Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy raýatlarymyza pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tölemek ulgamyny kämilleşdirmek we öňdebaryjy halkara derejesinde guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda çykaran “Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyny döretmek hakynda” 11 991-nji belgili karary bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýanynda döredildi we 2012-nji ýylyň 1-nji fewralyndan işe girizildi.

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy Türkmenistanda döwlet pensiýa üpjünçiligini we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny maliýe taýdan dolandyrýan döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar.Halkymyzyň mynasyp durmuş goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, 2012-nji ýylyň 31-nji martynda «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda Kodeksi kabul edildi. Bu kanunçylyk namalaryň kabul edilmegi bilen 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurdymyzda halkara derejesinde oňyn usul diýlip ykrar edilen şertli-toplaýyş pensiýa usuly girizildi. Bu usul durmuş üpjünçiliginiň täzeçe çemeleşmelerini özünde jemleýän, häzirki zaman pensiýa ulgamy hasaplanylýar. Onuň esasy ýörelgesi pensiýa ulgamynda adamlaryň her biriniň goşandynyň atly hasabyny alyp barmakdan ybaratdyr.


Pensiýalaryň görnüşleri


Döwlet kömek pullary


Pul sylaglary


Gerekli resminamalaryň sanawy