» diýlip atlandyrylýan täze gatlagyň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde halkara bilim giňişliginde ýüze çykan täze ösüş meýilleri öý hojalyklary, telekeçilik düzümleri tarapyndan bilime gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberiniň yzygiderli artmagy netijesinde bu ulgamy maliýeleşdirmekde döwletiň paýynyň azalmagyny şertlendirdi. Şunda döwletiň bu ulgamy dolandyrmak wezipesi täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, ösüşiň täze tapgyrynda döwlet instituty adamyň bilim, zähmet we medeni baýlyklardan peýdalanmak hukuklarynyň goralmagy hem-de amala aşyrylmagy bilen bagly wezipeleriň güýçlenmegine, döwlet tarapyndan maliýeleşdirmegiň täze gurallarynyň döremeginiň çaltlandyrylmagyna getirdi.

Ýokary bilimi tölegli esasda bermek daşary ýurtlarda giňden ýaýrandyr. Bu bazar gatnaşyklarynda adaty ýagdaý hasap edilýär. Tölegli bilim hyzmatlaryndan gelýän girdejileriň paýynyň aglaba bölegini standart bilim maksatnamalary boýunça okadylýan okuwyň tölegleri düzýär. Daşary ýurt tejribesinden görnüşi ýaly, häzirki döwürde bilim üçin çykdajylar orta synpa degişli ilatyň jemi sarp ediş çykdajylarynyň 5 göterimine golaýyny eýeleýär.

Dördünjiden, bagtyýarlyk döwründe orta bilimiň çäklerinde ýaş nesle telekeçilik işiniň esaslarynyň öwredilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzda umumy orta bilimiň möhletiniň 12 ýyla çenli uzaldylmagynyň iki sany möhüm wezipäniň çözülmegine, ýagny mekdepde okaýan döwründe ýaşlaryň hünäre gönükdirilmegi üýtgeýän şertlere we döwrüň bildirýän täze talaplaryna çalt uýgunlaşmagyna, şeýle hem häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanmak başarnyklarynyň ösmegine mümkinçilik berýändigini bellemek zerurdyr.

Her ýyl orta mekdepleri tamamlaýan ýaşlara hünär bilimini bermek, olary iş bilen üpjün etmek wajyp meseleleriň biridir. Şunda ýaşlar telekeçiligi ýurdumyzyň ýaş raýatlaryny iş bilen üpjün etmegiň bir ugry hökmünde çykyş etmek bilen, häzirki döwürde ýurdumyzda olaryň telekeçilik işi bilen meşgullanmagy üçin zerur şertler döredilýär. Hususan-da, ýurdumyzyň orta okuw mekdeplerinde telekeçilik işiniň esaslarynyň öwredilmegi, ýaşlaryň öz hususy işlerini guramaklary üçin zerur bolan ýörite bilimleri mekdepde okaýan döwründe almaklary üçin şertleriň döredilmegi baradaky hormatly Prezidentimiziň yzygiderli berýän tabşyryklary we olar boýunça durmuşa geçirilýän anyk işler munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň durnukly geljegini ylym-bilimde görýän hormatly Prezidentimize alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!



Maýagözel BABAÝEWA, ,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.



«Türkmenistan» gazeti, № 286 (29552), 14.11.2019ý.