Zähmet şertleriniň zyýanlylygynyň we (ýa-da) agyrlygynyň derejesine baglylykda ýaşy boýunça pensiýa üçin şu Kodeksde bellenilen pensiýa çykmaly ýaşynyň 6-dan 10 ýyla çenli kemeldilmegi bilen, doly iş gününiň dowamynda zähmetiň aýratyn şertlerinde işlän adamlaryň, şol sanda:
a) iş döwri 25 ýyldan az bolmadyk, şol sanda görkezilen işlerde azyndan 10 ýyl işlän we şol döwürlerde degişlilikde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan erkek adamlaryň;
b) iş döwri 20 ýyldan az bolmadyk, şol sanda görkezilen işlerde azyndan 7 ýyl 6 aý işlän we şol döwürlerde degişlilikde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan aýal maşgalalaryň hünär pensiýasyna hukugy bardyr.