Iş maslahatynda obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän işleriň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy

3-nji oktýabr hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän çäreler, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.

Iş maslahatyna gatnaşanlar şu ýylyň 23-nji sentýabrynda 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, döwlet tabşyrygy esasynda kabul edilýän bugdaýyň, pagtanyň we gant şugundyrynyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepegi, saruny, künjarany we şugundyr lötüni, degişlilikde, önüm öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satmak hakynda Karara gol çekendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ähli daýhanlarynyň we önüm öndürijileriniň adyndan hoşallyk sözlerini aýtdylar.


Yza

Şeýle hem okaň