Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy diýip, TDH habar berýär. 

Dostlukly ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de köptaraply döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde Russiýa Federasiýasy bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýändigi nygtaldy.


Yza

Şeýle hem okaň