Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi

27-nji sentýabrda türkmenistanlylar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny bellediler. Asylly däbe görä, milli senenamamyzyň şanly senesiniň hormatyna esasy dabaralar Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Dabaraly harby ýörişiň dowamynda Watanymyzyň goranmak kuwwaty, türkmen esgerleriniň – Watan goragçylarynyň ýokary usatlygy we taýýarlygy şöhlelendirildi.

Soňra zähmetkeşleriň, talyp ýaşlaryň we çagalaryň müňlerçesiniň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly ýöriş Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk şanly senesiniň ajaýyp üstünlikler bilen garşylanandygyny we täze zähmet ýeňişlerini gazanmak arkaly geljekki üstünlikleriň ygtybarly binýadynyň goýlandygyny görkezdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň hormatyna baýramçylyk dabaralary köpöwüşginli feýerwerk bilen tamamlandy.


Yza

Şeýle hem okaň