Ýazuw we okuw esbaplaryny almak üçin birwagtlaýyn pul kömegi

                                                                                           
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 51-nji maddasyna laýyklykda

Ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara ýazuw we okuw esbaplaryny almak üçin Türkmenistanyň döwlet býujetiniň hasabyna birwagtlaýyn pul kömegi tölenilýär. Muňa döwletiň doly üpjünçiliginde bolýan ýetim çagalar we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar degişli däldir.

Birwagtlaýyn pul kömegi her ýylda okuw ýylynyň başlanmagyna bir aý galanda Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan bellenilen tertipde şu şertlerde we möçberlerde tölenilýär:

1) umumy bilim berýän orta mekdeplerinde okaýan ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara - Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň* möçberinde;

2) başlangyç, orta we ýokary hünär okuw edaralarynda okaýan ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara - Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň iki essesi möçberinde.


*: Türkmenistan boýunça iň pes zähmet haky 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 1280 manat möçberde bellenildi.