Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, TDH habar berýär. 

Iş maslahatynyň dowamynda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.


Yza

Şeýle hem okaň