Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji bolup, maýyp çagalary we ululary öwrenmek, olaryň saglyk, bilim babatdaky ýagdaýlary we zerurlyklary barada täze maglumatlary öz içine alýan gözlegi geçirdi diýip, ÝUNISEF-iň ýurtlar boýunça ofisine salgylanmak bilen «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.
Bu pikir soraşma bütin ýurduň çäginde, şol sanda şäherler we oba ýerleri boýunça geçirilip, maýyplyk üçin döwlet kömegini ýa-da maýyplyk pensiýasyny alýan 4,352 sany hojalygy öz içine aldy. Oňa gatnaşyjy obýektler Türkmenistanyň Zähmet we ilatyň durmuş taýdan goraglylygy ministrligi tarapyndan berilýän durmuş gorag ýeňilliklerini alýan adamlaryň administratiw maglumatlar gorundan alyndy.