Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Büzmeýin etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara-binasynda, sagat 09.00-12.00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändiklerini habar berýär!

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

 

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:

Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara-binasy

 

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

 

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi

müdirliginiň ilatyň bilen üpjünçiligi bölümi   tel: 92-14-56

Bagtyýarlyk etraby   tel: 37-46-68

Berkararlyk etraby   tel: 37-46-67

Büzmeýin etraby   tel: 33-07-39

Köpetdag etraby   tel: 92-71-70

Aşgabat şäher komiteti S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy   tel: 22-74-07

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň