Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 8-nji aprelindäki Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň binýadynda döredildi.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Türkmenistanda zähmet gatnaşyklary, zähmeti guramak, zähmete hak tölemek, iş bilen üpjünçilik, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän merkezi döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar.

Ministrlik öz üstüne ýüklenen wezipelerine laýyklykda zähmet gatnaşyklary we zähmet şertleri babatda döwlet dolandyryşyny we gözegçiligini amala aşyrýar, guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan edaralarda, kärhanalarda we guramalarda zähmet gatnaşyklary we zähmet şertleri, zähmete hak tölemek babatda kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýär, ilatyň düzümini, zähmet gorunyň ulanylyşyny öwrenýär we iş üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirýär, edaralarda, kärhanalarda, guramalarda bar bolan boş iş orunlaryny seljerýär we işçi güýji bilen üpjün etmek barada çäreleri işläp düzýär, pensiýa ätiýaçlandyrmasy, şeýle hem pensiýa üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak babatda işleri geçirýär, pensiýa we döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş üpjünçiligine degişli tölegleriň kanuna laýyk tölenişini kämilleşdirmek boýunça çäreleri işläp düzýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan parahatsöýüjilikli, adamzadyň abadançylygyna gönükdirilen syýasatyna laýyklykda işjeň ösdürilýän giň halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly edaralary bolan Halkara zähmet guramasy, Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy we beýleki edaralary hem-de düzüm birlikleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär.

Türkmenistan Halkara zähmet guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde bu Guramanyň binýatlyk konwensiýalarynyň ählisine goşuldy.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň merkezi edarasy 5 sany müdirlikden we 6 sany bölümden ybarat bolup, onuň düzüminde welaýatlarda we Aşgabat şäherinde hem-de etraplarda, etrap hukukly şäherlerde zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary, welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde Gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän edaralary, şeýle hem Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy hereket edýär.


Yza

Şeýle hem okaň