Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady we şol ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde (RF) geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem geldiler.

GDA-nyň Sankt-Peterburgda geçirilen resmi däl sammiti Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi hem-de duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga meýillidigini tassyklady.


Yza

Şeýle hem okaň