20-nji sentýabrda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň şu ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäginde durmuş taýdan gorag boýunça hünärmenler üçin guralan okuw tapgyrlary tamamlandy.
Okuwlaryň esasy maksady durmuş taýdan gorag boýunça tälimçileriň, şeýle hem häzir şu ugurda tejribe toplap, geljekde mugallym bolmaly hünärmenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Sessiýalara Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, durmuş taýdan gorag boýunça hünärmenler, okuw mekdepleriň «Sosial iş» maksatnamasy boýunça ders berjek mugallymlary gatnaşdylar.
Okuwlaryň dowamynda durmuş taýdan gorag hünärmenleri üçin okuwy taýýarlamagyň aýratynlyklary, bu ugurdaky maksatnamalary öwretmek usullary ara alnyp maslahatlaşyldy.