Türkmenistanyň jemgyýetçilik we zähmet pudagynyň döwlet edaralarynyň wekilleri GDA-nyň jemgyýetçilik hyzmatlaryny ösdürmek boýunça, şol sanda maýyplaryň saglygyny dikeltmek boýunça onlaýn ýagdaýda geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdylar diýlip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.
Maslahatda GDA ýurtlarynyň jemgyýetçilik hyzmatlary ulgamlarynda täze usullar we çemeleşmeler, maýyplaryň saglygyny dikeltmek we olaryň hukuklaryny goramak meseleleri, şeýle hem Arkalaşygyň döwletlerinde jemgyýetçilik hyzmatlary ulgamynyň ösüşindäki möhüm meseleler, ilata durmuş hyzmatlaryny bermegiň innowasion çemeleşmeleri, jemgyýetçilik hyzmatlaryny bermekde döreýän içki kynçylyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Onlaýn maslahatyň ahyrynda jemgyýetçilik hyzmatlaryny ösdürmek boýunça Kararnama kabul edildi.