Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň we esenguly etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri boş iş orunlarynyň ýerli ilata hödürleniş çäresini geçirerler diýip, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi habar berýär.
Çäre 24-nji oktýabrda Serdar şäheriniň Ý.Geldimämmedow köçesiniň 18-nji jaýynda ýerleşýän Serdar şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde, sagat 09:00-dan 11:00-a çenli, şeýle hem Esenguly etrabynyň D.Balgyzyl köçesiniň 345-nji jaýynda ýerleşýän Esenguly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.
Bu çärelere gatnaşmak isleýän raýatlaryň ýanynda şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bolmalydyr.
Serdar şäheri üçin telefon belgileri: +99324653772, +99324652522.
Esenguly etraby üçin telefon belgileri: +99324532078, +99324532078.