Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyna ýüzlenip, ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlady diýip, TDH habar berýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň öňde goýan ägirt uly wezipelerimiziň baş maksady Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr» – diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Arkadagly Serdarymyz halkymyza berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Yza

Şeýle hem okaň