8-nji maýda Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.
Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu döwrebap lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär. Munuň özi halkyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek tassyklaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudagyň infrastrukturasyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, amaly lukmançylyk boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýaly wezipeler Diýarymyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy esasynda Türkmenistan ilatyň saglygyny goramak we berkitmek babatda örän uly üstünlikleri gazanyp, dünýä jemgyýetçiliginiň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň hem-de onuň iri düzümleriniň — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG), Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) giň goldawyna mynasyp boldy. Ýurdumyz bu guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Döwrebap lukmançylyk merkezlerinde halkara ölçeglere laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň köp görnüşleri hödürlenilýär. Bu merkezlerde ornaşdyrylan öňdebaryjy enjamlar hem bar bolan keselleri irki döwürlerde anyklamaga, iň täsirli bejeriş çärelerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu işde Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa gollanma bolup hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Gaznanyň bank hasaplaryna raýatlardan hem-de edara görnüşli taraplardan pul serişdeleri yzygiderli gelip gowuşýar. Bu serişdeler howandarlyga mätäç çagalara tölegli lukmançylyk, bilim hyzmatlaryny bermäge, olaryň gowy dynç almaklary üçin mümkinçilikleri döretmäge, beýleki degişli zerurlyklary kanagatlandyrmaga gönükdirilýär. 2021-nji ýylyň tomsunda ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze “Tiz kömek” awtoulaglary, Mary welaýat çagalar hassahanasyna “Savina” kysymly emeli dem beriş enjamy sowgat berildi. Şu ýylyň aprelinde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine iki sany “Dialog+” kysymly emeli böwrek enjamy-da sowgat hökmünde gowşuryldy.
Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek üçin serişdeleriň bölünip berilmegi, bejergi çykdajylarynyň tölenilmegi, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän, bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin degişli lukmançylyk enjamlarynyň satyn alynmagy asylly däbe öwrüldi. Ynsanperwerlik kömeginiň diňe bir Türkmenistanyň çagalaryna däl, eýsem, köp sanly dostlukly döwletleriň çylşyrymly durmuş ýagdaýynda galan çagalaryna-da berilýändigini bellemek gerek.
Germaniýanyň meşhur kompaniýasynyň döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň hassahanasyna sowgat berilmegi mynasybetli şu günki geçirilen dabara gatnaşyjylar, şol sanda çagalar we olaryň ene-atalary, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmekleri, saglyklaryny berkitmekleri ugrunda döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»