Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahaty geçirildi

15-nji sentýabrda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahaty geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Asylly däbe görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän ählihalk baýramçylygy mynasybetli guralýan foruma dünýäniň dürli döwletlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agzalary, şeýle-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinden birleşigiň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň dowamynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi we döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynda DTYB-niň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Ynsanperwerligiň sarpasy» atly nyşanyň täze nusgasy tassyklandy.

DTYB-niň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, guramanyň agzalaryny, şol sanda daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň birnäçe wekillerini «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.


Yza

Şeýle hem okaň