Türkmenistanyň Prezidentiniň 2002-nji ýylyň 12-nji awgustynda çykaran PP-3692 belgili Permany
Altmyş iki ýaşy dolan Türkmenistanyň
raýatlaryna durmuş taýdan ýardam bermegiň şu görnüşlerini girizmeli:
a) eýeçiligiň ähli görnuşlerindäki
kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işleýänlere bir aýlyk wezipe iş haky
(zähmete görä tapawutlanýan iş haky) möçberde pul sowgadyny gowşurmaly hem-de
ortaça aýlyk iş hakyny tölemek bilen, hak tölenilýän üç günlük goşmaça
zähmet rugsadyny bermeli;
b) pensionerlere we maýyplyk hem-de
ekleyjisiz galmagy boýunça döwlet hemaýat puluny alýanlara (özi üçin hemaýat
puluny alýanlara) pensiýanyň (hemaýat pulunyň) möçberinde pul sowgadyny
gowşurmaly.
ç) pul sowgadyny we üç günlük tölegli
goşmaça zähmet rugsadyny:
býujetden maliýeleşdirilýän edaralarda
işleýän raýatlara - Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna;
hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalarda we
guramalarda işleýän raýatlara - şol kärhanalaryň we guramalaryň öz
serişdeleriniň hasabyna;
pensionerlere we maýyplyk hem-de
ekleýjisiz galmagy boýunça döwlet hemaýat puluny alýanlara (özi üçin hemaýat puluny
alýanlara) - Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna bermeli.
d) bir gezeklik pul sowgadyna şahsy adamlardan girdeji üçin alynýan salgyt salynmaly däl we şol puldan döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy üçin pul geçirilmeli däl.